Grandidýerit. Käbir seýrek duş gelýän gymmat bahaly daşlaryň atlaryny ýatda saklamak kyn. Köp minerallaryň ady ony açyş edenler bilen baglylykda atlandyrylýar. Gürrüňini edýän daşymyz hem şeýle minerallaryň biri. Bu mineral ilkinji gezek 1902-nji ýylda Madagaskary öwrenen fransuz gözlegçisi we tebigaty öwreniji Alfred Grandidýer tarapyndan tapyldy. 1911-nji ýylda Jeýms Duaýt Dan daşyň beýanyny «Mineralogiýa ulgamynyň» altynjy neşirine goşdy. Käbir çeşmelere görä, grandidýeritleri diňe Madagaskarda däl, eýsem, ABŞ-dan, Täze Zelandiýadan, Norwegiýadan, Italiýadan we Şri-Lankadan hem tapyp bolýar.
Grandidýerit owadan ýaşyl, gök, mawy reňklerde bolup, trihroizm häsiýetli mineraldyr. Bu daş ak reňkde hem öwüsýär. Mineralyň näderejede seýrek duş gelýändigi aşakdaky maglumatlardan hem mälim bolsa gerek. Häzirki wagtda bary-ýogy sekiz daş hakyky grandidýer hasaplanýar. Mineral şaý-sepleriň daşy hasaplansa-da, ony şaý-seplerden tapmak mümkin däl diýen ýaly. Iň arassa ýüzli grandidýerite başda bir seýrek duş gelýän mineral, ýagny serendibit diýlip ýalňyşyldy. Hakykat ýüze çykarylandan soň, aslynda, Şri-Lankadan gelen bu daş 2000-nji ýylda Şweýsariýanyň gymmat bahaly minerallara ökde hünärmeni, professor Gübelin tarapyndan satyn alyndy.