Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe batly depginler bilen ösýän, özgerýän ýurdumyzda arassa howa gurşawyny üpjün edýän agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek, seýilgähleriň we ýaşyl zolaklaryň sanyny köpeltmek örän ähmiýetli işleriň biri bolup durýar. Döredilýän seýilgählerdir ýaşyl zolaklar diňe bir ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň sagdyn ýaşamaklary üçin hem örän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem ýurdumyzda amatly ekologiýa gurşawyny emele getirýän bagy-bossanlyklaryň döredilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
Diýarymyzda Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak, gözel tebigatymyzyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki ynsan saglygyny goramakda we ruhubelentligini ýokarlandyrmakda ekologiýa abadançylygyna uly orun degişlidir.