Maşgala ojagy mukaddesdir

1 Iýun 2021
2257

«Öý», «mesgen», «mekan», «ýurt» diýen düşünjeler manydaş ulanylýar. Bularyň esasynda-da, bu gadymy mekana biz «ene topragym» diýýäris. Ol pelsepäniň manysyny ýüpek çöşlän ýaly kelepleseň, halkymyzyň agzybirlik ýoluna alnyňy dirärsiň. Ildeşlerimiziň her biriniň göwnüne ýakyn bu ýol, elbetde, adam ykbalynyň ilkinji sallançagy bolan maşgaladan başlanýar.

Öý-ojagyň bezegi, ýylysy, mähri enedir. Ol mukaddes ojagyň oduny söndürmän saklaýan mähriban adam. Daş-töweregindäkilere ýüreginiň ýylysyny bolluk bilen paýlaýar, eçildigiçe-de şol mähriň bollugy artýar. Şol jadylaýjy mähriň nuruna ýagtylanan, ýylysyna çoýulan ömrüň manysy başgaça, hümmeti uly bolýar. Şeýle maşgalada önüp-ösen adamyň adamkärçiligi artykmaç, ýüzi ýagty, ýüregi tämizdir. Olary köpçülik arzylaýar. Olara hemme ýerde, hemişe garaşylýar. Toýda-beýlekide saý-sebäp bilen baryp bilmedik ýagdaýynda-da, olaryň ýeri gädilip durandyr. Olaryň bar ýerine sylaşyk, ylalaşyk aralaşýar. Şeýle adamlar öz maşgalasynda-da paýhasly, baran ýerine-de agzybirlik getirýändir. Il içinde ýüze sylynyp, «tüweleme» diýdirýän maşgalaly bolmagyň ilkinji şerti hem, düýp özeni hem hut şol agzybirlikdir.

Gülbahar TÄÇGULYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.