Awaza — dostluk mekany

2 Awgust 2024
152

Hazaryň türkmen kenaryndaky ajaýyp «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dost-doganlygyň mekany, halkara derejedäki çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde giňden meşhurdyr. Bu gözel mekanda 1-nji awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi. On günläp dowam etjek bu giň gerimli çärelere şu ýylyň 26 — 30-njy martynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan ýurdumyzyň çagalary hem-de paýtagtymyzda ýerleşýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar gatnaşýarlar.

Aşyrberdi Gurbanow.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».