NBA-da ilkinji gezek geçirilen «möwsümiçi» (in-season) ýaryşynda «Los Anjeles Leýkers» topary çempion boldy. Las Wegasda geçirilen final duşuşygynda «Los Anjeles Leýkers» topary «Indiana Peýsers» toparyndan 123:109 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda Antoni Dewis 41 utuk 20 ribaund görkezijiler bilen çykyş edip, esasan hem, 4-nji çärýekde toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy.
Super ýyldyz LeBron Jeýms duşuşygy 24 utuk, 11 ribaund bilen tamamlady. 38 ýaşyndaky oýunçy ýaryşyň iň gymmatly oýunçysy diýlip saýlandy. Şeýle-de, duşuşykda «Los Anjeles Leýkersden» Ostin Riwes 28 utuk, D’Anjelo Rassell 13 utuk, «Indiana Peýsersden» bolsa Taýris Halibörton 20 utuk, Benedikt Maturin 20, Aaron Nesmit 15, Obi Toppin 13 utuk geçirdi.