Jana melhem tebigat (çagalyk döwrümiň ýatlamalaryndan)

14 Fewral 2021
2220

Eger-de suratkeş bolan bolsadym, onda reňkli galamlary elim bilen herekete getirip, kyblam atamyň tomus gününiň yssysynda derman otlary ýygnaýan keşbini çekerdim...

Hemişe kakamyň gapymyzda ösüp oturan garry şatudyň saýasynda, käte-de gaýramyzdaky meýdandan ýygyp gelen buýan, narpyz, ýandak, üzärlik, düýedaban ýaly ösümlikleri guratmak üçin taýýarlap oturyşy, köplenç bolsa ulag ussaçylygyna mübtela bolup oturan keşbi hyýalymda janlanýar. Heniz 6 — 7 ýaşly oglankam, oba adamlarynyň öýmüze gelip, «Çary aga, dermanlyk otlaryňdan bir gysym-ýarym gysym berip bilmezmiň?» diýýänleri ýadyma düşýär. Ol mähir bilen ýylgyryp: «Em bolsun, iliň derdine ýaramakdan zyýat zat barmy näme?!» diýip, geleniň möhümini bitirip, derdine em boljak hemaýaty edenine ak göwünden begenerdi.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.