"Zaman-Türkmenistan"

Esaslandyryjysy: "Zaman-Türkmenistan" Hojalyk jemgyýeti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Gündogar köçesi, 10 A
Telefon belgileri: 28-14-05

Habarlar

«Turkish Airlines» uçuşlarynyň gerimi boýunça dünýä rekordyny goýdy

Türkiýäniň milli howa gatnadyjysy dünýäniň iň köp ýurtlaryna uçýan awiakompaniýa hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Degişli güwänamanyň gowşurylyş dabarasy awiakompaniýanyň Çilä amala aşyran ilkinji uçuşyndan soň, Santiago Arturo Merino Benites halkara howa menzilinde geçirildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň şertlerine laýyklykda, «Turkish Airlines» soňky 12 aýyň dowamynda rekord derejedäki 120 ugra howa gatnawyny amala aşyrdy. Wagtlaýyn togtadylan gatnawlar we Çili döwletine bolan täze uçuş hasaba alnanda, awiakompaniýanyň umumy gatnaw ulgamy 131 ýurdy öz içine alýar.

“Türkmenhowaýollary” Deli we Jidda şäherlerine halkara uçuşlaryny giňeldýär

“Türkmenhowaýollary” agentligi Aşgabat-Deli we Aşgabat-Jidda ugurlaryna uçuşlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web-saýtynda ýerleşdirilen halkara uçuşlaryň täzelenen tertibinde maglumat berilýär. Oňa laýyklykda, Aşgabat-Deli-Aşgabat ugruna 22-nji we 29-njy dekabrda, 4-nji, 11-nji we 18-nji ýanwar günlerinde goşmaça uçuşlar göz öňünde tutulýar. Aşgabat-Jidda-Aşgabat ugruna bolsa 24-nji dekabr, 2-nji we 11-nji fewral günlerinde goşmaça uçuşlar meýilleşdirilýär.

Yşyklardan dörän bezegler

Täze ýylyň nyşany hasaplanýan arçany dürli görnüşli bezegler bilen täsin ölçeglerde bezemek dünýäniň ençeme döwletlerinde däbe öwrüldi. Italiýanyň Gubbio şäherinde dagyň eteginde hem dünýä meşhur arça ýerleşýär. Ol hakyky arça däl, emma dürli görnüşli yşyklar bilen Täze ýyl arçasynyň iň uly şekiliniň ýasalmagy görenleri haýrana goýýar. Üç futbol meýdançasynyň ululygy ýaly giňişligi öz içine alýan arçanyň beýikligi 900 metre barabar. 1981-nji ýylda oturdylan arça 1991-nji ýylda iň beýik Täze ýyl arçasy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. 2020-nji ýylda Ýewropa döwletlerinde iň owadan arça hökmünde kabul edilen bu Täze ýyl arçasy gijelerine şäheriň islendik künjeginden görünýär.

2024-nji ýylda Türkmenistandan Azerbaýjana syýahatçylaryň sany artdy

2024-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistandan Azerbaýjana 2753 syýahatçy bardy, bu bolsa 2023-nji ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 11% artdy. Bu ösüş Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Azerbaýjana syýahatçylyk akymynyň bitewi oňyn tendensiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Bu barada Azerbaýjanyň Syýahatçylyk boýunça Döwlet agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp Trend habar berýär. Umumylykda, 2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň dowamynda Azerbaýjan Türkmenistandan 29 982 syýahatçyny kabul etdi, bu bolsa geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 28 % artdy. Bu ösüş iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de türkmen raýatlarynyň arasynda Azerbaýjana bolan gyzyklanmanyň artmagyna ýardam edýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Deli we Aşgabat – Jidda ugurlary boýunça uçuşlarynyň sanyny köpeldýär. Degişli maglumatlar awiakompaniýanyň resmi saýtyndaky täzelenen halkara uçar gatnawlarynyň tertibinde çap edildi. Aşgabat – Deli – Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar 22-nji dekabr, 29-njy dekabr, 4-nji ýanwar, 11-nji ýanwar we 18-nji ýanwar günlerine meýilleşdirilýär. Aşgabat – Jidda – Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar bolsa 24-nji dekabr, 4-nji fewral we 11-nji fewral günleri amala aşyrlar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň halkara uçuşlarynda wagtyňy geçirmek üçin multimediýa ulgamy döredildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçylary indi halkara gatnawlary amala aşyrýan iri uçarlaryň ýolagçy salonynda wagtyňy geçirmek üçin mugt multimediýa ulgamyndan peýdalanyp bilerler. Täze hyzmat ýolagçylar üçin oňaýlylygy ýokarlandyrmakdan we amatly gurşawy döretmekden ybaratdyr. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi. Ulgama birikmek üçin ýolagçylara mobil enjamyny “Uçarda” ýagdaýyna geçirmek we “Wi-Fi” ulgamyny açmak we “Türkmenistanairlines” toruny saýlamak gerek. Gözleg brauzerini açanyňdan soň, girizmek arkaly “adonisone.com” salgysyna ýa-da QR kod arkaly şol salga aralaşyp bolar. Mundan soň ulanyjylar ekranyň ýüzünden özlerine düşnükli bolan dili saýlap, güýmenje portalyndan peýdalanyp bilerler.

Ajaýyp desga

Kanadanyň Toronto şäherinde ýerleşýän «One Bloor» binasynyň beýikligi 257 metre barabar. 76  gatdan ybarat bolan binada 180-den gowrak myhmanhana otagy we 600-e golaý iş otagy, şeýle-de söwda merkezi, sport toplumy, çagalar üçin niýetlenen ýörite meýdança ýerleşýär. 2011-nji ýylda gurluşygyna badalga berlen bina 2017-nji ýylda gurlup tamamlanýar. 290 inedördül metr meýdany eýeleýän desga häzirki wagtda şäher ýaşaýjylarynyň we myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Türkmenistan Russiýa elektron wiza almak mümkinçiligi döredilen ýurtlaryň sanawyna girdi

Türkmenistan Russiýa syýahat etmek üçin raýatlary bitewi elektron wiza alyp bilýän döwletleriň täzelenen sanawyna giren ýurtlaryň hatarynda boldy. Degişli karara Russiýanyň Hökümetiniň baştutany Mihail Mişustin gol çekdi. Bu barada RF-niň Hökümeti anna güni habar berdi. Türkmenistandan başga-da bu sanawa Barbados, Butan, Iordaniýa, Keniýa, Papua-Täze Gwineýa, Sent-Lýusiýa, Tonga, Trinidad we Tobago hem-de Eswatini döwletleri goşuldy. Şol bir wagtda Serbiýa we Andorra wizasyz syýahat etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň baglaşylmagy netijesinde bu sanawdan aýryldy.

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Golaýda Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň jemgyýetçilik torlarynda habar berilýär. Duşuşygyň gün tertibini “COVID-19” pandemiýasy we onuň bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli togtadylan uçar gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagy düzdi. Gazak ilçisi göni uçar gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagynyň diňe bir iki ýurduň raýatlarynyň rahatlygy üçin däl, eýsem ykdysady we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm bolup durýandygyny belledi.

«Turkish Airlines-yň» saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň resmi web saýty diňe bir awiapetekleri satyn almak üçin niýetlenen saýt däldir. Bu syýahat etmek isleýänler üçin gerek bolan ähli hyzmatlary we mümkinçilikleri hödürleýän doly hukukly sanly kömekçidir. Geliň, näme üçin bu saýtyň az-kem wagtyňy sarp edeniňe degýändigi dogrusynda durup geçeliň. Çeýe süzgüçler: uçuşlary dürli aýratynlyklaryna görä saýlaň: bahasy, uçuş wagty, geçirimleriň sany we hatda uçaryň görnüşi.

Horaz şekilli myhmanhana

«CNN» teleýaýlymynyň habaryna görä, Filippin adalarynda horaz şekilli myhmanhana gurdular. Bu özboluşly myhmanhana horazyň şekilindäki iň uly bina hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň beýikligi 35 metr bolup, 15 otagy bar. Myhmanhananyň açylyş dabarasy şu ýylyň 8-nji sentýabrynda bolupdy.

Kaşaň myhmanhana

Binagärlik babatda dünýäde iň ýokary netijeleri görkezýän Dubaý şäherinde ýaňy-ýakynda ýene bir meşhur myhmanhana açylyp ulanylmaga berildi. Bu myhmanhananyň özboluşly gözelligini, ähli amatlyklar bilen üpjün edilendigini, şeýle-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygyny aýratyn bellemek gerek. Şu ýylyň oktýabr aýynda hyzmat edip başlan döwrebap myhmanhanada 250-ä golaý otag bar. 5 ýyldyzly myhmanhananyň umumy eýeleýän meýdany 900 inedördül metre barabardyr. Mundan başga-da, bu ýerde restoranyň, saglyk merkeziniň, kafeleriň, suw howdanynyň we awtoduralganyň ýokary derejede hyzmat etmegi köpleriň ünsüni çekýär.

Jümle-jahan habarlary

Täze bioplastik gap

Turkish Airlines üstaşyr gatnawlaryň ýolagçylary üçin Stambula mugt gezelençleri hödürleýär

Stambulda düşüp münýän Turkish Airlines-yň ýolagçylary şähere mugt gezelenji amala aşyrmak ajaýyp mümkinçiliginden peýdalanyp bilýärler. “Touristanbul” maksatnamasy syýahatçylara Türkiýäniň iri şäheriniň taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu gezelençler gatnawlaryň arasyndaky wagty 6-24 sagada çenli ýetýän ýolagçylar üçin niýetlenen. Gatnaşyjylara howa menzilinden esasy syýahatçylk ýerlere çenli mugt ulag, şeýle hem ýol belediň hyzmatlary we günortanlyk nahary hödürlenilýär. Maksatnamanyň ugurlarynyň arasynda – meşhur Sultanahmet meýdançasyna, Aýa-Sofiýa, Topkapy köşgüne we beýleki ajaýyplayklara gezelençler bar.

Gezsem, dünýäni görsem!

Kaşaň desga Ýaponiýa döwletiniň iň uly şäherleriniň biri bolan Osakada dünýä belli binalaryň birnäçesi ýerleşýär. Olaryň biri hem «Umeda» desgasydyr. 1993-nji ýylda halka hyzmat edip başlan bu desga 40 gatdan ybaratdyr. Beýikligi 170 metrden gowrak bolan binada restoran, kafeler, söwda merkezi, edara otaglary we işewürlik merkezi ýerleşýär. Umumy tutýan meýdany 148 inedördül metre barabar bolan desganyň binagäri dünýä belli arhitektor Hiroşi Haradyr. Binanyň esasy meýdançasynda dürli reňkli suw çüwdürimleri we dynç alyş seýilgähi bar. Bu bolsa desgany synlamaga gelýän myhmanlarda ýakymly täsir galdyrýar.

Jümle-jahan habarlary

Dünýäde ilkinji bolup

Jümle-jahan habarlary

Öňki rekordy täzeledi

Ajaýyp köpri

Ispaniýanyň Zaragoza şäherinde ýerleşýän «Pawilýon» köprüsi dünýä belli arhitektor Zaha Hadidiň uly taslamalarynyň biridir. 2008-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen köpriniň içinde sergi zaly ýerleşýär. Şäher ýaşaýjylarynyň we myhmanlaryň iň gatnawly ýeri bolan bu ýerde ajaýyp sungat eserleri, taryhy ýadygärlikler sergilenýär. Aýratyn-da, deňiz we derýa suwlaryna degişli sergiler bu ýere gelýänleriň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Ebro derýasynyň üstünde gurlan 280 metr aralyga uzalyp gidýän köpri tebigy gözelligi döredýänligi we binagärlik aýratynlygy bilen ispaniýalylaryň buýsanjyna öwrüldi. Häzirki wagtda ajaýyp köprini görmek üçin dünýäniň dürli döwletlerinden ýörite syýahatçylar yzygiderli gelýärler.

«Turkish Airlines»: täze nyrhlar we amatly tertipnama

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylaryň Aşgabat — Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça hepdede 11 uçuşdan peýdalanyp biljekdigini ýatladýar. Gatnawlaryň çeýe tertibi ýolagçylara syýahat etmek, iş ýa-da dynç alyş maksatlary üçin iň amatly wagty saýlap almaga mümkinçilik berýär. Awiakompaniýanyň gatnawlaryndan peýdalanmakda ýolagçylar ýokary rahatlygyň üpjün ediljekdigine bil baglap bilerler. Iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman uçarlary syýahatyň göwnejaý bolmagyny kepillendirýär. Uçuş wagtynda halaýan filmleriňizi görüp ýa-da aýdym diňläp dynç alyp bilersiňiz. Müşderilere ünsli we dostlukly çemeleşýän işgärler uçuşyňyzy ýatdan çykmajak pursatlar beslemek üçin ähli tagallalary ederler.

Täsin dynç alyş merkezi

Daniýa döwletiniň «Soleste deňiz kenary» atly dynç alyş merkezi 2023-nji ýylyň iýul aýynda açylyp ulanylmaga berilýär. Bu dynç alyş merkezi şypahanadyr sport merkezlerini, birnäçe döwrebap kafeleri, restoranlary, suw howdanlaryny, oýun meýdançalaryny, çagalar we ulular üçin niýetlenen seýilgähleri öz içine alýar. Mundan başga-da, 340 gektar meýdany eýeleýän dynç alyş merkezinde 8 gatly, ähli amatlyklary bolan kaşaň myhmanhana ýerleşýär. Dynç alyş merkeziniň hereket edip başlanyna köp wagt geçmändigine garamazdan, ol ýurduň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Aýratyn-da, körpeleriň söýgüsini gazanmagy başaran bu ýerde birnäçe oýun attraksionlary gije-gündiz halka hyzmat edýär.