Hünär baýramynyň şanyna

17 Fewral 2022
858

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu hünär baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, şu güni we geljegi» ady bilen aýdym-sazly maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan guraldy.

Dabara gatnaşanlar baýramçylyk maslahaty bilen ugurdaş bilim ojagynyň binasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan guralan sergini synladylar.

Aýmaral IŞANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň  talyby.
Beýleki habarlar