Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp üstünliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz baradaky alada ýurdumyzyň öňe sürýän wajyp ýörelgeleriniň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ylym-bilim syýasatyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, maýor Muhammetmyrat Baýryýewiň müdirlik edýän TGM-niň Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde mynasyp işler amala aşyrylýar. Şol işleriň hatarynda harby okuwçylara ata-babalarymyzyň şan-şöhratly taryhy geçmişiniň hem-de şu günki ösüşlerimiziň giňden öwredilýändigini aýratyn bellemek bolar. Mundan başga-da, harby okuwçylar bilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli, türkmen halkynyň taryhy ýoluny çuňňur öwretmek maksady esasynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençleriň gurnalandygyny nygtamak mümkin. Şeýle çärelere işjeň gatnaşan harby okuwçylar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy, gazanýan üstünlikleri we taryhy bilen bagly ençeme maglumatlary öwrenip, özleriniň dünýägaraýyşlaryny artdyrdylar.