"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ugur — mekdep bazaryna

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda-da täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyna giň gerim berildi. Şu günler welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan bazarlaryň 6-synyň, dükanlaryň 56-synyň ýanynda gurnalan göçme söwda nokatlaryna gelýänleriň sany barha artýar. Mekdep bazarlaryndaky okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplardyr beýleki harytlar köpgörnüşliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň hiliniň ýokary, bahalarynyň hem elýeterli bolmagy müşderilerde aýratyn gyzyklanma döredýär. Şunda mekdep harytlarynyň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýändigi örän guwandyryjydyr. Döwletiň garamagyndaky we hususy pudagyň wekillerine degişli kärhanalarda öndürilen okuw esbaplary — depderler, gündelikler, surat çekmäge niýetlenen albomlar, dürli kitapçalardyr beýleki okuw gollanmalary ýokary hilli harytlaryň üstüni ýetirmek bilen, göçme söwda nokatlaryna özboluşly bezeg berýär. Aýry-aýry bölümlerde ilata hödürlenilýän dürli biçüwdäki okuwçy lybaslarynyň, aýakgaplaryň bäsdeşlige ukyplydygyny bellemek has ýakymly.

Ýaş nesil hakyndaky alada

Ýakynda edermen gallaçylarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Häzirki günlerde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol bagtyýar çagalaryň ruhy taýdan sagdyn ösmegine, bilim almagyna, saglyklaryny berkitmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna gönükdirilendir. Döwletimiz çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän mümkinçilikleri hemişe üns merkezinde saklap, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň özüni jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmagy üçin ähli zerur şertleri döredýär.

«Bagtyýar nesilde» sapaly dynç alyş

Edil Akpamyjagyň kökejigi ýaly ulagymyzyň tigirleri tigirlene-tigirlene bizi ertekilerdäki ýaly bagy-bossanly, goýny salkyn saýaly, ýodalary gül-lälezarly, serhowuzly bir ajap jaýa — «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine «hä» diýmän ýetirdi. Bu döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi Daşoguz welaýatynyň merkezinden gaty bir uzakda bolmadyk, tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýär. Şol mahal Asman gümmeziniň gündogar erňeginden ýarmaşyp, Göge galyp ugran Güneşiň ýalbyrap dogmasy körpejeleriň gubarsyz ýylgyryşyny ýadymyza saldy. Lummurdap akýan Şabadyň tolkunlaryndaky şadyýanlyk, şähdaçyklyk «äheňleri» gulagymyza hoş owazly mukam bolup eşidildi. Şeýle goýny sapaly, howasy jana şypaly, şabrama derekli Şabat boýlarynda ýerleşýän bu gözel künjekde arly tomus bagtyýar nesiller sapaly dynç alýarlar.

Matematika höwesli oglanjyk

Häzirki wagtda matematika, hasaplama, sanlar, arifmetika ýaly ugurlar bilen gyzyklanýan ýaş nesillerimiziň sany barha artýar. Olar ylym dünýäsine aralaşmaga we täze-täze zatlary gözlemäge, öwrenmäge höwesek. Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty netijesinde ýaş nesiller özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýaryşlarda, olimpiadalarda, halkara bäsleşiklerde görkezip gelýärler. Ine, şeýle zehinli okuwçylaryň biri-de Hemra Gurbanowdyr. Hemra häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 8-nji synpyny üstünlikli tamamlady. 14 ýaşly zehinli oglanjyk indi üç ýyl bäri matematika dersi bilen içgin gyzyklanyp gelýär. Okuwdan boş wagtlary Hemra ýörite sapaklara, okuw merkezlere gatnap, bu ugur boýunça bilimini kämilleşdirýär. Has takygy, ol Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň ýaş olimpiadaçylary taýýarlaýan merkezinde, «Gujurly» bilim merkezinde matematika boýunça bilim alýar. Netijede, Hemra ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde yzygiderli baýrakly orunlary gazanmagy başarýar. Bu bolsa oňa halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara gatnaşmaga, olarda öz zehinini görkezmäge mümkinçilik berdi. Ol şu ýylyň maý aýynyň 26 — 31-i aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent

«Maksadym – suratkeş bolmak»

Maksada okgunlylyk, tutanýerlilik babatda çagajyklaryň erjelligine haýran galýarsyň. Çünki çagalara «Ulalanyňda kim boljak?» diýleninde, olar öz jogaplaryny pert aýdýarlar. Özi-de şeýle aýdyp goýbermeýärler, uly ynam bilen aýdýarlar. Eýýäm birnäçe wagt bäri surat çekmek bilen meşgullanýan Mähri Hemraýewa hem ussat suratkeş bolmagy berk ýüregine düwen jigilerimiziň biri. Heniz çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazyň kagyzyň ýüzüni dürli reňkli boýaglar bilen boýap, bu işinden göwnühoş bolup oýnap-gülşüni synlan terbiýeçisidir enekesi, mekdepde onuň surat dersine ukybynyň ýokarydygyny aňan mugallymlary-da oňa şol ýörgünli sowaly beripdiler. Mähri şol wagtam bu sowala «suratkeş» diýip jogap berýär eken. Hatda bu ugurdan has ökdelemegi üçin ejesi Gülnahal gelneje ony ýörite surat mugallymlaryň birine berkidipdir. Soňra bolsa ol Darganata etrabyndaky çagalar sungat mekdebine gatnaýar we ukyp-başarnygyny has-da artdyrýar. Ol bu çagalar sungat mekdebini üstünlikli tamamlaýar.

Oýlan, pikirlen!

Skanword

Ýurdumyzda mekdep bazarlary ýola goýuldy

1-nji awgustda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde däbe görä, mekdep bazarlary işläp başlady. Ykjam söwda nokatlary kanselýariýa harytlarynyň we okuw esbaplarynyň giň görnüşini hödürleýärler. Täze 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary mekdep lybaslarynyň adaty nusgalaryny satuwa çykardylar. Alyjylara oglanlar üçin eşikler we galstuklar, gyzlar üçin ýaşyl köýnekler we ak öňlükler teklip edilýär. Köp sanly harytlaryň arasynda türkmen tahýalary hem bar.

Asuda ýaşaýşyň goragynda

Eziz watandaşlar! Islendik ýerde elektrik enjamlary ýörite hünärmenler tarapyndan gurnalyp, enjamlaryň ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanylmaly. Sarp edijiligi ýokary elektrik enjamlary gurnalanda, elektrik ulgamy aýratynlykda geçirilip, tok goraýjy oturtmaly. Elektrik geçirijileriniň sütünleri berkidilende, ýönekeý usulda, ýagny enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýa-da bölek sim sarap ulanmak, geçirijileriň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşini ulanmak, çendenaşa işletmek ýa-da gözegçiliksiz goýmak talabalaýyk däldir.

Hatamtaýdan-da jomart

Hatamtaýdan: «Heý, özüňden jomardrak adama sataşdyňyzmy?» diýip sorapdyrlar. Şonda ol şeýle jogap beripdir: «Bir gün bir ýere barşyma ýolda bir ýetim gulamyň öýünde düşledim, onuň on goýny bar eken. Şolaryň birini öldürip, nahar bişirip, maňa getirdi. Men şol goýun etiniň bir ýerini iýip, örän haladym we: «Wallahy, etiň bujagaz ýeri örän tagamly eken» diýdim. Şonda ol gulam daş çykyp, goýunlaryny bir-birden öldürip, meniň şol halan ýerimi bişirip getirdi. Emma meniň mundan habarym ýokdy. Haçan-da, daşary çykyp atlanjak bolanymda görsem, öýüň ýanynda ep-esli gan dökülen eken. Men: «Bu näme?!» diýip soradym. Şonda: «Gulam hemme goýunlaryny öldürdi, bu ganlar şolaryňky» diýdiler. Men oňa käýedim: «Näme üçin beýle iş etdiň?» diýdim. Şonda ol: «Men bir zadyň eýesi bolup, ol-da size ýarasa, şony size harçlamaga dözmesem, munuň özi peslik bolar» diýdi. Şonda Hatamdan: «Sen ol gulamyň hyzmatyna derek näme berdiň?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Üç ýüz gyzyl ýüňli düýe, bäş ýüz goýun» diýipdir. «Onda sen jomardyrak ekeniň» diýenlerinde, Hatam: «Ýok beýle däl, ol bar zadynyň hemmesini berdi, men bolsam bar zadymyň azajyk bölegini oňa berdim» diýipdir.

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). BODO ŞEFER

Beýik özgertmeleriň dowamaty

Şanly günlerimizde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararynyň tassyklanylmagy şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, ýagny 24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigi şübhesizdir. Täze taryhy döwürde berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, döwletimiziň kuwwatlanmagyna ýardam bermekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi däbe öwrülen bu wajyp çäre döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny görkezýär. Onda döwletli geňeş esasynda taryhy çözgütler kabul edilýär.

Köňüllere şugla saçýan sahawat

Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasy bilen başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän beýik işleriň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslenýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýan ildeşlerimiz mynasyp zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna barýar. Bu şanly wakanyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa halkymyzyň agzybirliginiň, hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň aýdyň güwäsine öwrüler. Täze taryhy döwrüň döredijilik kuwwaty bilen amal edilýän oňyn özgertmeler ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamyny-da gurşap aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasy bu ulgama innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ornaşdyrylýandygynyň, ynsan saglygyny goramaga ägirt uly üns berilýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine gemodializ enjamlarynyň sowgat berilmegi-de şanly ýylyň ajaýyp günlerini has-da nurlandyran şatlykly waka öwrüldi. Milli Liderimiziň döwrebap hassahanamyza gelip, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni al

Sport ulgamy: hukuk binýady berkidilýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işlerde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda bolsa ýaş nesliň röwşen geljegi ugrundaky aladalar baş wezipeleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek işini milli parlament esasy we möhüm wezipe edip öňe çykarýar. Çünki demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp döwrebaplaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm talaby hasaplanýar. Döwletimiziň ösüş maksatnamalarynyň, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy ugurlarynda bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini amala aşyrmak derwaýys maksatlar hökmünde kesgitlenýär.

Çagalaryň dostluk kenaryndaky şatlykly günleri

Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşýan çagalaryň dynç alşynyň ikinji güni gyzykly oýunlara, sport ýaryşlaryna beslendi. Ozal habar berşimiz ýaly, bu giň gerimli dynç alyş çärelerine Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen Awazada dynç almaga mümkinçilik gazanan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, gaznanyň hasabyna lukmançylyk bejergilerini alan çagalar hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler gatnaşýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam etmeginde guralýan medeni-köpçülik we sport çäreleriniň ikinji gününde çagalar Russiýadan gelen deň-duşlary bilen ýakyndan tanşyp, dostlaşdylar we döredijiligiň hem-de sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Has takygy, günüň birinji ýarymynda «Daýanç» sagaldyş merkezinde «Biz — Watan buýsanjy, bagtly çagalar» ady bilen asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Çagalar, hususan-da, bagtly çagalygy, şadyýan dynç alşy, dost-doganlyg

Guramaçylyk mejlisleri

29-njy iýulda paýtagtymyzda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. Olaryň dowamynda guramaçylyk meselelerine garaldy. Mejlislerde A.Durdyýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň täze ýolbaşçysyny saýlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu wezipä birnäçe dalaşgär hödürlenilip, olaryň her biriniň hünär, guramaçylyk we beýleki ukyp-başarnyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ses bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine O.Berdiliýewa biragyzdan saýlanyldy. Bu barada degişli kararlar kabul edildi.

Nesiller baradaky alada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşleriň röwşen ýolundan öňe barýan eziz Diýarymyzda çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan bu işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan çagalar bilen baglanyşykly kanunçylygy kämilleşdirmek, kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak boýunça alnyp barylýan işler ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigi aýdylýar. Ýurdumyzda kanunyň hökmürowanlygy, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adam diýlip ykrar edilen binýatlaýyn ýörelgä esaslanyp, raýat jemgyýetiniň kemala getirilmegi esasy gymmatlyklar hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzda çagalaryň hukuk goragyny üpjün etmek ugrundaky kanunçylygy kämilleşdirmäge we olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär.

Dost-doganlygyň me­ka­ny

Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin we sport çä­re­le­ri­ne ba­dal­ga be­ril­di Go­laý­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýar­dam ber­me­gin­de gu­ral­ýan «Awa­za — dost­luk me­ka­ny» at­ly me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin we sport çä­re­le­ri­ne ba­dal­ga be­ril­di. Oňa şu ýy­lyň 26 — 30-njy mar­ty ara­ly­gyn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­syn­da 1-nji or­na my­na­syp bo­lan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň mek­dep okuw­çy­la­ry, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň he­ma­ýat-gol­daw­la­ry bi­len be­jer­gi alan ýur­du­my­zyň ça­ga­la­ry hem-de paý­tag­ty­myz­da­ky Döw­let­li­ler köş­gün­de ter­bi­ýe­len­ýän we bi­lim al­ýan ça­ga­lar gat­naş­ýar­lar.

Mekdep bazarlary işläp başlady

Golaýda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etrap merkezlerinde, şäherlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralýan mekdep bazarlary hereket edip başlady. Biz mekdep okuwçylaryna niýetlenen bazarlaryň işleri bilen gyzyklanyp, paýtagtymyzyň «Teke bazarynda» bolduk. «Mekdep bazaryna hoş geldiňiz!» diýlip ýazylan bazarda okuwçylar ene-atalary bilen bilelikde özlerine gerekli harytlary görýärler. Ol ýerde gyzjagazlar ýaşyl köýnekdir penjekleriň, oglanjyklar bolsa akja köýnekdir gara jalbarlaryň özlerine laýyklaryny saýlaýarlar. Şeýle hem beýleki okuw esbaplaryny alyp gaýdýarlar. Umuman, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmekde mekdep bazarlarynyň hyzmaty uly.

Şatlyk-şowhuna beslendi

«Daýanç» sagaldyş merkezinde çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Çagalar dynç alşyň  ikinji gününde ir säher bilen deňiz kenarynda  dürli maşklary ýerine ýetirdiler. «Awazanyň» jana şypaly howasy bagtyýar çagalaryň göwünlerini göterdi. Ekologiýa taýdan arassa, jana ýakymly deňiz howasy ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Şeýle mümkinçilige eýe bolan çagalar özlerini diýseň bagtly hasaplaýarlar. Olar özleri üçin uly mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.  Irki maşklardan soňra merkezdäki çagalaryň kiçi ýaşly toparlarynyň  arasynda  asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça «Biz Watan buýsanjy — bagtly çagalar» atly ýaryş geçirildi. Oňa çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Şeýle hem uly ýaşly toparlaryň arasynda sportuň tanap çekmek, estafeta aralyga ylgamak, ýeňil atletika, güýç synanyşmak görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy. Ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy.

Mukaddes borja wepalylyk

Ýurdumyzda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky döwrebap işler döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara ülňülerine laýyk getirmek bilen birlikde milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge hem amatly şertleri döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşlerini kesgitleýän şeýle kanunlaryň birnäçesi kabul edildi. Şu günler biz degişli gulluklaryň wekilleri bilen bilelikde halk köpçüliginiň arasynda duşuşyklary gurap, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini giňden düşündirýäris. Duşuşyklarda edilýän çykyşlarda adam hukuklaryny we azatlyklaryny, raýatlaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmäge, maşgala gymmatlyklaryny, maşgalany, eneligi we çagalygy goramaga, maşgala we nika gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen giň maksatnamalaýyn işler wagyz edilýär. Şeýle hem bu ugurdaky işleri kanunçylyk taýdan berkitmekde «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenen «Hossarlyk we howandarlyk edaralary hakynda» düzgünnamanyň uly ähmiýete eýedigi aýratyn nygtalýar. Şeýle duşuşyklara, wagyz-ündew çärelerine ýaşuly nesliň wekilleriniň, bilim we saglygy goraýyş işgärleriniň işjeň gatnaşmaklary bu işleriň netijeliligini has-da artdyrýar.