Maşgala — mukaddes ojak

4 Iýun 2021
2184

Gyzy Bägüliň ýatymlaýyn myhmançylyga geljegini eşiden Bossan ene muňa diýseň begendi. Gelni bilen maslahatlaşyp, onuň gowy görýän tagamlaryny taýýarlamagyň ugruna çykdy. Aşhana kendirik ýazyp, ululy-kiçili aştagtalary, oklawlary, elekdir duzgaby alyşdyrdy. Öýmesini başyna orap, öňlügini pugta guşanyp, hamyr ýugurmaga duran Bibigözele gaýta-gaýta: «Gyzym, hamyryň başyny gatyja tutgun. Ýogsam gutaplar ýaga bişirilende ýarylagan bolýandyr. Gaýynekejiň bolsa içi çorbalyja gutaby halaýandyr» diýdi. Sözüni tamamlap-tamamlamanka, gapynyň jyňňyrdysyny eşidip, ýerinden galdy. Bibigözelem ätiýajy elden bermän, çyzgan ýeňini aşak goýberdi-de, başyndaky öýmesini çözüp, onuň bir ujuny ýaşmak edindi. Gapydan ýylgyryp giren gaýynekejisini görübem rahatlandy. Soňam: «Senmi gyz, bu? Atamyz geläýdimikä diýip, ber-başagaý bolup durun. Geleweri-de-geçeweri. Tüweleme, Daýanç janam mama geldimi? Hany, balajyk, salamlaşaly!» diýip, olary mähir bilen garşylady.

Bägül Bibigözeliň eginlerine kakyp, salamyny aldy. Ejesini bagryna basyp durşuna, gelne öz hoşallygyny bildirip ýetişdi: «Gelendiris gyz, özem kakamyzdan rugsatly geldik. Nesip bolsa, Nepes janyň doglan gününem geçirip, birigün gideris» diýdi. Birsalym soraşyp-ideşenlerinden soň, günortanlygyň ugruna çykyldy. Biş-düşe höwesli Bägül öňki edähedine görä gatyja hamyr ýugrup, käbesini begendirmek isledimi ýa-da uzakly gün hysyrdanypjyk ýören gelne biraz ýazylganlyk beresi geldimi, hamyr ýugurmaga döwtalap boldy. Hamyrjama laýyklap, bir nanlyk duz atyp, bir ýumurtga çakdy. Üstüne biraz suw guýup, mazaly bulady. Birdenem bir zat ýadyndan çykan ýaly, gelne ýüzlendi: «Bibim, ýagdanam ýarym käsejik alsana» diýdi. Ýüzüne sowally bakan ejesine seredibem: «Käbäm, gaýynym gutap bişirende, «ýumşak bolýar» diýip, elmydama ýartyja käse ösümlik ýagyny goşýar» diýibem, gelniň äberen ýagyny hamyrjamdaky duzly suwa garyp goýberdi. Bossan ene: «Ýaga bişiriljek gutaba ýag goşulyşyny biz-ä sizden eşidýäs, gyz» diýip, kendirikden goşawuçlap un alyp oturan gyzynyň ýüzüne seretdi. «Eje, gatlama hem ýaga bişirilýär-ä, neneňsi ýumşak bolýar. Özem näçe ýuka ýaýyp, ýagyny ýetirseň, şonçada gatlak-gatlak bolup durýandyr. Ýag hemme zady ýumşadýar ahbetin! Ynha, iýip göreniňizde bilersiňiz» diýdi. Aýdyşy ýaly-da boldy. Sajyň başyndan aýrylman, gutaplary ýeke-ýekeden daglap duran Bägül göýä aýdan sözleriniň çaltrak tassyklanmagyna gyssanýan ýaly bolup, ilkinjije bişiren gutaplaryny ejesidir agtyklarynyň öňünde goýdy. Bossan ejäniň: «Gyssanma gyzym, hemmämiz bileje iýeris» diýmesine-de gulak asmady. Gaýtam gelne hem hödür-mürähet etdi: «Bibigözel jan, senem işgärleriňi işli-işine ugratjak bolup, idili ertirligem edinen dälsiň. Geç, gyzgynjagy bilen iý. Kakam bilen Guwanç jana gelen wagtlary dessine atyp beräýeris» diýdi.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
žurnalist.