Bag — barlyk, bakylyk, bolçulyk, bagt

12 Noýabr 2024
372

Döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyjy bilen geçen şenbe gününde — 9-njy noýabrda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekiş möwsümine badalga berildi. Bu ählihalk ýowar gününde gözel paýtagtymyzda, sebitiň ilkinji «akylly» şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynyň çar künjünde ýaşajyk nahallar oturdylyp, topraga kök uran baglara ideg işleri geçirildi. Möwsümiň Hasyl toýunyň öňüsyrasynda başlanmagy edermen babadaýhanlarymyzyň hem-de zähmetsöýer, agzybir halkymyzyň kalbyny çäksiz buýsanç bilen pürepürledi.

Hemişelik Bitarap Watanymyzda her ýylyň iki, ýagny güýz, ýaz pasyllarynda agaç nahallarynyň millionlarçasyny ekmek, «ýaşyl» ykdysadyýetiň goruny baýlaşdyrmak, tebigy gurşawyň täsiri, iýmitlik, şerbetlik azyk önümleriniň esasyny düzýän dürli, datly miweler arkaly ynsan saglygyny berkitmek we ömrüni uzaltmak asylly däbe, döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda miweçilige ýöriteleşdirilen daýhan birleşikleriniň, kiçi we orta telekeçileriniň köpüsiniň ýerli hem-de toprak, howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan ştil-nahalçylyk, miweçilik bilen meşgullanmaklary, ýetişdiren hasyllaryny ýylyň islendik pasylynda ter ýagdaýda, şeýle-de olary gaplanan, gaýtadan işlenen görnüşlerde amatly bahadan halkymyza ýetirmekleri, dünýä bazaryna çykarmaklary hem bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň bir görkezijisidir. Olar hem bag ekiş möwsümlerinde miweli agaçlaryň düýp sanyny artdyrýarlar.

Kemal GUDRATULLAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.