Agzybirlik pelsepesi

11 Dekabr 2024
118

Golaýda maýor Muhammet Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminde hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýy mynasybetli, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda «Bitaraplyk syýasaty dabaralanýar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa harby bölümiň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Batyr Ataýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Aşyrberdi Aýdogdyýew, etrapdaky 5-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gaýypgeldi Sähedow dagy gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitara hyzmatdaşlyga ygrarly, hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýandygy barada aýtdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi, bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň hödürnamalary esasynda milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi barada nygtaldy. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigi barada giňden durup geçdiler hem-de türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, dünýäde döreýän kynçylykly meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde aýratyn ähmiýetli bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Atageldi ÖWEZOW,
kapitan.