Arkadagyň ynsanperwerligi kalplary ýyladýar

14 Oktýabr 2023
734

Sabir Fazal MUHAMMAD,
Owganystanyň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili:

— Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklaryny alyp barjak hususy düzümleriň işe başlamagyna ak pata berildi. Şeýle-de biziň bu ýere ýygnanyşmagymyzyň düýp sebäpleriniň biri 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleri okamak bilen bagly boldy. Hormatly Arkadagyň türkmen halkynyň «Boljak işe çäre ýok» diýen parasatly jümlesini getirip, bu sadakada golaýda Owganystanda bolup geçen weýrançylykly ýertitremede wepat bolanlaryň hem ýatlanýandygyny aýtmagy hoşniýetli goňşuçylygyň, hakyky ynsanperwerligiň nyşany bolup kalbymyza doldy.