"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

ARKADAG ÝYLDYZY ASMANDA – ARKADAG ŞÄHERI ZEMINDE ŞÖHLE SAÇÝAR

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açyl­ma­gy­nyň bir ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tu­tu­lan uly toý-da­ba­ra­lar Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň, je­bis­li­gi­mi­ziň, ga­zan­ýan aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň be­genç-buý­sanç­ly be­ýa­ny­na öw­rül­di. Şat­lyk­ly toý gü­nün­de as­man ji­sim­le­ri­ni öw­ren­ýän «Kos­mos-Ýer» jem­gy­ýe­tin­den älem gi­ňiş­li­gin­dä­ki ýyl­dyz­la­ryň bi­ri­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň da­ky­lan­dy­gy ba­ra­da­ky hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuş­ma­gy il­deş­le­ri­mi­ziň baý­ram­çy­lyk ru­hu­ny has-da art­dyr­dy. Mu­nuň özi älem-ja­ha­nyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len bu aja­ýyp kün­jek­de ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­re bil­dir­ýän buý­san­jy­nyň öz­bo­luş­ly şöh­le­len­me­si­dir. Älem gi­ňiş­li­gin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan as­man ji­si­mi­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň da­ky­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan gü­wä­na­ma­nyň, şeý­le-de te­les­ko­pyň we onuň dü­şü­ren su­rat­la­ry­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­ne gow­şu­ryl­ma­gy bol­sa, Ar­ka­dag­ly eý­ýa­my­myz­da älem­şy­nas­ly­gyň ös­me­gi üçin uly iş­le­riň yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­mek bi­len, bu ugur­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­le­ri tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­dy. Gahryman Arkadagymyzyň pa­ra­sat­ly baş

Dün­ýä­niň iň uly sta­dio­nlarynyň biri bolar

Sa­ud Ara­bys­ta­ny no­bat­da­ky me­ga-tas­la­ma­sy­ny yg­lan et­di. Pa­ty­şa­lyk 92 müň orun­lyk sta­di­on gur­mak­çy. Dün­ýä­niň iň uly sport des­ga­la­ry­nyň bi­ri Pa­ty­şa Sal­ma­nyň ady­ny gö­te­rer. Gur­lu­şy­gy 2029-njy ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de ta­mam­lan­jak bu sta­di­on­da 2034-nji ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gy­ny gu­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Sta­dio­nyň meý­da­ny 660 müň ine­dör­dül metr­den ge­çer. Stadion oý­na to­ma­şa et­mek üçin oňaý­ly bo­lar ýa­ly ýö­ri­te so­wa­dy­jy ul­gam bi­len üp­jün edi­ler.

Iň uly Gün fer­ma­sy­ny gu­rar

Awst­ra­li­ýa­nyň hö­kü­me­ti ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da dün­ýä­niň iň uly Gün fer­ma­sy­nyň gur­lu­şy­gy­ny göz öňün­de tut­ýan «Aust­ra­lia-Asia Po­wer Link» tas­la­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. Fer­ma­da ýyl­da 20 gi­ga­wa­ta çen­li elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dü­ri­ler, soň­ra ol 4 müň 300 ki­lo­metr­lik su­was­ty ka­bel ar­ka­ly Dar­win­den Sin­ga­pu­ra ibe­ri­ler. Tas­la­ma Sin­ga­pu­ra 2030-njy ýyl­lar­da Awst­ra­li­ýa­dan ýa­şyl elekt­rik ener­gi­ýa­ny al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Tas­la­ma­nyň 35 ýy­lyň için­de 13,5 mil­liard dol­lar­dan gow­rak yk­dy­sa­dy gir­de­ji ge­tir­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Fi­nal­çy­lar mä­lim edil­di

2024-nji ýy­lyň «Sie­na Crea­tive Pho­to Awards» baý­ra­gy ýe­di ugur bo­ýun­ça da­laş­gär­le­ri yg­lan et­di. «Sie­na Awards» ta­ra­pyn­dan gur­a­lan hal­ka­ra çe­per fo­to bäs­le­şi­gi 135 ýurt­dan su­rat­çy­la­ryň 4 müň 193 su­ra­ty­ny ka­bul et­di. Fi­nal­çy­lar «Haý­wan­lar we öý haý­wan­la­ry», «Bi­na­gär­lik», «Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty», «Te­bi­gat we peý­zaž», «Adam­lar», «Açyk mow­zuk» we «Se­ri­ýa» ýa­ly ugur­lar­da mä­lim edil­di.

Ada sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy

Ang­li­ýa­da baý ta­ry­hy bi­len bel­li bo­lan 2,4 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän Dreýk ada­sy sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Pli­mut şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän bu ada, hu­su­sy su­wa dü­şül­ýän ke­na­ry, şeý­le hem XVIII asyr­dan ga­lan top­la­ry we har­by ber­kit­me­le­ri bi­len ta­nal­ýar. Ada­nyň eýe­si Mor­gan Fil­lip­siň aýt­ma­gy­na gö­rä, ada­da­ky iň kö­ne bi­na 1135-nji ýyl bi­len se­ne­len­ýär. Bu ada asyr­la­ryň do­wa­myn­da go­ra­nyş no­ka­dy bo­lup hyz­mat edip, Ang­li­ýa­ny ke­se­ki ýurt­la­ryň hü­jü­min­den go­ra­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Ada 1577-nji ýyl­da bu ýer­den Ýe­riň daş-tö­we­re­gi­ne sy­ýa­ha­ta ug­ran Fren­sis Dreý­kiň ady­ny gö­ter­ýär. Ada­nyň ba­ha­sy aýan edil­me­di, ýö­ne myh­man­ha­na­nyň abat­lan­ma­gy­ny öz içi­ne al­ýan iş­le­re çyk­da­jy­lar 25 mil­li­on funt ster­ling bi­len ba­ha­lan­dy­ryl­ýar. Fil­lips bu ada­ny 2019-njy ýyl­da 6 mil­li­on ýew­ro sa­tyn alyp­dyr. Tä­ze eýe­si­niň bu ada­ny toý­lar­dyr beý­le­ki çä­re­le­ri gu­ra­mak üçin meş­hur ýe­re öw­rüp bil­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.

11 million tonna mikroplastika ummana düşýär

Her ýyl dün­ýä um­ma­ny­na 11 mil­li­on ton­na­dan gow­rak plas­ti­ka düş­ýär. Ola­ryň kö­pü­si plas­tik tor­lar­dan we beý­le­ki ba­lyk tu­tul­ýan en­jam­la­r­dan gel­ýär. Bu ba­ra­da Hal­ka­ra ýa­ba­ny te­bi­gat gaz­na­sy ha­bar ber­di. Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, ga­lyn­dy­la­ryň, tak­my­nan, 10 gö­te­ri­mi taş­la­nan tor­lar­dan yba­rat­dyr. Mik­rop­las­ti­ka­lar­dan baş­ga-da, tor­lar howp­ly bo­lup, ola­ra del­fin­ler, aku­la­lar we de­ňiz jan­dar­la­ry dü­şüp ço­laş­ýar­lar. Şeý­le du­zak olar üçin ölüm howp­ly bo­lup dur­ýar. Agyr ölüm­den soň, ola­ryň lä­şi beý­le­ki de­ňiz haý­wan­la­ry­dyr ba­lyk­la­ry üçin al­ba­ýa öw­rü­lip, olar hem plas­tik ýe­sir­li­ge düş­ýär­ler.

Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ri­ler

8-13-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Ga­za­gys­ta­nyň As­ta­na şä­he­rin­de spor­tuň et­nik gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry - Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ri­ler. As­ta­na şä­he­ri­niň aki­ma­ty­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu çä­rä 89 ýurt­dan iki müň­den gow­rak adam gat­na­şar. Oýun­lar sport, me­de­ni­ýet we ylym ýa­ly üç ug­ry öz içi­ne al­ýar. Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň inf­rast­ruk­tu­ra­syn­da «As­ta­na Are­na» sta­dio­ny, «Ka­za­nat» aý­la­wy, Ž.Uş­kem­pi­row adyn­da­ky ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty köş­gi, «Alau» buz köş­gi, «Qazaqstan» ýe­ňil at­le­ti­ka sport top­lu­my, «Du­man» top­lu­my ýa­ly 6 sa­ny uly des­ga bar.

Bio­lo­gi­k taýdan dar­gap bil­ýän plas­ti­ka

Ame­ri­ka­ly bar­lag­çy­lar ga­raň­ky­da ýal­pyl­da­ma­ga ukyp­ly, bio­lo­gi­k taýdan dar­gap bil­ýän plas­ti­ka­ny oý­lap tap­dy­lar. «Na­tu­re Sus­tai­na­bi­li­ty» žur­na­lyn­da be­ýan edi­len tä­ze ma­te­ri­al çy­dam­ly­ly­gy we bio­lo­gi­k dar­ga­mak hä­si­ýe­ti­ni özün­de jem­läp, hä­zir­ki za­man elekt­ro­ni­ka­syn­da ulan­mak üçin gel­je­gi ulu­dyr. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň sy­ry, ýo­ka­ry ýag­ty­lyk uky­by­ny üp­jün ed­ýän we ma­te­ria­lyň dar­ga­ma­gy­ny çalt­lan­dyr­ýan hi­mi­ki bir­leş­me tert-bu­til efi­ri­niň go­şul­ma­gy­dyr. Bar­lag­lar tä­ze po­li­me­riň ýo­ka­ry elekt­rol­ýu­mi­ne­sen­si­ýa (15,1 gö­te­rim) eýe­di­gi­ni, bu bar bo­lan bio­lo­gi­k dar­gap bil­ýän lýu­mes­sent po­li­mer­le­riň gör­ke­zi­ji­le­rin­den 10 es­se ýo­ka­ry­dy­gy­ny gör­kez­di. Hyz­mat ediş möh­le­ti gu­ta­ran­dan soň, ma­te­ri­al gow­şak kis­lo­ta­ly şert­ler­de ýa-da 210 de­re­je­de gaý­ta­dan iş­le­nip bil­ner. – Biz ma­te­ri­al­la­ry, onuň ýa­ram­ly­ly­gy­ny pe­se ga­çyr­maz­dan, ony bio­lo­gi­k dar­ga­ýan we gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ukyp­ly et­dik – di­ýip, tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Sze Sýuý bel­le­di.

Müňden gowrak uçary internete birikdirdi

«SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy «Star­link» hem­ra ul­ga­my­nyň dün­ýä­niň müň­den gow­rak uça­ry­ny ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net bi­len üp­jün eden­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu ba­ra­da Ka­na­da­nyň «West­Jet» we «Te­lus» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ýan­dy­gy yg­lan edi­len­den soň, ha­bar be­ril­di. – «Star­link»-iň ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­ne­ti­ne dün­ýä­niň müň­den gow­rak uça­ry­nyň bi­rik­di­ril­me­gi bu awia­si­on ul­ga­myň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny gör­kez­ýär – di­ýip, «Star­link»-iň kor­po­ra­tiw sa­tuw bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Jeý­son Friç aýt­dy.

Plas­ti­ka­ny tab­şy­ran­la­ra ýe­ňil­lik

Abu-Da­bi­niň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry Emir­li­giň hem­me ýe­rin­de gur­lan re­wer­siw en­jam­lar (RVM) ar­ka­ly gaý­ta­dan iş­le­mek üçin plas­tik çüý­şe­le­ri tab­şy­ryp, ýe­ňil­lik­le­ri we bo­nus­la­ry alyp bi­ler­ler. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ara­syn­da ga­lyn­dy­la­ry oý­la­ny­şyk­ly ulan­ma­gy hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, «Tad­we­er Group» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan se­ýil­gäh­ler­de, hö­kü­met bi­na­la­ryn­da we Abu-Da­bi ho­wa men­zi­lin­de 25 sa­ny RVM otur­dyl­dy. RVM – bu plas­tik çüý­şe­le­ri we al­ýu­min gap­la­ry gaý­ta­dan iş­le­me­giň amat­ly usu­ly bo­lup, 2030-njy ýy­la çen­li şeý­le ga­lyn­dy­la­ry 80 gö­te­rim azalt­ma­ga ýar­dam be­rer. Her bir plas­tik çüý­şe ýa-da al­ýu­min gap üçin kre­dit be­ril­ýär. Soň bol­sa bu kre­dit­le­ri dür­li söw­da hyz­mat­daş­la­ryn­dan baý­rak al­mak üçin çal­şyp bo­lar. Hä­zir­ki mak­sat­na­ma­nyň ara­syn­da «No­on.com», «Ama­zon», «Luft­han­sa», «Go­ur­met Lab», «Max», «Less for Marks», «Fil­li», «Emax», «Dream­works Spa» we baş­ga­lar bar.

Özboluşly Gün elektrik stansiýasy

Hy­ta­ýyň Gan­su we­la­ýa­tyn­da dün­ýä­de il­kin­ji go­şa diň­li Gün şöhlesini top­laý­jy elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri ta­mam­la­nyp bar­ýar. Bu ba­ra­da «Na­ked Science» web saý­ty ha­bar ber­ýär. Des­ga kon­sent­rik te­ge­lek­ler­de ýer­leş­di­ri­len 30 müň aý­na bi­len gur­şa­lan 200 metr­lik iki diň­den yba­rat. Tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň ýyl­da 1,8 mil­liard ki­lo­wat-sa­gat­dan gow­rak elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Adat­ça bol­şy ýa­ly, bi­ri­niň ýe­ri­ne iki di­ňiň ula­nyl­ma­gy Gün şöh­le­si­niň ola­ryň her­si­ne iň ýo­ka­ry tä­sir bi­len şöh­le­len­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­re­der we elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni 24 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dy­rar.

Rim wil­la­sy­nyň mer­mer po­ly ta­pyl­dy

Ita­li­ýa­nyň Ba­ko­li şä­he­rin­dä­ki Baý­ýa ar­heo­lo­gi­ýa par­kyn­da su­was­ty abat­la­ýyş tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de alym­lar suw ba­san Rim wil­la­sy­nyň mer­mer po­lu­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Ta­py­lan pol ir dö­wür­ler­de Rim beg­le­ri­niň ka­şaň şy­pa­ha­na­sy hök­mün­de ta­nal­ýan suw ba­san Ba­ýi şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Şä­her wil­la­la­ry, çeş­me-çaý­la­ry we ja­na te­ne­kar ho­wa­sy bi­len ta­na­lyp­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len, Ba­ýi­niň kä­bir ýer­le­ri­ni wul­kan iş­jeň­li­gi we Ýe­riň üst­ki gat­la­gy­nyň ýu­waş-ýu­waş­dan aşak çök­me­gi se­bäp­li suw ba­syp­dyr. Po­luň meý­da­ny, tak­my­nan, 250 ine­dör­dül metr bo­lup, onuň ýa­şy Rim im­pe­ri­ýa­sy­nyň ahyr­ky dö­wür­le­ri­ne de­giş­li ha­sap­lan­ýar. Ol çyl­şy­rym­ly geo­met­rik na­gyş­la­ry eme­le ge­tir­ýän mer­me­riň uly par­ça­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýän «opus secti­le» usu­ly arkaly ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip­dir. Bu tär, köp­lenç, wil­la­lar, köşk­ler we köp­çü­lik ham­mam­la­ry ýa­ly, ka­şaň bi­na­lar­da baý­ly­gy we çe­per­çi­lik taý­dan us­sat­ly­gy gör­kez­mek üçin ula­ny­lyp­dyr. Gy­zyk­ly ýe­ri hem pol öň ula­ny­lan mer­mer­den dü­şe­lip, mu­nuň çyk­da­jy­la­ry azalt­mak mak­sa­dy bi­len edi­len bol­ma­gy müm­kin. Bu hat­da iň baý adam­la­ryň hem ma­li­ýe kyn­çy­lyk­la­ry­ny baş­dan ge­çi­ren­di­gi­ni gör­kez­ýär.

50 ýurdy hyzmatdaşlyga çagyrýar

Hy­taý özü­niň «In­ter­na­tio­nal Lu­nar Re­se­arch Sta­ti­on» (ILRS) Aý stan­si­ýa­sy­nyň çä­gin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­ga 50 ýur­dy çek­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da «SpaceNews» web saý­ty ha­bar ber­ýär. – Biz äh­li ýurt­lar, şol san­da, glo­bal Gü­nor­ta, ös­ýän BRICS ýurt­la­ry, şeý­le hem Gün­ba­tar ýurt­la­ry bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ýo­la goý­mak is­le­ýä­ris – di­ýip, Hy­ta­ýyň Aý göz­leg mak­sat­na­ma­sy­nyň baş konst­ruk­to­ry Wu Weý­ren, «Chi­na Glo­bal Te­levision Net­work» (CGTN) te­le­ýaý­ly­my­ bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

In­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar – döw­rüň ze­rur­ly­gy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmakda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň pudaklarynda sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin zerur şertler döredilýär. Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň, şeý­le hem ýur­du­my­zy 2022–2028-nji ýyl­lar­da ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­syn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­ny iler­let­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şu Mak­sat­na­ma­lar öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­on iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry önüm­çi­li­ge iş­jeň or­naş­dyr­mak­da, ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek­de, giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de esa­sy gu­ral bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we nou-hau­la­ry alyş­mak, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek iş­le­ri ro­waç­lan­ýar.

Halk Mas­la­ha­ty – mil­li däp­le­riň göz­ba­şy

Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmeklige giňden taýýarlyk görülýär. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde bu maslahatyň ägirt uly taryhy ähmiýeti bar. Türk­men jem­gy­ýe­ti­ni do­lan­dyr­ma­gyň iň bir ga­dy­my ins­ti­tut­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Halk Mas­la­ha­ty dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň aý­ryl­maz ara­bag­la­ny­şy­gy­ny be­ýan edip hem-de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­lan ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­mek bi­len, onuň mej­lis­le­rin­de wa­jyp yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy me­se­le­ler ila­tyň giň gat­lak­la­ry­nyň gat­naş­mak­la­ryn­da ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri bi­len mas­la­hat­la­şyp çö­zü­lip­dir. Türk­men hal­ky he­mi­şe ýa­şu­ly nes­le aý­ra­tyn hor­mat bi­len ga­rap, il-ýurt bäh­bit­li iş­ler­de ola­ryň baý dur­muş tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp­dyr we mas­la­hat­ly çöz­güt­le­ri ka­bul edip­dir. Hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür­de halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň bu ha­ky­ky ýö­rel­ge­si ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da my­na­syp or­ny eýe­le­ýär we ag­zy­bir hal­ky­my­zyň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly pä­him­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny ýe­ne

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkidilýär

30-njy iýul­da wi­se-prem­ýer, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-eý­ran to­pa­ry­nyň türk­men ta­ra­py­nyň baş­ly­gy R.Meredow hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy hem-de bu ýer­de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň tä­ze saý­la­nan Prezidenti Ma­sud Pe­zeş­kia­nyň we­zi­pä gi­riş­mek da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri dost­luk­ly ýur­duň Prezidenti ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di. R.Me­re­dow Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti­ne hor­mat­ly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowyň hem-de türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.

Awaza — dostluk mekany

Hazaryň türkmen kenaryndaky ajaýyp «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dost-doganlygyň mekany, halkara derejedäki çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde giňden meşhurdyr. Bu gözel mekanda 1-nji awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi. On günläp dowam etjek bu giň gerimli çärelere şu ýylyň 26 — 30-njy martynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan ýurdumyzyň çagalary hem-de paýtagtymyzda ýerleşýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar gatnaşýarlar.

Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Esenguly etrap merkezi kitaphanasynda hem şeýle çäreleriň biri geçirilip, ol «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» diýlip atlandyryldy. Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň has-da belent tutulýandygyny, onuň nakyla öwrülen ajaýyp goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny, şahyryň arzuw eden zamanasynda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň buýsandyryjydygyny guwanç bilen belläp geçdiler. Kitaphananyň okyjylarynyň beýik akyldaryň şygyrlaryny ýatdan aýtmaklary, ýerli şahyrlaryň söz ussadyna bagyşlap döreden goşgularyny okap bermekleri, etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirmekleri çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi

Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki «Gara Altyn» çagalar we sagaldyş dynç alyş merkezinde «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly bäsleşik geçirdik. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirmeklerini we olaryň medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşige şol ýerde dynç alýan mekdep okuwçylary toparlaýyn gatnaşdylar. Olar goşgy okamakda, aýdym aýtmakda, tans etmekde bäsleşdiler. Şowhunly geçen bäsleşikde öz deň-duşlaryndan tapawutlanyp, ýeňiji bolmagy başaran çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

AŞTU “Smart Goldaw” habar beriş howpsuzlyk we gözegçilik hyzmatyny ýola goýdy

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) “Uly Gaýa” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde habar beriş howpsuzlyk we gözegçilik ulgamynyň “Smart Goldaw” täze hyzmatyny girizdi. Bu barada AŞTU habar berdi. “Smart Goldaw” habar beriş howupsuzlyk we gözegçilik ulgamynyň tehniki enjamlaryň esasy toplumy dolandyryş enjamlaryny, hereketleri belleýji we derwezeleri, gapylary we penjireleri açmak üçin gözegçilik ediji magnit-kontakt gurluşlardan (datçikler), durýar.