Belent mertebe

4 Dekabr 2024
203

Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk eziz Watanymyzyň goşa ganaty, goşa baýramy. Bu gün ümmülmez Diýarymyz, bagtyýar halkymyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamasy bilen dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda tassyklanan şanly Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny uly joşgun, zähmet üstünlikleri bilen belleýär. Dünýäniň bu abraýly halkara guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek tassyklanmagy bolsa halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy.

Geçen ýyllaryň dowamynda hemişelik Bitaraplyk syýasaty jemgyýetimiziň, halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu düşünje Esasy Kanunymyzda, Döwlet senamyzda, baýdagymyzda hemişelik orun aldy, dilimiziň senasy boldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen güni milli hem halkara baýram hökmünde kalplarymyza ornaşdy. Türkmenistan baky Bitaraplygyň mekanyna öwrüldi. Bitaraplyk syýasatynyň saýasynda halkymyz parahatçylyk tuguny buýsançly parladýar.

Gunça SEÝIDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.