Eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy esasynda sebitde we dünýäde ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda Hazaryň täsin ekoulgamyny, onuň tebigy görnüşlerini, baý bioköpdürlüligini gorap saklamak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hazar deňzi barada ýazylan taryhy çeşmelere esaslananymyzda, bu deňziň 70-den gowrak adyna duşmak bolýar. Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsi özüniň örän ajaýyplygy, täsinligi bilen dünýä ylmynda uly gyzyklanma döredýär. Munuň sebäbi bolsa, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aglaba görnüşleri endemikidir, ýagny bu ýerde duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň umumy görnüşleriniň 65 göterime golaýy Ýer ýüzünde diňe Hazar deňzinde duşýar. Dünýäniň iň kiçi görnüşli düwleni hem bu deňizde gabat gelýär.