Wagyz-nesihat duşuşygy
Golaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumy bilen bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ak ýollarymyzyň abatlygy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işler uly buýsanç bilen bellenildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri Abadan Berdiýewa, Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Juma Pygyýew dagy çykyş edip, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmelidigini, munuň saglyk hakyndaky aladanyň möhüm bölegidigini nygtady. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Hanaly Baýramowyň, Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Parahat Kakajaýewiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Baýmyrat Döwletgeldiýewiň täsirli söhbeti bu ýerde edilen çykyşlaryň üstüni ýetirdi.