Han didaryn gören suw

8 Awgust 2024
619

Adam özüniň daş-töweregini gurşap alan tebigat bilen bir bitewi göwredir. Tebigat ynsan ýaşaýşynyň düýp özenidir. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty, şol sanda Hazar deňziniň ekologik arassalygyny, onuň balyk baýlyklaryny gorap saklamakda uly işler alnyp barylýar.
 Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda adamyň saglyk ýagdaýynyň gowy bolmagynyň möhüm şertleriniň biriniň onuň ulanýan suwunyň hiline baglydygyny nygtap: «Ýurdumyza mahsus ýokary temperatura, ýagyşly howanyň az mukdarda bolmagy, Türkmenistanyň arid zonasynda ýerleşmegi bilen bagly tebigy-klimat şertlerinde ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesine — suwa has aýawly çemeleşmegi öwretdi» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz bu pikirini «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda dowam etdirip: «...milli terbiýeçilik ulgamymyzda tebigaty söýmegiň, ýere, suwa aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti uludyr» diýmek bilen, her bir ynsanyň tebigaty söýmelidigini, onuň adama eçilen gymmatlyklaryny seresaply, aýawly ulanmalydygyny jaýdar belleýär.

Ata-babalarymyz suwa bolan garaýyşlaryny, arzuw-isleglerini, suwuň gadyr-gymmatyny halk döredijilik eserlerine siňdirip, şolaryň üsti bilen öz ýürek telwaslarynyň, küýsegleriniň biziň günlerimize gelip ýetmegine mümkinçilik döredipdirler. Türkmen «Essalawmaleýkim, Suw aga!» diýip, suwa gadymdan bäri hormat goýan, oňa keramat hökmünde sygnan halk.

Gülälek HANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.