Döwletli maslahat: nurana geljegiň hatyrasyna beýik tutumlar
Türkmen halky üçin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabry taryhy gün bolar. Çünki şol gün mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda, Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi eziz Watanymyzyň, agzybir halkymyzyň geljekki ösüş ýoluny kesgitleýän täze tutumlara badalga berdi, ildeşlerimiziň kalbyny täze döredijilik ylhamy bilen bezedi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipelerine garaldy. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň maksatnamalaýyn çyk