"Zaman-Türkmenistan"

Esaslandyryjysy: "Zaman-Türkmenistan" Hojalyk jemgyýeti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Gündogar köçesi, 10 A
Telefon belgileri: 28-14-05

Habarlar

ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

We­na­nyň «Würs­tels­tand» şöh­lat dü­kan­ça­la­ry Awst­ri­ýa­nyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň bir bö­le­gi hök­mün­de yk­rar edi­lip, ÝU­NES­KO-nyň Bütindünýä me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. «Würs­tels­tand» on­lar­ça ýyl bä­ri ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň we ja­han­keş­de­le­riň ýyg­nan­ýan ýe­ri bo­lup dur­ýar. Bu dü­kan­ça­lar dür­li jem­gy­ýet­çi­lik gat­lak­la­ry­na de­giş­li şä­her­li­le­riň bir­leş­me­gi­niň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­na öw­rül­di. Ýer­li ýa­şaý­jy­lar şöh­lat dü­kan­ça­la­ra di­ňe bir gar­ban­mak üçin ýer däl-de, şa­dy­ýan­ly­gyň jem­le­nen ýe­ri hök­mün­de ba­ha ber­ýär­ler. Il­kin­ji şöh­lat dü­kan­ça­la­ry Bi­rin­ji ja­han ur­şy gu­ta­ran­dan soň ga­zanç et­me­giň ýol­la­ry­ny göz­le­ýän öň­ki es­ger­ler ta­ra­pyn­dan açyl­ýar. Şä­he­riň iň kö­ne dü­kan­ça­sy «Würs­tels­tand Leo» 1928-nji ýyl­dan bä­ri hyz­mat ed­ýär. Kerwen Hanberdiýew,

In­ter­net ru­hy sag­ly­ga peý­da­ly

Gon­kong uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry in­ter­ne­tiň ýa­şy du­rug­şan adam­la­ryň ru­hy taý­dan sag­ly­gy­na ed­ýän tä­si­ri­ni öw­ren­di­ler. Olar mu­nuň üçin dür­li ýurt­lar­da ýa­şa­ýan 87 müň 559 ada­myň sag­lyk ýag­daý­la­ry­ny sel­jer­di­ler. Ne­ti­je­de, glo­bal to­ry ulan­ýan gar­ry­la­ryň göw­nü­çök­gün­li­ge du­çar bol­mak äh­ti­mal­ly­gy­nyň az­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu bar­lag «Na­tu­re Hu­man Be­havior» (NHB) yl­my žur­na­lyn­da çap edil­di. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da in­ter­ne­ti ulan­ýan gar­ry­lar öz­le­rin­de göw­nü­çök­gün­lik ala­mat­la­ry­nyň az­dy­gy, ulan­ma­ýan­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, öz­le­ri­ni has oňat duý­ýan­dyk­la­ry ba­ra­da ha­bar be­rip­dir­ler. Al­ty ýyl do­wam eden bar­lag­lar­da in­ter­net ulan­ma­gyň gar­ry­la­ryň göw­nü­çök­gün­li­gi­ni azald­ýan­dy­gy, öz­le­ri­ni duý­şu­ny go­wu­lan­dyr­ýan­dy­gy, ola­ryň dur­muş­dan ka­na­gat­lan­ma tap­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

Ga­dy­my yba­dat­ha­na ta­pyl­dy

Ger­ma­ni­ýa­nyň Týu­bin­gen uni­wer­si­te­ti­niň ar­heo­log­la­ry Mü­sü­riň Sy­ýa­hatç­lyk we ga­dy­my­ýet mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de hä­zir­ki So­hag şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky ga­dy­my At­ri­bis şä­he­rin­den ga­ýa­nyň ýü­zün­de oýu­lyp gur­lan uly daş yba­dat­ha­na­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Pto­le­meý VIII (mi­la­dy­dan öň­ki II asyr) döw­rün­de gur­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýan yba­dat­ha­na ga­dy­my Mü­sü­riň bi­na­gär­li­gi­ni we di­ni däplerini ýü­ze çy­kar­ýan mö­hüm açyş­dyr. 2012-nji ýyl­da baş­la­nan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de eý­ýäm 51 metr giň­lik­dä­ki yba­dat­ha­na top­lu­my­nyň bö­lek­le­ri ýü­ze çy­ka­ryl­dy. 18 metr be­ýik­lik­dä­ki gi­rel­gä­niň ag­zyn­da­ky diň­ler bö­lek­le­ýin sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Diň­le­rin bi­rin­de ar­heo­log­lar uzyn­ly­gy 6 metr we ini 3 metr bo­lan ota­gy tap­dy­lar. Şeý­le hem bar­lag­çy­lar ýo­kar­ky ga­ta çy­kyl­ýan bas­gan­ça­gy tap­dy­lar. Bu ta­pyn­dy­lar yba­dat­ha­na bi­na­gär­çi­li­gi­ni we Pto­le­meý eý­ýa­my­nyň di­ni däp­le­ri­ni öw­ren­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler aç­ýar. Aga­my­rat GUR­BAN­GEL­DI­ÝEW,

Dünýäniň iň gowy şäherleri

«World’s 100 Best Cities» mak­sat­na­ma­sy­nyň hü­när­men­le­ri 2025-nji ýyl­da dün­ýä­niň iň go­wy 100 şä­he­ri­ni yg­lan et­di. Lon­don sa­naw­da bi­rin­ji orunda gelip, hü­när­men­ler 12 mil­li­on­dan gow­rak ilat­ly bu şäheriň ulag ul­ga­my­nyň, daş­ky gur­şaw baş­lan­gyç­la­ry­nyň, ma­ýa go­ýum kuw­wa­ty­nyň we myh­man­ha­na pu­da­gy­nyň ösen­di­gi­ni bel­le­di­ler. Sa­naw­da 10 ýyl bä­ri öň­de­li­gi eýe­le­ýän bu şä­her sy­ýa­hat­çy­la­ra we ýa­şaý­jy­la­ry­na aý­dyň gi­je­ki dur­mu­şy hö­dür­le­ýär. Işe­wür ekoul­ga­my we me­de­ni dynç alyş müm­kin­çi­lik­le­ri ba­bat­da ta­pa­wut­lan­ýan Nýu-Ýork sanawda ikin­ji orny eýeleýär. Ka­şaň ýer­le­ri we söw­da mer­kez­le­ri bi­len Pa­riž üçün­ji bol­dy. Il­kin­ji on­lu­ga To­kio, Sin­ga­pur, Rim, Mad­rid, Bar­se­lo­na, Ber­lin we Sid­neý gir­di. Leý­la AB­DUL­LA­ÝE­WA,

Ha­ky­da göw­he­ri – dö­re­di­ji­lik yl­ha­my

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by­ny hal­ky­my­za sow­gat et­me­gi şat­lyk­ly we buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da il­deş­le­ri­miz üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy. Gahryman Arkadagymyzyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­byn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň şan-şöh­rat­ly geç­mi­şi­niň, baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň we döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň, ta­ryh­da yz go­ýan şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň nus­ga­lyk ýo­lu­nyň, türk­men hal­ky­nyň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­na go­şan go­şan­dy­nyň giň­den be­ýan edil­me­gi äh­li­miz­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ki­ta­byn­da türk­men hal­ky­nyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mi­ra­sy ha­sap­lan­ýan ta­ry­hy­-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler ba­ra­da­ky pi­kir­le­ri­ni hal­ky­myz bi­len paý­laş­ma­gy bol­sa her bi­ri­mi­zi be­gen­dir­ýär hem-de buý­san­dyr­ýar.

Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy – dün­ýä nus­ga­lyk

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ösüş we ro­waç­lyk ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň tä­ze ta­ry­hy şöh­rat­ly iş­le­re, be­lent de­re­je­le­re bes­len­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şen bag­ty­ýar hal­ky­myz «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da aja­ýyp wa­ka­la­ra, ösüş-öz­gert­me­le­re şa­ýat bol­ýar, her bir toý-baý­ra­my ag­zy­bir­lik­de giň­den bel­läp geç­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk baý­ra­my ulu­dan da­ba­ra­lan­dy­ry­lar. Bi­ta­rap­lyk baý­ra­my – naý­ba­şy se­ne­le­riň bi­ri. Äh­li­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 50-nji mej­li­sin­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ yg­lan edil­di.

Türkmen-türk gatnaşyklary ösüşiň aýdyň ýolunda

4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Ärdoganyň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyza ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de türk­men hal­ky­na ro­waç­lyk, aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Şun­da Tür­ki­ýä­niň ýur­du­myz bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi bel­le­nil­di.

UEFA Ýewropa we Konferensiýa Ligalarynyň nobatdaky tapgyry

UEFA Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da 5-nji du­şu­şyk­lar­dan soň 7 to­pa­ryň ýeň­liş­siz ýö­ri­şi do­wam ed­ýär. 5-nji oýun­lar­da sa­na­wyň li­de­ri «La­sio» öz meý­dan­ça­syn­da «Lu­do­go­res» to­pa­ry bi­len gol­suz deň­me-deň oý­na­dy. Rim şä­he­ri­niň beý­le­ki klu­by myh­man­çy­lyk­da «Tot­ten­ham» bi­len du­şu­şyp, bu oýun hem deň­lik­de ta­mam­lan­dy. 2–2 ha­sa­byn­da ta­mam­la­nan oýun­da rim­li­ler soň­ky mi­nut­lar­da ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy (Son 5 p, Jon­son 33 — Ndi­ka 20, Hum­mels 90+1).

Ýene-de 2 topar 1/8 finala çykdy

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy Eli­te ýa­ry­şyn­da 6-njy du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Ga­lan 2 tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry bol­sa gel­jek ýy­lyň few­ral aýyn­da oý­na­lar. 6-njy du­şu­şyk­lar­dan soň Gün­ba­tar se­bi­tin­de 1/8 fi­na­la çy­kan to­par­la­ryň ýe­ne-de 2-si bel­li bol­dy. Gün­do­gar se­bi­tin­de bol­sa en­tek il­kin­ji 6 oýun­dan soň ýe­ke to­pa­ra hem wag­tyn­dan öň 1/8 fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­mak ba­şart­ma­dy. Gün­ba­tar se­bi­tin­de öz meý­dan­ça­syn­da Ka­ta­ryň «Al-Ga­ra­fa» to­pa­ry­ny Leo­nar­do (18), Mit­ro­wiç (82) hem-de Mi­lin­ko­wiç-Sa­wi­çiň (85) gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Al Hi­lal» 1-nji or­na geç­di. Öz meý­dan­ça­syn­da Es­teg­lal bi­len 2–2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nan «Al-Ah­li» il­kin­ji utuk­la­ry­ny ýi­tir­di we 2-nji or­na düş­di. «Al-Ah­li» toparynyň gol­la­ry­nyň 2-si­ni hem pe­nal­ti­den Iwan Tou­ni (45+8, 86) ge­çir­di.

«Uly üç­lü­giň» 2-nji­si – Ra­fa­el Na­dal ten­nis bi­len hoş­laş­dy

Ten­nis spor­tu­nyň ägirt­le­rin­den, «Uly üç­lü­giň» (Big Three) 2-nji­si bo­lan is­pa­ni­ýa­ly Ra­fa­el Na­dal pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­la­dy. 1986-njy ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da Mal­ýor­ka­nyň Ma­na­kor şä­her­çe­sin­de dün­ýä inen Ra­fa­el Na­dal 2001-nji ýyl­dan 2024-nji ýy­la çen­li pro­fes­sio­nal de­re­je­de ten­nis oý­na­dy. Kar­ýe­ra­sy ýe­ňiş­ler­den do­ly bo­lan Na­dal en­çe­me re­kor­dyň hem eýe­si­dir. Ol il­kin­ji ten­nis sa­pak­la­ry­ny aga­sy (ka­ka­sy­nyň do­ga­ny) To­ni Na­dal­dan al­ýar. Aga­sy Na­da­ly 1990-njy ýyl­dan 2017-nji ýy­la çen­li tür­gen­leş­dir­ýär. «FRANSIÝA AÇYKDA» 14 ÇEMPIONLYK

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Bar­se­lo­na» öz meý­dan­ça­syn­da «Las Pal­mas­dan» 2–1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. «Bar­se­lo­na­ny» soň­ky ge­zek 1986-njy ýyl­da, myh­man­çy­lyk­da bol­sa 1972-nji ýyl­da ýe­ňen «Las Pal­ma­syň» gol­la­ry­ny Ra­mi­res bi­len Fa­bio Sil­wa ge­çir­di. Ka­ta­lon­lar­dan Ra­fin­ýa­nyň go­ly ýeň­şe ýet­me­di. Çem­pi­on «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da «He­ta­fe­ni» Bel­lin­gam hem-de Mbap­pe­niň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Mad­ri­diň beý­le­ki klu­by «At­le­ti­ko» myh­man­çy­lyk­da «Wal­ýa­do­li­diň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 5 gol ge­çir­di. Is­pa­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy se­bäp­li 19-njy tap­gy­ryň 2 du­şu­şy­gy öňe ge­çi­ri­lip, «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da «Mal­ýor­ka­ny» 5–1 ha­sa­byn­da ut­dy. Çem­pio­nat­da 3 oýun­dan soň ýe­ňiş ga­za­nan «Bar­se­lo­na­nyň» gol­la­ry­nyň 2-si­ni Ra­fin­ýa, beý­le­ki­le­ri-de Tor­res, De Ýong hem-de Pau Wik­tor ge­çir­di. «At­le­tik Bil­bao» bi­len «Re­al Mad­ri­diň» ara­syn­da­ky oýun­da-da ýer eýeleri Be­ren­ger (53) hem-de Gu­ru­se­ta­nyň (80) gol­la­ry esa­syn­da 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Mbap­pe­niň (68) pe­nal­ti sa­lyp bil­me­dik du­şu­şy­gyn­da «Rea­lyň» ýe­ke-täk go­lu­ny Bel­lin­gam (78) ge­çir­di.

Li­ber­ta­do­res Ku­bo­gy­nyň tä­ze çem­pio­ny

Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň Çem­pi­on­lar Li­ga­sy bo­lan Li­ber­ta­do­res Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da çem­pi­on bel­li bol­dy. Ar­gen­ti­na­nyň paý­tag­ty Bue­nos-Aý­res şä­he­rin­dä­ki meş­hur «Mo­nu­men­tal» sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da 2 bra­zil klu­by – «At­le­ti­ko Mi­nei­ro» bi­len «Bo­ta­fo­go» to­par­la­ry du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li we dart­gyn­ly ge­çen oý­nuň eý­ýäm 2-nji mi­nu­tyn­da «Bo­ta­fo­go­dan» Gre­go­re eden gö­dek he­re­ke­ti üçin gy­zyl kart al­dy. Oý­nuň ba­şyn­da 1 oýun­çy kem ga­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, «Bo­ta­fo­go» to­pa­ry 35-nji mi­nut­da Lu­is Hen­ri­ke­niň go­ly esa­syn­da ha­sa­by aç­dy. Oý­nuň 44-nji mi­nu­tyn­da Aleks Tel­les pe­nal­ti­ni dürs urup, ha­sa­by 2–0-a çy­kar­dy.

«Man­çes­ter Si­ti» 7 oýundan soň ýeňiş gazandy

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­nun­da sa­na­wyň li­de­ri «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da soň­ky 4 ýy­lyň çem­pio­ny «Man­çes­ter Si­ti­ni» 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Li­wer­pu­la» ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 12-nji mi­nut­da Gak­po bi­len 78-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den Sa­lah ge­çir­di. Bu «Li­wer­pu­lyň» soň­ky öza­ra 5 du­şu­şyk­da «Man­çes­ter Si­ti­ni» il­kin­ji ýeň­şi­dir. No­ýabr aýy­ny ýe­ňiş­siz ta­mam­la­nan «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry 7 oýun­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp bi­le­nok. Şeý­le-de, «Man­çes­ter Si­ti» 2008-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek çem­pio­nat­da yz­ly-yzy­na 4 oýun­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Gu­ar­dio­la­nyň tä­lim­çi­li­gin­de bol­sa şeý­le sta­tis­ti­ka il­kin­ji ge­zek bel­li­ge alyn­ýar. Tä­lim­çi­si­ni tä­ze­län «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» çem­pio­nat­da Amo­ri­miň ýol­baş­çy­ly­gyn­da il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, man­ku­ni­an­lar öz meý­dan­ça­syn­da «Ewer­ton­dan» Reş­for­dyň (2) hem-de Zirk­zee­niň (2) gol­la­ry esa­syn­da 4–0 üs­tün çyk­dy. Lon­don der­bi­sin­de-de «Ar­se­nal» myh­man­çy­lyk­da «West Ha­my» 5–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Gol­la­ryň äh­li­si hem 1-nji ýa­rym­da der­we­zä gi­ri­zil­di. Soň­ky 12 ýyl­da şeý­le ha­sa­bat il­kin­ji ge­zek bel­li­ge al­nyp, «Ar­se­na­lyň» gol­la­ry­ny Gab­ri­el, Tros­sar, Ede­gor, Ha­werts hem-de du­şu­şy­gyň ýyl­dy­zy Sa­ka

Ýylyň ýeňil atletikaçylary saýlandy

Bü­tin­dün­ýä ýe­ňil at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy (World Ath­le­tics) ýy­lyň ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­la­ry­ny saý­la­dy. Ýy­lyň er­kek ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­sy diý­lip, bots­wa­na­ly Let­si­le Te­bo­go, ze­nan ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­sy diý­li­bem ni­der­land Si­fan Has­san saý­lan­dy. 21 ýa­şyn­da­ky Te­bo­go Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da 200 met­re yl­ga­mak­da ýur­du­na il­kin­ji al­tyn me­da­ly­ny ga­zan­dy­ryp­dy. Ol to­par­la­ýyn 4x400 metr es­ta­fe­ta yl­ga­wyn­da-da ýur­du­nyň bü­rünç me­dal ga­zan­ma­gy­na uly go­şant go­şup­dy. Bots­wa­na­ly sprin­ter nor­we­gi­ýa­ly Ýa­kob In­geb­rigt­sen, şwe­si­ýa­ly Ar­mand Dup­lan­tis, ek­wa­dor­ly Bra­ýan Pin­ta­do, gre­si­ýa­ly Mil­tia­dis Ten­tog­lu, efio­pi­ýa­ly Ta­mi­rat To­la ýa­ly ýy­lyň do­wa­myn­da dür­li ugur­lar­da özü­ni gör­ke­zen tür­gen­ler­den öňe saý­lan­ma­gy ba­şar­dy.

Çempionyň möwsümdäki 9-njy ýeňşi

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 23-nji ýa­ry­şy Ka­ta­ryň Lu­sa­il şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. 57 aý­law­dan yba­rat ýa­ryş­da mun­dan öň­ki bäs­le­şik­de yz­ly-yzy­na 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eden «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýe­ňi­ji bol­dy. Ol pel­le­ha­na 1 sa­gat 31 mi­nut 5,323 se­kunt­da gel­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 9-njy, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 63-nji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ýa­ryş­da ýe­ňi­ji­den 6,031 se­kunt yza ga­lan mo­na­ko­ly Şarl Lek­ler («Fer­ra­ri») 2-nji ýe­ri, 6,819 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len awst­ra­li­ýa­ly Os­kar Piast­ri («McLa­ren») 3-nji ýe­ri eýe­le­di. 1-nji ha­tar­dan bat alan «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Jorj Ras­sell ýa­ry­şy 4-nji bo­lup ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

6-njy dekabr (anna) Inter – Parma (22:30)

32-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Fut­bol bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň mil­li çem­pio­na­ty­nyň jem­leý­ji tap­gy­rynyň, ýagny 32-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Oý­na­lan 3 du­şu­şyk­da 13 gol ha­sa­ba al­nyp, 2 oýun­da ýer eýe­le­ri ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Çem­pi­on «Ar­ka­dag» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Merw» to­pa­ry­nyň der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 5 gol gi­riz­di. Çem­pi­on to­pa­ra no­bat­da­ky ge­zek uly ha­sap­ly ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 21-nji mi­nut­da Di­dar Dur­dy­ýew, 32-nji mi­nut­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Beg­my­rat Ba­ýow, 61-nji we 73-nji mi­nut­lar­da Şa­na­zar Tir­ki­şow hem-de 65-nji mi­nut­da Be­genç Ak­mäm­me­dow ge­çir­di.

Ga­ryn­ja­lar dynç alýarmy?

Jan­ly-jan­dar­la­ryň äh­li­si hem gi­je-gün­di­ziň bel­li bir wag­tyn­da dem-dynç al­ýar­. Em­ma gi­je­si­ne hem he­re­ket edip ýö­ren ga­ryn­ja­la­ry gö­re­niň­de: «Be, bu­lar ha­çan dynç alýarka?» di­ýen so­rag ýü­ze çyk­ýar. Dog­ru­dan hem, «Ga­ryn­ja ga­ra gün­de...» diý­li­şi ýa­ly, bu ki­çi­jik mö­jek­ler gi­je-gün­diz he­re­ket­de. Eý­sem, bu işeň­ňir jan­dar­lar ha­çan dynç alýarka?! Ga­ryn­ja­lar uly maş­ga­la bo­lup ýa­şap, edil­me­li iş­le­ri öz ara­la­ryn­da bö­lüş­ýär­ler. Ýag­ny her bir ga­ryn­ja­nyň öz we­si­pe­si bar. Et­me­li işi­ni bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­ýän bu jan­dar­la­r uk­la­mak üçin ses­siz we howp­suz ýe­re – hin­le­ri­ne gir­ýär­ler we bir-iki sa­gat dynç al­ýar­lar. Dynç al­ýan ga­ryn­ja­la­ryň et­me­li iş­le­ri­ni «do­gan­la­ry» ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Adat­ça, ga­ryn­ja­lar gi­je­si­ne köp­räk iş­läp, gün­di­zi­ne dynç al­ýar­lar. Esa­san hem, to­mus pas­lyn­da ga­ryn­ja­lar gün­di­zi­ne ýe­riň aşa­gyn­da­ky sal­kyn öýün­de dynç alyp, gi­je­si­ne işe baş­la­ýar­lar. Ga­ryn­ja­lar kä­te agaç­la­ryň ga­byk­la­ry­nyň ara­syn­da, ot-çö­püň ara­syn­da hem dynç al­ýar­lar. Ga­ryn­ja­lar iý­mit da­şa­mak üçin çe­ken ýo­lun­dan ha­tar bo­lup ýö­räp, bi­ri-bi­ri bi­len ha­bar­la­şyp gid­ýär­ler. Ha­çan­da kä­bir ga­ryn­ja­nyň he­re­ke­ti ha­ýal­lap ýa­dap baş­la­sa, beý­le­ki­ler onuň ýü­kü­ni äkid­ýär­ler. Ýa­daw ga­ryn­ja bol­sa, dynç almak üçin amat­ly

Gyş uku­sy­na gid­ýän jan­dar­lar

Köp jan­dar üçin gyş­da ýe­ter­lik iý­mit tap­mak kyn bol­ýar. Şol se­bäp­den o­la­ryň kö­pü­si gy­şy­na uka gid­ýär­ler. Haý­wan­la­ryň ener­gi­ýa­sy­ny tyg­şyt­la­mak we gyş­da ar­tyk­maç iý­mit­len­mez­den ýa­şa­mak üçin ýü­rek ur­şu­ny ha­ýal­lat­ma­gy­na «gyş uku­sy» di­ýil­ýär. Kä­bir jan­dar­lar gyş­la­ýan wag­tyn­da he­re­ke­ti­ni ha­ýal­lad­ýan bol­sa, kä­bir­le­ri süý­ji uka gid­ýär­ler. Uk­la­ýan wag­tyn­da o­la­ryň be­de­ni­niň gyz­gyn­ly­gy pe­sel­ýär we ýü­rek ur­şy ha­ýal­la­ýar. Şeý­le jan­dar­lar güý­zü­ne has köp iý­mit­le­nip, be­de­nin­de has köp ýag eme­le gel­ýär. Bu ýag jan­dar uzak wagt uka gi­de­nin­de be­de­ni üçin iý­mit bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ýa­gyň iki gör­nü­şi bar - ada­ty ak ýag we go­ňur ýag. Go­ňur ýa­gy bo­lan haý­wa­nyň beý­ni­siniň, ýü­re­giniň we öý­ke­niniň işi örän pe­sel­ýär. Oýan­ma­gyň wag­ty ge­len­de, bu sy­na­la­ry gaý­ta­dan ka­da­ly ýag­daý­da iş­läp baş­la­ýar. Gem­ri­ji­ler, kir­pi, aýy, pyş­ba­ga, ýar­ga­nat, gur­ba­ga ýa­ly jan­dar­lar çuň uka gid­ýär­ler. Süý­dem­di­ri­ji­ler, süý­re­ni­ji­ler, ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan­lar we hat­da kä­bir mör-mö­jek­ler gy­şy uk­lap ge­çir­ýär­ler. Aýy­lar gyş uku­sy­na gid­ýän jan­dar­la­ryň ara­syn­da has bel­li bol­sa­lar-da, olar hem di­ňe so­wuk wag­ty ýat­ýar­lar. Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­nyň ys­sy ho­wa şert­le­rin­de ýa­şa­ýan aýy­lar uk­la­ma­ýar­lar. Se­bä­bi olar ýy­lyň do­wa­my

Ab­ra­ka­dab­ra ja­dy­ly sö­züň ta­ry­hy

Ab­ra­ka­dab­ra! Ja­dy­nyň ny­şa­ny­na öw­rü­len bu söz di­ňe bir göz­bag­çy­lar ta­ra­pyn­dan ula­nyl­man, eý­sem, ar­zuw­la­ry­ňy ama­la aşy­ry­jy gud­rat­ly söz hök­mün­de ça­ga­lar ta­ra­pyn­dan hem ula­nyl­ýar. Köp­ler müň­ler­çe ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan bu sö­züň şy­pa be­ri­ji hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gy­na, er­bet güýç­ler­den go­ra­ýan­dy­gy­na ynan­ýar. Dür­li emel­le­ri gör­kez­ýän göz­bag­çy­lar tä­sin bir ýag­da­ýyň ýü­ze çyk­ma­gy üçin «ab­ra­ka­dab­ra» di­ýip gy­gyr­ýar. Şeý­le­lik­de, düý­bün­den bol­ma­jak bir gör­nüş köp­çü­li­giň öňün­de peý­da bol­ýar. My­sal üçin, şlýa­pa­nyň için­den tow­şan­jy­gyň gu­la­gy­ny üşerdip çyk­ma­gy, ýüzi şekilli kart­la­ryň hem­me­si­niň bir­meň­zeş açyl­ma­gy we ş.m. Ab­ra­ka­dab­ra ara­meý di­lin­dä­ki «avra keh­dab­ra» söz dü­zü­min­den ge­lip çy­kyp, «aý­dy­şym ýa­ly ed­ýä­rin, diý­şim ýa­ly dö­red­ýä­rin» di­ýen ma­ny­la­ry ber­ýär. Ta­ry­hyň do­wa­myn­da bu söz beý­le­ki dil­le­re-de ge­çip, gud­rat­ly söz hök­mün­de ynan­ja öw­rü­lip­dir.