Bişkek sammiti: açyk we deňhukukly dialogy pugtalandyryp

19 Oktýabr 2023
691

Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji oktýabrda Bişkekde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy hem bu hakykaty aýdyň görkezýär.

«Manas» Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.