Otagdaky ýaşyl tebigat

4 Fewral 2021
3538

Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan güller hakynda gürrüň edilende, elbetde, otag gülleri hem göz öňümizde janlanýar. Sebäbi güýz we gyş aýlarynda - tebigatyň uka gidýän döwründe öýümizde ýaşyl tebigaty emele getirýän otag gülleri kalbymyza özboluşly ýakymly duýgyny bagyş edýär. Adam ösümliklerdir güllere ideg etmek bilen, olardan ruhlanýar, şähdi açylýar. Otag güllerini haçan we kimiň ösdürip başlandygy hakynda anyk bir zat aýtmak kyn, ýöne bu işe ilkinji bolup gözellik şeýdalary başlangyç beren bolsa gerek. Mundan başga-da, dürli geografik mesgenleriň açylmagy, ösümlik dünýäsiniň öwrenilmegi netijesinde, dürli güller medenileşdirilip, otaglarda ösdürmäge uýgunlaşdyryldy.

Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen aloe, balzamin, begoniýa, geran, limon, kaktus, hytaý bägüli, palma, fikus we beýleki güller otaglarymyzda ýaşyl gülzarlygy emele getirýärler. Otag gülleri, esasan, äpişgäniň öňünde ýerleşdirilýär. Güller öýüň howasyny arassalamak bilen birlikde, ynsan ruhuna hem oňyn täsir edýär. Otag gülleriniň, ýokarda belleýşimiz ýaly, görnüşleri köp bolup, olaryň ideg ediliş usullary hem gelip çykýan ýerlerine görä, dürli-dürlüdir. Şol sebäpden her bir otag gülüniň oňat gülläp, ösüp, boý almagyny isleseňiz, onda ilki bilen onuň nähili idedilişi hakynda maglumatlara eýe bolmaly. Özüm hem otag güllerini ösdürmek, olary köpeltmek bilen gyzyklanyp, ilki başda olaryň ideginde birnäçe düşnüksiz ýagdaýlara duş geldim. Ösümliklerde bolup geçýän dürli üýtgeşmeleriň sebäplerini gözläp başladym. Şonda otag güllerini idedýän köp sanly adamlardan dürli maslahatlary aldym. Şol maslahatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim. Bu maslahatlar gül ösdürmegi halaýanlar üçin peýdaly bolsa gerek.

Şekerjan AHMEDOWA,
«Daşoguz habarlary».