Mähir akabasy

29 Oktýabr 2021
3012

Enäniň ýüreginiň älem ýaly giň, umman ýaly çuňlugyna Zemindäki ähli mähremligiň eziz enelerde jemlenendigine Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okanyňda ýene-de bir gezek göz ýetirýärsiň. Aslynda, ene barada oýlananyňda, her bir adamda, aýratynam, gyz çagada öz enesinden geçen häsiýetleriň gaýtalanýandygyny görýärsiň. Enäniň perzendini ezizleýşiniň, söýüp-söýgüleýşiniň hiç zat bilen ölçäp bolmajak derejede ýokarydygyny beýan edýän mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri bize hemişe ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Kitapdaky aňyňa, suňňüňe ornaýan jümleler özüniň täsirliligi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem, wagtal-wagtal käbämiň nurly keşbi göz öňümde janlanyberende bu eseri elime alanymy hem duýman galýaryn. Sebäbi kitapda beýan edilýän enäniň perzende garaýşy baradaky wakalar süňňüňi bogun-bogun söküberýär.

Hormatly Prezidentimiziň ene baradaky bu kitabynda öz mähriban ejesi hakynda: «Uýalarym babatda ol talapkärdi, ýöne bu diňe gyz perzendiniň edep-terbiýesi bilen baglanyşyklydy. Okuwdan ýa-da işden gelýän gyzlaryndan gününiň nähili geçendigini sorap, olara mähir bilen serederdi. Käteler bolsa bile oturyp, iňňän gyzykly söhbet ederdi» diýýär. Ýadymda galan şu jümleler gyz perzendiň enäni gaýtalamasynyň, durmuşyň ýazylmadyk kanunlarynyň biridigine düşünýärsiň. Şu pursat uzaklarda galan ejeli günlerime dolaýar.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
žurnalist.