"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunda bu pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlary, halkara guramalar, öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işjeň syýasaty durmuşa geçirýär. Bu babatda Türkiýe Respublikasyna aýratyn orun degişlidir.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň “Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi” transmilli hödürnama toplumynyň iş toparynyň wekilleri we milli utgaşdyryjylary, ÝUNESKO-nyň, Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiň (IKOMOS), Ýaponiýanyň Teýkýo uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň London uniwersitet kollejiniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Beýik Ýüpek ýolunyň gadymyýetde Gündogar we Günbatar ýurtlaryny baglanyşdyran hem-de häzirki Türkmenistanyň çäginden geçen deňi-taýy bolmadyk yklymara geçelge bolandygy aýratyn bellenildi. Munuň şeýledigi gadymy, orta asyr alymlarynyň ylmy işlerinde hem tassyklanylýar. Saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärlikler, türkmen we daşary ýurt alymlary tarapyndan toplanan baý arheologik tapyndylar hem muňa güwä geçýär. Bu maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly düýpli eseriniň ylmy binýady bolup hyzmat etdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwh

«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Uzak ýyllaryň dowamynda bu abraýly halkara guramanyň agentlikleri hem-de düzümleýin edaralary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek we utgaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermegi esasynda şu ýylyň martynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeş däp bolan dialogy giňeltmäge gönükdirilen täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunda bu pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlary, halkara guramalar, öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işjeň syýasaty durmuşa geçirýär. Bu babatda Türkiýe Respublikasyna aýratyn orun degişlidir.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň “Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi” transmilli hödürnama toplumynyň iş toparynyň wekilleri we milli utgaşdyryjylary, ÝUNESKO-nyň, Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiň (IKOMOS), Ýaponiýanyň Teýkýo uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň London uniwersitet kollejiniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Beýik Ýüpek ýolunyň gadymyýetde Gündogar we Günbatar ýurtlaryny baglanyşdyran hem-de häzirki Türkmenistanyň çäginden geçen deňi-taýy bolmadyk yklymara geçelge bolandygy aýratyn bellenildi. Munuň şeýledigi gadymy, orta asyr alymlarynyň ylmy işlerinde hem tassyklanylýar. Saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärlikler, türkmen we daşary ýurt alymlary tarapyndan toplanan baý arheologik tapyndylar hem muňa güwä geçýär. Bu maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly düýpli eseriniň ylmy binýady bolup hyzmat etdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwh

Halkara medeni dialogy işjeňleşdirjek gymmatly eser

Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyza sowgat eden «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerime eýe bolýar. Iki dilde neşir edilen täze kitabyň halklaryň arasynda medeni dialogy işjeňleşdirmek babatda hem ähmiýetli boljakdygy şübhesizdir. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabarada çykyş eden daşary ýurtlaryň ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalarynyň käbiriniň ýolbaşçylary şeýle diýýärler: Ahmet DEMIROK,Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:

Türkmenistan — Türkiýe: hoşniýetli gatnaşyklar ilerledilýär

Türkmen we türk halklaryny taryhy kökler, medeni, ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar. Bu bolsa açyklyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. 4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etmegi munuň nobatdaky mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýän daşary syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýüzýyllyklara uzaýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy hem munuň aýdyň güwäsidir. Özara düşünişmek, ynanyşmak we pugta dost-doganlyk iki halkyň ýeten belent sepgitleri bolmak bilen, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly giňişligi emele getirýär.

Türkmenistan — Özbegistan: dostluk, ynanyşmak, netijelilik

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar açyklygy, özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigine 5-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlik aýdyň şaýatlyk edýär. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli alnyp barylýandygyna üns çekildi. Şeýle-de söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan birnäçe ýyllaryň dowamynda Özbegistan Respublikasyna tebigy gazy iberýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle-de bu ugurda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçiliklerine üns çekildi.

Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Ykdysady kuwwaty boýunça dünýä döwletleriniň «Uly ýigrimiligine» (G20), jemi içerki önüminiň göwrümi babatda öňdebaryjy onluga girýän Türkiýe ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşydyr. 4—6-njy dekabr aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi, şeýle hem onuň çäklerinde guralan Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gazananlary bilen tanyşmaga we tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi. Sergide uzak ýyllardan bäri ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalaryň alyp barýan işleri, şeýle hem halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmekde peýdalanylyp bilinjek çemeleşmeler baradaky taýýarlan ýazgymyzy okyjylara hödürleýäris. Elektron enjamlaryny we hojalyk tehnikalaryny öndürmekde baý tejribe

Milli gymmatlyklaryň goragynda

Düýn — 6-njy dekabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda sebitleýin duşuşyk geçirildi. Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi boýunça üçünji sebitleýin maslahatyna Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlardan bilermenleriniň birnäçesi gatnaşdy. Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bilermenleriň çykyşlary diňlenildi.

Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat we onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralan çäreleriň üstüni ýetirdi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde milli bilim ulgamynyň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýandygyny, orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini bellemek gerek. Sanly ulgamy ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzda mekdebe çenli bilim edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň öňdebaryjy usullary we tejribeleri ornaşdyrylýar.

Türkiýe we Türkmenistan täze ýol kartasyny tassyklamagy we söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär

Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolat žurnalistlere beren interwýusynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň ýakyn ýyllarda özara söwda dolanyşygynyň mukdaryny iki esse artdyrmak üçin öz öňlerinde uly maksat goýandyklaryny aýtdy. O.Bolat 70-den gowrak türk kompaniýasynyň önümleri görkezilişe çykarylan Aşgabatdaky Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisinde özara söwda dolanyşygynyň häzirki mukdarynyň ýeterlik däldigini we ýurtlaryň ýyllyk 5 milliard dollarlyk sepgidi nazarlaýandyklaryny nygtady. — Iki doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň garaýyşlaryna laýyklykda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrarys. Özara söwda dolanyşygynda ýyllyk 2,5 milliard amerikan dollar ýeterlik däl. Orta möhletde söwda dolanyşygynyň ýyllyk mukdaryny 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýäris. Geljek ýylyň fewral-mart aýlarynda Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça täze ýol kartasy kabul ediler – diýip, ministr belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Prezidentine şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny aýtdy.

Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat we onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralan çäreleriň üstüni ýetirdi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde milli bilim ulgamynyň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýandygyny, orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini bellemek gerek. Sanly ulgamy ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzda mekdebe çenli bilim edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň öňdebaryjy usullary we tejribeleri ornaşdyrylýar.

Bitewülik berekedi

Gahryman Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary barada söhbet Mukaddes Käbä zyýarat

Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary

Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň abraýly bilim we ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly tagalla edýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň geçýän günlerinde Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ýokary bilimiň döwlet býujet bilim edarasy bolan Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegini hem görkezmek bolar. Resminamada halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünäri kämilleşdiriş we gaýtadan hünär taýýarlygy okuwlarynda okatmak ýaly möhüm ugurlar öz beýanyny tapdy. Ylalaşygyň çäklerinde, 18 — 26-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda russiýaly kärdeşlerimiziň alyp barmagynda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary guraldy.

Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Öňňin Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi düýn öz işini dowam etdi. Türk kompaniýalarynyň 70-den gowragynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini bir meýdança jemlän serginiň ikinji gününde täze önümleriň, döwrebap tehnologiýalaryň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi. Biz hem serginiň çäklerinde türkiýeli işewürleriň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri barada beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Adem TAÝFUN,«Hilal Alüminyum» kompaniýasynyň marketing boýunça dolandyryjysy:

Alyslara uzaýan menziller

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň dostluk ýollarynyň geriminiň has giňelmegine şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň 29-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Wengriýanyň paýtagtynda geçirilen 16-njy mejlisine, şeýle-de BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmagy-da taryhy kökleri asyrlaryň aňyrsyna uzaýan gatnaşyklarda täze sahypa boldy. Kökleri bir halklaryň halkara guramasynyň ýoly öz gözbaşyny 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabryndan alyp gaýdýar. Şol taryhy senede, Türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Nahiçewanda geçirilen sammitinde döredilen gurama Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan hemişelik agza, Wengriýa bolsa synçy derejesinde goşuldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bolsa bu gurama 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda synçy hökmünde kabul edildi. Bu guramanyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 12-nji martynda paýtagtymyzda geçirilmegi hem Türkmenistanyň TDG bilen gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet

Dünýä dilleri öwrenilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde bilim ulgamynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagynda hem-de hünär öwrenmeginde ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. 5-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Bu maslahat öz işini bölümleriň bäşisinde dowam edýär.

Şöhrat-şany älem içre aýlanar

Dünýäde inkär edip bolmaýan hakykat bar. Ol günüň-günden, aýyň-aýdan parhly bolup, her bir geçýän günüň halkyň hakydasynda, ýurduň taryhynda öz öçmejek yzyny goýýanlygydyr. Ata-babalarymyzyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda eşretli günleriň hözirini görýän mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän daşary we içeri syýasatyny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar edýändiginiň şaýady bolýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň döwrebap öwüşginler bilen dikeldilýändigi uly buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Keremli türkmen topragynyň gadymyýetiň ýaňy bolan taryhy ýadygärliklere baýdygy üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi bilen medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ösen merkezi bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Muny Türkmenistanyň çäginde türkmen halkynyň şöhratly taryhyny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň iki müňe golaýynyň ýerleşýändigi hem subut edýär.