Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan şu günler Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baý mazmunly baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Tejen etrabynyň “Arzuw ýoly” toý mekanynda bolan baýramçylyk dabarasy has-da täsirli boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen birleşmesi bilen bilelikde guralan “Bitaraplyk — baky bagtymyz” atly dabara ildeşlerimiz toý şatlygy bilen gatnaşdylar.
Dabarada taryhy döwrümizde Halkara Bitaraplyk gününiň ýurdumyzda giňden bellenip geçilmeginiň uly mana eýedigi, bu gün Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha belende göterilýändigi, hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürmegi ugrundaky taýsyz tagallalarynyň rowaçlanýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi.