Şadyýan estafeta bäsleşigi

16 Ýanwar 2024
356

Sarahs etrabyndaky 26-njy orta mekdepde “Biz Oguzhan nesli” ady bilen şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşly okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.

Ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak we sporta höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde okuwçy ýaşlar päsgelçiliklerden ylgap geçmek, toply ylgamak boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Gyzykly geçen bäsleşikde etrapdaky 27-nji orta mekdebiň topary birinji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňiji toparlaryna hormat hatlary gowşuryldy.

Şatlyk DURDYÝEW,
Sarahs etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy.