Dost-doganlyk sazy — ýürekleriň owazy

11 Dekabr 2024
135

Türkmen halky owaldan bäri parahatçylygy, asudalygy, saz-söhbedi söýýän halk. Agzybirlige, jebislige uly hormat goýýan milletimiz elmydama goňşy halklar bilen parahatçylykly ýaşaşmagyň, özara ynamly hyzmatdaşlyk köprülerini gurmagyň ygtybarly usullaryna eýerip gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýip belleýşi ýaly, ata-babalarymyz ýurt parahatçylygyny nesillere iň uly miras hökmünde goýmak ugrunda uly tagalla edipdirler. Ine, akyldar Magtymguly Pyragynyň hyýallaryndan hakykata çenli ýol salyp gaýdan heňňamlar, bu gün bize şol arzuwly we arzyly ýyllary sowgat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Ýer ýüzünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmek hormatyna eýe bolan türkmen Bitaraplygy, hakykatdan hem, gudratdyr» diýip belleýär. Türkmen gudraty bolup dünýä dolan hemişelik Bitaraplygymyz bu gün, adamzada ýagty geljegiň, asuda, parahat durmuşyň aýdyň ýollarynyň şamçyragyna öwrüldi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Kararnama bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň iki gezek ykrar edilmegi bolsa her bir türkmeniň başyny göge ýetirdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň sebit hem-de dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirýän oňyn syýasatynyň ählumumy ykrar edilmesi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam berýändigi beýan edilen bu Kararnamada sebitiň ýurtlary hem-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň we oňyn hyzmaty bellenildi.

Ogulnur PIRJIKOWA,
«Esger».