«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024
Köpetdag Türkmenistanyň iň gözel daglarynyň biridir. Ýazyjylaryň eserlerinde, şahyrlaryň goşgularynda, bagşylaryň aýdymlarynda hem Köpetdagyň ajaýyp tebigaty wasp edilýär. Köpetdagyň Tejen derýasyndan Kiçi Balkan daglaryna çenli dowam edýän, ýazyna ýaşyl don, gyşyna ak gar bilen örtülen belent gaýaly, çuň jülgeli dag guşaklygy bar. Köpetdag Türkmen-Horasan dag ulgamynyň iň demirgazykdaky gerşidir. Onuň uzynlygy 500 kilometrden hem artyk bolup, meýdany 28 müň inedördül kilometrdir.