Watany beýgeldýän ýyl bolar

19 Ýanwar 2021
1769

Bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň ýoly Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda dost-doganlykdan, agzybirlikden we ynsanperwerlikden badalga alyp, ol dünýä nusgalykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda halkymyzyň her güni şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy kalbymyzy buýsanja besledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, her bir ýylyň özboluşly atlandyrylmagy öňde goýýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň dabaraly belleniljek ýylynyň şeýle atlandyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Döwletgeldi BAÝRAMGULYÝEW,
Bereket etrap çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy.