Mugallym ykbally ynsan

7 Iýun 2021
2162

— Ussat mugallymlar öz okuwçylarynyň ykbalynda ýaşaýar. Okuwçylygam çagalykdan başlanýar. Çaga özünden ula öýkünegen bolýar. Bu öýkünjeňlik tebigatyň ynsan nesliniň dowam bolmagyny üpjün edýän gudraty mysalydyr. Çaga seniň hereketiňi gaýtalar. Yzyňa düşer. Sowal berer. Tutuş durky-düýrmegi bilen öwrenjekdendir. Çaga edil ak kagyz ýaly bir zat. Onuň ýüzünde gowy ýazgylary galdyrmak ilki ene-atanyň, soňra mugallymyň borjy. Mugallymyň hyzmaty has-da zerur, sözüň doly manysynda ol çaga üçin görelde mekdebi bolmaly — diýip, Omar mugallym gürrüň berýär.

Ýarym asyrdan gowrak biregne mugallym bolup işlän, mugallym bolup ýaşan Omar Orazmuhammedowyň ýanynda ençe ýyldan soň özümi ýene okuwçy ýaly duýdum. Bir göwnüme, türkmen gojasynyň maslahatyny diňleýän ýaly bolsam, bir göwnüme mugallymlaryň ählisi meňzeş bolsa gerek diýýän. Häzir Omar mugallym ýigrimi ýyl mundan öň maňa «A» harpyny öwreden mugallymyň agynjak özüdi.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».