Çagalaryň dostluk kenaryndaky şatlykly günleri

3 Awgust 2024
204

Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşýan çagalaryň dynç alşynyň ikinji güni gyzykly oýunlara, sport ýaryşlaryna beslendi. Ozal habar berşimiz ýaly, bu giň gerimli dynç alyş çärelerine Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen Awazada dynç almaga mümkinçilik gazanan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, gaznanyň hasabyna lukmançylyk bejergilerini alan çagalar hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler gatnaşýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam etmeginde guralýan medeni-köpçülik we sport çäreleriniň ikinji gününde çagalar Russiýadan gelen deň-duşlary bilen ýakyndan tanşyp, dostlaşdylar we döredijiligiň hem-de sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Has takygy, günüň birinji ýarymynda «Daýanç» sagaldyş merkezinde «Biz — Watan buýsanjy, bagtly çagalar» ady bilen asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Çagalar, hususan-da, bagtly çagalygy, şadyýan dynç alşy, dost-doganlygy we abadançylygy wasp edýän şekilleri döretdiler.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.