"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Medeni hyzmatdaşlyk

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy pursatlara, buýsandyryjy üstünliklere, döredijilikli başlangyçlara baý ýyl bolup, döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Bu ýylyň taryhy aýratynlygynyň ýene bir sebäbi-de döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy bilen baglydyr. Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, döwlet Baştutanymyza mähriban Watanymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini artdyrmakda alyp barýan yzygiderli hem-de maksada okgunly işleri üçin şeýle belent adyň dakylmagy halkymyz bilen bilelikde biz — ýaşlar üçin hem örän buýsandyryjy, guwandyryjy, şatlykly habar boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara guramalar bilen bilim we ylym babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, umumy medeni giňişligi döretmek, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ylym, bilim, medeni diplomatiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Dünýä döwletleri, halkara guramalar, aýratyn-da, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Parahatçylygyň we ösüşiň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň abraýy has-da belent derejelere eýe bolýar. Hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde öňe süren birnäçe möhüm teklipleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürmegi we olaryň dünýä jemgyýetçiliginde gyzyklanma döretmegi, goldaw tapmagy bilen berkarar döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Bişkek şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji oktýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary!Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Aýratynam, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýurdumyzyň köp ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşy bolup gelýär. Eziz Watanymyz 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan gününden bäri bu abraýly halkara gurama bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda özara hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gymmatly tejribesi toplandy. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüdiň kabul edilendigi baradaky aýdan şatlykly habary-da aýdyň tassyklaýar.

Hytaýyň daşary işler ministri Türkmenistanyň üçünji «Bir guşak — bir ýol» forumyna gatnaşmagyny gutlady

Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Türkmenistany Pekin şäherinde geçirilýän «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumyna gatnaşmagy bilen gutlady. Bu barada «Sinhua» habarlar agentligi habar berdi. Hytaýyň daşary işler ministri türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň bu möhüm çärä gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine we dürli möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigini aýtdy.

Türkmenistan Astrahanda geçiriljek halkara ulag forumyna gatnaşar

25-26-njy oktýabrda Astrahanda «Demigrazyk — Günorta» HUG — täze konsepsiýa» atly halkara forum geçiriler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrligi habar berdi. Bellenilişi ýaly, foruma 150-den gowrak kompaniýadan, şol sanda Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistandan, Hindistandan, Pakistandan, BAE-den we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşarlar. Gatnaşyjylar ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle-de «Demirgazyk — Günorta» HUG taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly amaly meseleler boýunça pikir alşarlar.

Parahatçylyk döredijilik — Türkmenistanyň nobatdaky başlangyçlarynyň esasy

Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda täze başlangyçlary öňe sürüp, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde öňe süren birnäçe möhüm teklipleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz bu duşuşygyň GDA-nyň çäklerinde ählumumy we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça yzygiderli, köpugurly dialogyň dowamy bolup durýandygyny belläp, döwletleriň Arkalaşygyň formatyndaky özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleler boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdi.

Ýüreklere uzaýan dostluk ýollary

Aşgabadyň ajaýyp Halkara howa menzili. Uçuş zolagyndan dostlukly döwlete ugur alan, emaý bilen arassa, asuda asmanymyza göterilip, howa giňişliginde ganat ýaýyp barýan laçyn nyşanly uçaryň aýnasyndan eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin iň amatly, ösen şäherleriniň birine öwrülen, Aziýanyň merjeni — gözel Aşgabadyň nurana keşbini belentden synlamak, gör, neneňsi ýakymly! Şähere bezeg berip oturan, agşamky ýagan ýagşa oňat ýuwlan baglardyr ak mermere beslenen binalaryň, düýbünden özgeren G.Kulyýew köçesiniň ugruna görk berýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara jaýlarynyň we söwda merkezleriniň gündogara uzaýan hatarlarynyň barha daşlaşýan görkünde gözüň eglenende paýtagtymyzda, şonuň ýaly-da ýurdumyzda bitirilýän beýik işlere buýsanjyň artýar. Şu pursatlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Prezident wezipesine girişen günlerinde aýdan sözleri hakydaňa dolýar. «Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem

«Digital Bridge 2023» atly halkara forumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gazagyztan Respublikasynyň  Astana şäherinde ýokary derejeli geçirilen «Digital Bridge 2023» atly halkara forumuna 30-dan gowrak ýurduň 20 000-den gowrak ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Halkara foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew gatnaşyp, forumyň esasy maksadyny nygtamak bilen, innowasion ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we çuňlaşdyrmak, bu ugurlar boýunça tejribe alyşmak babatynda öňde goýlan wezipeler barada söz sözledi.

Türkmenistanyň ýol-ulag düzümi Özbegistany Russiýa bilen baglanyşdyrar

Türkmenistanyň ýol-ulag düzümi Özbegistany Russiýanyň Hazar deňzindäki portlary bilen özara baglanyşdyrar. Şeýlelikde, Özbegistan Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesine birikmäge oňat mümkinçilik alar. Bu boýunça Russiýa Federasiýasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ulag ministrleri Witaliý Sawelýow we Ilhom Mahkamow degişli ylalaşyga geldiler diýip, Özbgegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri mälim edýär. Häzirki wagtda Özbegistan sebitde bar bolan ähli ulag-logistika mümkinçilikleir ýerlikli ulanmak arkaly öz önümlerini dünýä bazaryna diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda iş alyp barýar. Türkmenistanyň demir ýollarynyň ulanylmagy şeýle ädimleriň biri bolup biler.

Halkara awtoulaglar birleşiginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Eýranyň ýollarynyň geçirijiligine ýokary baha berdi

Halkara awtoulaglar birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän Gündogar - Günbatar ugrunyň Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerind egeçýän günorta şahasynyň geçirijilik mümkinçiliklerine ýokary baha berdi. Onuň sözlerine görä, öňdebaryjy tejribeleriň we sanly TIR ulgamynyň ornaşdyrylmagy, gümrük we serhetüsti geçmek işiniň ýeňilleşdirilmegi wagty tygşytlamaga we ulag geçelgesiniň geçirjiligini has-da ýokarlandyrmaga şert döreder. Bu barada ol Ženewa şäherinde Eýranyň Gümrük administrasiýasynyň başlygy Mohammed Rezwanifarom bilen bolan duşuşygynda mälim etdi.

Bişkek sammiti: dostluk hem arkalaşyk ruhy bilen täze belentliklere

Häzirki zaman dünýäsinde Ýer ýüzünde ýaşaýan milliardlarça adamyň şu günki ykbalynyň hem nurana geljeginiň köp babatda döwletleriň Liderleri tarapyndan alnyp barylýan deňagramly syýasata, kabul edilýän oýlanyşykly çözgütlere, olaryň pugta syýasy erk-islegine baglydygy jedelsiz hakykatdyr. Şunda ýurtlaryňdyr halklaryň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmek hemişe baş maksat hasaplanypdyr. Dünýäde dowam edýän häzirki çylşyrymly şertlerde bolsa munuň özi has derwaýys zerurlyga öwrülýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Baştutanlary-da ýygy-ýygydan duşuşyp, köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda döwrüň ýüze çykarýan şu we beýleki möhüm meselelerini ýakyndan ara alyp maslahatlaşýarlar. 13-nji oktýabrda Bişkekde geçirilen nobatdaky sammit hem dostlukly döwletleriň Liderleriniň 8-sini bir meýdança jemledi. Halkara syýasatda 30 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy dünýäde iň täsirli sebitleýin guramalaryň biri hökmünde öz ornuny yzygiderli berkidip gelýär. Syýasatşynaslaryň köpüsi döwletara gatnaşyklaryň tas ähli ugurlaryny öz içine alýandygyny, şunda gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň bähbitleriniň göz öňünde tutulýandygyny Arkalaşygyň esasy üstünligi hasaplaýarlar. Elbetde, bu dogry. Ýöne gurama girýän döwletleriň iň ýakyn goňşularymyz, hoşniýetli dostlarymyz we ygtybarly hyzmatdaşlarymyz bolmagy, GDA-nyň giňişligindä

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi üstünlikli geçirildi

Ýakynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň biridir. Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn we dolandyryş edaralaryň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular, şeýle-de  dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ugurlarynda iş alyp barýan hünärmenler gatnaşdylar.

«EKSPO — 2023 Doha»: Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat»

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň bütindünýä we ýöriteleşdirilen halkara sergilere işjeň gatnaşmagy hem dürli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Katar döwletiniň paýtagty Doha şäherinde Halkara sergiler býurosynyň goldaw bermeginde guralýan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisiniň çäklerinde 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününiň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi hem ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda amala aşyrylýan tagallalary Ýer ýüzüne äşgär etdi. Şeýle ajaýyp baýramçylygyň şaýady bolmak bagt bolsa, dostlukly ýurtda gören-eşidenleriňi hem-de halkara sergi baradaky bilýänleriňi okyjylar bilen paýlaşmak iki esse ýakymlydyr. Täsinlikleriň we täzeçillikleriň mekany

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan halkara sebitleýin seminar geçirildi

Soňky ýyllarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen döwletimiziň gümrük syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işini sanly ulgam arkaly amala aşyrmakda, harby gullukçylaryň hünär derejelerini kämilleşdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Hut şu ýylyň dowamynda halkara guramalary we daşary ýurtlaryň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde gümrük işgärleri üçin sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw çäreleriniň we iş duşuşyklarynyň 50-den gowragyna 300-e golaý harby gullukçylarymyz gatnaşdylar. Şeýle-de onlarça harby gullukçylarymyz daşary ýurtlaryň ençemesinde gümrük işiniň dürli ugurlary boýunça guralan hünär kämilleşdiriş sapaklaryny geçdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Maksatnamasynyň» çäklerinde ýörite port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda dürli gümrük nokatlarynda ýörite okuwlar geçirildi. Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde dürli gümrük edaralarynyň işi bilen ýakyndan tanyşmak bilen, ýurdumyzda gümrük işiniň milli kanunçylygymyza laýyklykda amala aşyrylyşyna ýo

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Digital Bridge — 2023» tehnoforumyna gatnaşdy

Astanada geçirilen «Digital Bridge — 2023» tehnologiki forumyna dünýäniň 30 ýurdundan 20 müňden gowrak wekil we 300-e golaý IT kompaniýa, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem gatnaşdy.  Sanly ulgamyň we emeli intellektiň, ylmy we tehnologiki ideýalaryň işlenip taýýarlanmagyna we girizilmegine bagyşlanan bu ýokary derejeli foruma Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem geldi. Ol öz çykyşynda soňky ýyllarda «Digital-Bridge»-iň Merkezi Aziýanyň IT senagatyndaky häzirki we geljekki ösüş ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ägirt uly meýdança öwrülendigini belledi.

Arkadagyň ynsanperwerligi kalplary ýyladýar

Sabir Fazal MUHAMMAD,Owganystanyň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili: — Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklaryny alyp barjak hususy düzümleriň işe başlamagyna ak pata berildi. Şeýle-de biziň bu ýere ýygnanyşmagymyzyň düýp sebäpleriniň biri 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleri okamak bilen bagly boldy. Hormatly Arkadagyň türkmen halkynyň «Boljak işe çäre ýok» diýen parasatly jümlesini getirip, bu sadakada golaýda Owganystanda bolup geçen weýrançylykly ýertitremede wepat bolanlaryň hem ýatlanýandygyny aýtmagy hoşniýetli goňşuçylygyň, hakyky ynsanperwerligiň nyşany bolup kalbymyza doldy.

Ibn Sinanyň eserlerinde pelsepäniň umumy häsiýeti

Hidaýet PEKER,Türkiýe Respublikasynyň Uludag uniwersitetiniň professory. Orta asyr yslam pelsepesiniň taryhynda iň meşhur filosoflaryň biri bolan Ibn Sina yslamdan soňky döwürlerde öňe süren pikirleri we olaryň esasynda ýazylan eserleri bilen mynasyp yz goýan alymlaryň biridir. Orta asyr yslam pelsepesi, pelsepäniň dürli düzgünlerini düýpgöter başga salgylanmalara esaslanyp, jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylan filosofik tejribäni görkezýär. Ibn Sinanyň bu ugurda möhüm orny eýeleýän, iň görnükli akyldar bolandygy şübhesiz hakykatdyr. Onuň yslam pelsepesiniň taryhyndaky ähmiýeti, bir tarapdan, filosofiýa ulgamynda dürli salgylanmalary özara birleşdirmeginden, beýleki tarapdan bolsa muny stil we usul taýdan işlemeginden gelip çykýar. Şol sebäpden, Ibn Sina Gündogarda-da, Günbatarda-da iň meşhur akyldardyr. Munuň şeýledigini Lukman Hekimden soň yslam filosofiýasynda onuň pelsepesine ters gelýän esasy tezislerde-de görmek bolýar. Dürli ugurlarda intellektual işler bilen meşgullanan akyldarlaryň pikirlerine we filosofiýasyna has oňat düşünmek maksady bilen ýazylan teswirlerde-de şol täsiri duýmak mümkin.

Dostluk. Hoşniýetlilik. Işewürlik

Türkmenistan döwletimizde «Açyk gapylar» syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu gatnaşyklar dostlukly döwletler bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda ösdürilmän, eýsem-de bolsa, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem ilerledilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen subut edýär. 9-njy oktýabrda döwlet Baştutanymyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi. Myhman Türkmenistan bilen ÝHHG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Ynsanperwerlik kömegi ugradyldy

Owganystanda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken dostlukly döwletiň halkyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda ynsanperwerlik kömegi iberildi. Ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden ybaratdyr. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegiň iberilmegi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleriniň berkarar bolýandygyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ilerledýär. Ejir çekenlere goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň dessin kabul edilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralanmagyna ygrarlydygynyň nyşanydyr.