"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygyndaky çykyşy

(Pekin şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabry) Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpin!

Milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar

Mälim bolşy ýaly, 17 — 19-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýanynda bolan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bu ýerde guralan medeni çärelere gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysadyýetde özara arabaglanyşyk, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejesinde alyşmak dünýä ösüşiniň obýektiw ýagdaýlary bolup durýandygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, olar önümçilikde has ysnyşykly kooperasiýany, ýakynlaşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň, bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy Pekin — Aşgabat, 19-njy oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

«Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň uly geljegi bar»

diýip, dostlukly ýurduň wekilleri biragyzdan belleýärler Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen iş duşuşyklary geçirildi. Daşary syýasy ugurda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlary boýunça geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, agzalan ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hytaý tarapynyň wekilleri bilen guralan duşuşyklaryň esasyny düzdi.

Pekin forumy: Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge ygrarlylyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin 17 — 19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary biziň ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Saparyň birinji gününde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we sapar wagty ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşýan belent mertebeli myhmanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hormatyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň adyndan berlen resmi agşamlyk naharyna gatnaşdylar.

Bişkek sammiti: açyk we deňhukukly dialogy pugtalandyryp

Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji oktýabrda Bişkekde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy hem bu hakykaty aýdyň görkezýär. «Manas» Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Köpöwüşginli sungatyň toýy

11-nji oktýabrda Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi. Agşam «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýle çäreler ozal Aşgabatda guralýardy. Aýdym-saz agşamy ýurdumyzyň görnükli aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly aýdym bilen açyldy.

Ýaşlar hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň goldaw-hemaýatlaryndan göwünleri galkynýan türkmen ýaşlary ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge-de uly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem daşary ýurtlaryň ýaşlar birleşikleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. 11 — 13-nji oktýabr aralygynda goňşy Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk etmek we ynamy berkitmek boýunça Ýaşlar geňeşiniň 6-njy mejlisi hem-de şol Geňeşiň çäklerinde «Nesilleriň dialogy» atly forum hem bu ugurda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Medeniýetleriň mähribanlygy

Orta asyrlarda dünýä ýaň salan Beýik Ýüpek ýoly halklaryň we döwletleriň medeniýetini mähribanlyk bilen birleşdirdi. Gahryman Arkadagymyzyň adybir eserinde nygtaýşy ýaly Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir. Gadymy we orta asyrlardan başlanan ykdysady we medeni gatnaşyklar häzirki döwürde hem döwrebap derejede ösdürilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Koreýanyň Ulag instituty Türkmenistandaky demir ýol taslamalaryna gatnaşmaga çagyryldy

“Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri Koreýanyň Ulag institutynyň (KOTI) ylmy barlagçylaryny Türkmenistanda durmuşa geçirilýän demir ýol taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy. Koreý tarapy bu ugurdaky işlere gyzyklanmalaryny beýan etdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa düzümleriniň wekilleri Koreýa Respublikasyndan ulag-logistika taslamalaryny çekmek meselelerine hem seretdiler. Bu esasan, türkmen demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek işlerini maliýeleşdirmek bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistan Hazar, Baltika, Gara deňizlerine çykýan ulag ulgamynyň döredilmegine gatnaşýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki “Bir guşak, bir ýol” Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatynda häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag we logistika düzüminiň köp şahaly ulgamyny döredýändigini we geljekde bu ulgamyň Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirjekdigini aýtdy. “Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary Pekin, 18-nji oktýabr (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.

Ulag we kommunikasiýalar Agentliginiň Baş direktory hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

16-njy oktýabrda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar Agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew awtoulag serişdelerini öndürýän «Shaanxi Heavy Duty Automobile Import & Export co., LTD» we «Yutong Bus Co., Ltd.» hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Geçirilen duşuşyklarda, taraplar awtoulag serişdelerini Türkmenistana ibermek boýunça gelejekki hyzmatdaşlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Saglyk bähbitli hyzmatdaşlyk

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özara iki taraplaýyn bähbitli hem-de, şol bir wagtda, dünýäde parahatçylygy berkitmek, abadan, eşretli ýaşaýşy üpjün etmek babatynda halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasaty, esasan-da, her bir ynsanyň sagdyn bolmagyny, päk zähmetiň hözirini görüp, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Berkarar döwletiň bu syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede aýdyň beýanyny tapýar. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, şeýle hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda her bir raýatyň abadan ýaşaýşyny, saglygyny üpjün etmegiň wezipeleri takyk kesgitlenilýär.

Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary syýasaty netijesinde berkarar Diýarymyzyň arap döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Şu ýylyň 19-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen sammitine gatnaşmagy hem muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistanyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň düzümine girýän alty ýurt — Saud Arabystany Patyşalygy, Birleşen Arap Emirlikleri, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Bahreýn Patyşalygy we Oman Soltanlygy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha giňelýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-arap hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ylym-bilim we ynsanperwer ulgamlarynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan tarapyndan bir okuw otagynyň we kitaphananyň doly kompýuter we multimedia enjamlary hem-de okuw kitaplarydyr gollanmalary bilen üpjün edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hytaý zenanlarynyň sarpasy

Hytaý nakyllarynyň birinde: “Aýal maslahatlaşmak, gaýyn sylamak, ene söýmek üçin berlendir” diýilýär. Zenanlary hytaý halkynyň näderejede sarpalaýandygyny bu nakylyň manysyndanam aňmak bolýar. Zenan sarpasyny şeýle belentde tutýan hytaý halky bu günki gün “Zenanlar we çagalar” döwlet muzeýini döretmek bilen, hytaý zenanlarynyň mertebesini has-da belende galdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady

Aşgabat — Pekin, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Sapara ugramazdan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi. Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Biziň ýurdumyzyň şu gezekki sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda “Bir guşak, bir ýol” forumynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ädim hökmünde garaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar netijesinde oňyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Bilim — bitewülik ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň dowam edýän günlerinde, «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere-de aýratyn üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda HHR bilen gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Munuň şeýledigine dostlukly döwletde geçirilen bilim forumlary hem şaýatlyk edýär. 2023-nji ýylyň 21 — 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektoryndan hem-de institutyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktoryndan ybarat wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde iş saparynda bolup, Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa institutynyň guramagynda geçirilen «Hytaý — Merkezi Aziýa» seljeriş merkezleriniň III forumyna gatnaşdy. Forumyň açylyş dabarasynda Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň wise-başlygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçileriniň wideoçykyşlary boldy. Olar geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dostlukly gatnaşykla

Abadan durmuşyň kepili

Halkymyzyň «Gallaly öý — Allaly öý», «Gallam bar — tyllam bar», «Bugdaýy bolmadygyň ýagdaýy bolmaz» diýen nakyldyr atalar sözleri azyk bolçulygynyň ýurduň ykdysady kuwwatynyň-da, abadançylygynyň-da, ilatyň bagtyýar durmuşynyň-da möhüm görkezijisi hem-de aýrylmaz şerti bolup durýandygyny beýan edýär. Azyk howpsuzlygy bu günki günde ählumumy gün tertibinde möhüm ugur bolmagynda galýar. Ony üpjün etmegiň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň-de, sebitleýin düzümleriň-de bilelikdäki işi, pikirdeşligi, tagallasy bilen mümkindigini dünýä tejribesi aýan edýär. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda dünýäde azyk meselesini çözmek barada aýdanlary hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu meselede BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugry bolup durýar. Dünýäde bolup geçýän dürli ýagdaýlar her hili amatsyz şertleri ýüze çykarmak bilen, azyk meselesiniň çözülmedik meseledigini aýan etdi. Bu meseleleri çözmek üçin, ilkinji nobatda, ýurtlaryň, sebitleriň arasynda agzybirligi, tutanýerliligi, aýgytlylygy berkitmek zerur. Dürli päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütler, täze çemeleşmeler gerek. Şundan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda, Bütindünýä az