Türkmenistan ─ parahatçylyk dörediji döwlet

12 Ýanwar 2021
2291

Edil taryhdaky ýaly, häzirki döwürde-de türkmen halky parahatlyk tuguny göteren halk hökmünde tanalýar. Parahatçylygyň tarapdarydygy mundan 25 ýyl öň türkmen diplomatiýasynyň şowly, pähimli ädimleriniň biri, ýagny baky Bitaraplygyň gazanylmagynda has aýdyň görünýär. Baky Bitaraplyk türkmen halkynyň bütin dünýäde pasyrdadyp ýören Parahatlyk baýdagydyr. Şol baýdagyň saýasynda Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli meýilleri aýan etmek biziň döwlet syýasatymyzda jemlenendir» diýen sözleriniň durmuşda aýdyň şöhlelenmesidir.

«Türkmen dünýäsi».