Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi

17 Fewral 2022
1283

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň açylanyna 10 ýyldan gowrak wagt boldy. Bu bilim ojagynda döwrüň ähli amatlyklaryndan peýdalanyp, okamaga we işlemäge mümkinçilikler döredilýär.

Institutda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Okuwa maglumat aragatnaşyk tehnologiýasyny, daş aralykdan tehnologiýanyň kömegi arkaly bilim bermegi ornaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Institutda bitewi maglumat tory döredildi. Şoňa laýyklykda, «TDIM HGI» atly sanly bilim portaly hereket edýär. Ol yzygiderli video we audio ýazgylar bilen baýlaşdyrylýar. Portalyň kömegi arkaly mugallym bilen talybyň arasynda dürli ýumuşlary geçirmek mümkinçiligi döredildi. Institutyň portaly birnäçe bölümden ybarat bolup, (hereket edýän fakultetler, kafedralar), gurnaklar, sport toplumy, kitaphana olaryň esasyny düzýär.

Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar