Asylly görelde (oýlanma)

30 Mart 2021
2102

Maşgalada üç aýal dogan bolup ulaldyk, men olaryň iň kiçileridim. Bu bolsa öýüň käbir işlerinden meni azat edýärdi. Ýöne ejem «sen uly, sen kiçi» diýmezdi. Öýde her kimiň öz ýerine ýetirmeli işleri bardy. Ejemiň aýratyn üns berýän zady bolsa biziň irden örüp, okuwa hemmetaraplaýyn taýýar bolmagymyzy gazanmakdy. Edep-terbiýe babatynda hiç hili gürrüň hem bolmazdy. Sebäbi biz — zenan maşgala, edebimiz, terbiýämiz, asyllylygymyz bolaýmalydy. Özi hem «Sen şeýle bol!» diýenokdy. Şu wagt pikir edip otursam, biz edepliligi, özümizi alyp barmagyň gerekli düzgünlerini, zenana mahsus aýratynlyklary ejemiziň edýän hereketlerinden nusga alyp öwrenipdiris.

Özümi «elinden dür dökülýän» hasaplaýardym. Ýöne heniz ol sözi diýmegiň juda irdigine bolsa durmuş gurup, gaýyn öýümde ýaşap başlanymdan soň aýdyň göz ýetirdim. Edep-terbiýe, medeniýetlilik – bular durmuş ýolunda çagalykdan başlap, kämillige dowam edýär ekeni. Gowy gylyk-häsiýetleri diňe bir maşgala agzalaryndan ýa-da mekdepde bilim beren mugallymlaryňdan däl-de, «Gelen gelin däl, gelen ýeri gelin» diýlişi ýaly, gaýyneneňden hem öwrenip bolýar ekeni. Ilkiler bir zatlar öwretjek bolanynda känbir göwnejaýlyk bilen kabul hem etmezdim. Sebäbi ejemiň öwredeni ýeterlik ýaly duýardym. Men arasynda «Bulary bilýärin» diýip, gaýynenemiň aýdan zatlaryna ünssüz çemeleşýärdim. Ýöne ol sesini çykarman, hereketleri bilen maňa görelde bolmagy dowam edýärdi. Çaý başynda oturanymyzda, bize öwüt-nesihatlaryny berip, zenan maşgalanyň berjaý etmeli işleri barada öz durmuşyndan mysallar getirerdi.

Oguljan MUHYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».