"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Teatr festiwaly – dostluk baýramy

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyñ açylyş dabarasy boldy. Oňa ildeşlerimiz bilen birlikde dünýäniň ýedi ýurdundan 100-den gowrak myhman gatnaşdy. Halkara festiwalynyň geçirilmeginiň esasy maksady halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy berkitmekden hem-de ösdürmekden ybaratdyr.

Günorta Koreýanyň logistika kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny açmak isleýär

Günorta Koreýanyň «Rovigos Inc.» logistika kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny döretmek işleýär. Bu barada «Trend.az» habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, satuw we çykdajylary yzarlamak üçin emeli intellekt tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan belli logistika platformasy bolan «Rovigos» Merkezi Aziýanyň, esasanam Türkmenistanyň bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardyr. Kompaniýanyň baş direktory «Rovigos»-yň seljermesi emeli intellekt esasynda organiki taýdan integrirlenen, satuwlary çaklamaga we bahalaryň tendensiýalaryny yzarlamaga mümkinçilik berýän iň täze çözgütleri üpjün etmekde öňdebaryjydygyna ünsi çekdi.

Daşary ýurtly işewürler Türkmenistanyň ulag-logistika ugurlaryna gyzyklanma bildirdiler

Çarşenbe güni Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň 5-nji işewürlik forumyna gatnaşan Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Pakistanyň işewür toparlary Türkmenistanyň ulag-logistika ugurlaryna gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, işewürler şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary we telekeçiler tarapyndan öndürilýän dokma önümlerine, olaryň öndürýän we dünýäniň ençeme ýurtlaryna eksport edýän, ýokary hilli dürli görnüşli harytlaryna, Türkmenistanda öndürilýän nebit we himiýa önümlerine gyzyklanma bildirdiler. 

“Nokia” Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär

Finlýandiýanyň “Nokia” kompaniýasy Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisiniň çäklerinde kompaniýanyň wekili Iwa Lewinskiý “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen bolan söhbetdeşliginde mälim etdi. Şahsy kiberhowpsuzlyk – bu sanly gurşawda dürli görnüşli kiber hüjümlerinden maglumatlaryň goramaga ýöriteleşen pudakdyr. Ol kiberhüjümleriň netijesinde howp abanyp biljek şahsy, maliýe, şahsyýeti kesgitleýän maglumatlaryň we beýleki esasy elementleriň goraglylygyny üpjün edýär.

Telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalar ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet anna güni Hytaýyň “JD.com Incorporation” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada agentligiň metbugat gullugy habar berdi. Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde bolan duşuşykda bilelikdäki işleriň ugurlaryna, şol sanda elektron söwdany hem-de telekommunikasiýalar pudagyna häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerine garaldy.

Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap

9-njy noýabrda Özbegistanyň garaşsyz taryhynda ilkinji gezek geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitiniň şygarynyň sözbaşa çykarylmagyny örän ýerlikli hasapladyk. Sebäbi bu şygar tarp ýerden döremedi. Dünýäniň syýasy «arhitekturasynyň» özgerýän häzirki döwründe umumadamzat abadançylygyna gönükdirilen döredijilikli syýasatyň orny ýiti duýulýar. Bu, elbetde, bir ýa iki döwletiň başlangyjyny däl-de, ählumumy tagallalaryň birleşdirilip, netijeli çözgütleriň kabul edilmegini talap edýär. 8 million inedördül kilometr çäk. Ýarym milliarddan gowrak adam. Dünýäniň giň bazary. Mineral çig mallaryň we tebigy baýlyklaryň ägirt uly goruna eýe bolan ýer. Bulary özünde jemleýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) döwletara düzümleriň içinde iň baý taryha we köp tejribä eýe bolan guramalaryň biri hasaplanýar. Bu düzüm 1985-nji ýylda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan bilelikde ykdysady maksatlary utgaşdyrmak başlangyjy bilen döredildi.

Türkmen-türk gatnaşyklaryndaky täze sahypa

Köklerini Oguz handan alyp gaýdýan bu iki döwletiň dili bir maşgaladan bolup, taryhy, däp-dessurlary, urp-adatlary we edim-gylymlary bir perdede owaz edýär. Mahlasy, türkmen-türk dost-doganlygy asyrlara şaýatdyr. Asyrlaryň altyn sahypalaryna dolan şol dost-doganlyk gatnaşyklary bu günki gün has-da ilerleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen iki döwletiň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şol hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň netijesinde hem aýdyň görmek bolýar. Resmi saparyň çäklerinde Ankara şäherinde hormatly Prezidentimiz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ädimine öwrüldi. Ikitaraplaýyn duşuşyklarda netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berlip, ýurtlaryň arasynda birnäçe resminamalar baglaşyldy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary okuw bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň bolmagy-da buýsandyryjy wakadyr.

Beýik işleriň ykrarnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary öňden gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyran taryhy sapar boldy. 18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli forumda Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly çykyş etmegi biziň ýurdumyzyň dünýä gatnaşyklarynda jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu maslahata 140-dan gowrak döwletlerden we iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu forumyň esasy göz öňünde tutan meseleleriniň biri soňky döwrüň ýagdaýlarynyň ykdysady işjeňlige ýetiren ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak, ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjek meselelerdir. Şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky özara dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, Beýik Ýüpek ýoluny täze röwüşde dikeltmekde ähmiýeti uly bolar. Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň dowamynda maşgalasy hormatly Ogulgerek Berdimuhamedowa bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşdy. Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp, Hytaýyň medeni gymmatlyklary, baý senetçiliginiň köpdürlüligi bilen ýakyndan tanyşdy. Şol çäreleriň dowamynda Hytaýyň «Doň» çagalar etnografik toparynyň ýerine ýe

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistan YHG-niň giňişligine Ýewraziýa yklymynda ulag-kommunikasiýa merkezleriniň we ugurlarynyň ulgamy hökmünde seredýär. Hut şu maksatdan ugur alnyp, Türkmenistanyň başlangyjy netijesinde agzalan sebitde bilelikdäki birnäçe multimodal ulag-kommunikasiýa taslamalary üstünlikli amala aşyryldy. Aslynda, ulag-kommunikasiýa taslamalaryna ýardam bermek YHG-niň işiniň möhüm ugrudyr. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda guramanyň Aşgabatda bolan sammiti Tejen — Sarahs — Maşat demir ýolunyň açylyş dabarasyndan başlanypdy. Şol gün hem Sarahsda Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Gruziýa ýükleri daşamak we demir ýol gatnawlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada dörttaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilipdi. 1998-nji ýylda Gazagystanda YHG-niň agza döwletleriniň üstaşyr ýük gatnawlary hakda Ylalaşyga gol çekilipdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen gurlan Tejen — Sarahs — Maşat demir ýoly bu düzüme girýän ýurtlaryň söwda dolanyşygynda möhüm ugra öwrüldi. Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň mümkinçilikleri

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

7-8-nji noýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň kiçi söwdagärler we kiçi senagatçylar edarasynyň prezidenti Sajjad Sarwar we Yslamabadyň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Ahsan Zafar Bahtawariniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy döwletimiziň daşary we içeri syýasaty barada tanyşdyryş çäresini geçirdi. Türkmenistanyň ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar we taslamalar baradaky söhbetdeşligiň dowamynda täze «akylly» şäher düşünjesine esaslanýan Arkadag şäheri barada hem gürrüň berildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy Sammitiniň çäklerinde oňa agza ýurtlaryň 5-nji işewürlik maslahaty geçirildi

8-nji noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy Sammitiniň çäklerinde oňa agza ýurtlaryň 5-nji işewürlik maslahatyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan wekiller, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Daşkent şäherindäki «Intercontinental» myhmanhanasynda guralan işewürlik maslahatyna Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň welaýatlarynyň we birnäçe assosiasiýalarynyň wekilleri, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň başlyklary we orunbasarlary öz ýurtlarynyň mümkinçilikleri, hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda we maýa goýumlar barada çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda duşuşyk geçirildi

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa departamentiniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa departamentiniň başlygy Wilýam Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşygynda taraplaryň gyzyklanma bildirýän ugurlary hakynda durlup geçildi. Duşuşykda Wilýam Tompson 2023-nji ýylyň 12 — 14-nji dekabry aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek YHÖG-iň Ýewraziýa hepdeligine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belläp geçdi we ol çäre boýunça umumy düşünje berdi. Ol umumy esasda hususy telekeçiligi toplumynyň hukuk taýdan üpjünçiligi barada belläp, Merkezi Aziýa döwletleri boýunça söwda-ykdysady, maýa goýumlar, logistika ugurlarynda iş alnyp barylýandygyny aýtdy.

Türkmen wekiliýeti Hytaý halkara import sergisine gatnaşdy

5 — 10-njy noýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde 6-njy Hytaý halkara import sergisi geçirildi. Bu giň möçberli çärä dünýäniň 154 ýurdundan we sebitlerden 3400 töweregi kärhana gatnaşdy. Oba hojalygy, azyk senagaty, awtoulag gurluşygy, çalgy ýaglar, ätiýaçlyk şaýlar, himiýa senagaty, dürli internet tehnologiýalar, kompýuter önümçiligi we üpjünçiligi, dokma senagaty, bezegler, lukmançylyk enjamlary, dermanlyk serişdeleri, taslamalar, oýlap tapmalar ýaly ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrylýan bu halkara serginiň türkmen tarapyndan utgaşdyryjysy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş etdi.

«Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi

9-10-njy noýabrda paýtagtymyzda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy ýokary ruhy göterilişik bilen garşylandy. Iki gün dowam eden sergide myhmanlara dürli ugurlar, şol sanda maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, telemetriýa we ölçeg enjamlary, simsiz aragatnaşyk, professional ses we wideoýazgy enjamlary, kabel önümleridir olaryň düzüm bölekleri boýunça serişdeler görkezildi.

«CZN Burak» restoranlar tory Aşgabatda şahamçasyny açmak isleýär

Ýokary hil, köpdürlülik we amatlylyk. Bular türkmen işewürleriniň halkymyza hödürleýän hyzmatlary bilen manydaş sözler. Hormatly Prezidentimiziň döredýän şertlerinden ruhlanýan türkmen telekeçileri soňky ýyllarda hyzmatlar ulgamynda uly öňegidişlik gazanyp, halkara tejribesini yzygiderli özleşdirýärler. Şolaryň biri hem telekeçi Mergen Begenjowdyr. Hormatly Prezidentimiziň oktýabr aýynyň ahyrynda Türkiýe Respublikasyna bolan ilkinji resmi saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda tejribeli telekeçiniň bütin dünýäde «CZN Burak» ady bilen tanalýan türkiýeli ussat aşpez Burak Özdemir bilen paýtagtymyzda onuň meşhur restoranlar torunyň şahamçasyny açmak barada gazanan ylalaşygy eýýämden ildeşlerimizde uly gyzyklanma döredýär. Şu mynasybetli biziň tanymal aşpez we täze taslama baradaky söhbedimiz hem ussatdan öwrenmegiň ussatlyga ýetmäge kömek edýändigini görkezer. Akyldarlaryň biriniň aýdyşy ýaly, şol bir iş bilen müňlerçe adam meşgullanýan bolsa-da, ony üýtgeşik ýerine ýetirmegi başarýanlar üstünlik gazanýandyr. Özüniň mähirli ýylgyryşy we taýýarlaýan lezzetli tagamlary bilen adygan 29 ýaşly aşpez Burak Özdemiriň üstünliginiň syry hem bu hakykata aýdyň mysal bolup biler. Şol mähirli ýylgyryşyň yzyny üzmezden, kamera seredip taýýarlanýan lezzetli tagamlary ýaş aşpeze millionlaryň arasyndan saýlanmaga kömek etdi. Ýöne üstünlige barýan ýol ýeňil hem gysga b

«Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady

10-njy noýabrda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen we özara bähbitli gatnaşyklara giň mümkinçilikler döreden telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel — 2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty ikinji iş gününi tamamlady. «Türkmenel — 2023» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Taýland Patyşalygy, Hindistan, Päkistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyz, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly, dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-ne golaý kompaniýanyň, şol sanda halkara guramalarynyň 200-den gowrak wekilleri gatnaşdylar.  

Daşkent duşuşygy: bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap

Halkymyzda «Taňry myhmany» diýen düşünje bar. Bu düşünje doganlyk özbek halkynda-da ýörgünli. Myhman Taňry tarapyndan iberilen döwletlilik hasaplanýar... Ynha, 9-njy noýabrda hem özbek paýtagty Daşkent Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet hem hökümet Baştutanlaryny myhmansöýerligiň, hoşniýetliligiň belent ruhy bilen garşy aldy. Şol gün «Tashkent City» halkara işewürlik merkeziniň Kongres merkezinde «Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap» şygary astynda bu iri guramanyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammiti geçirilip, ol köpugurly gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sammitiň öňüsyrasynda özbek Lideri Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren duşuşygy bolsa bu saparyň türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ilerletmegiň, geljekki wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň hem möhüm pursady bolandygyny tassyklaýar.

Habarlar giňişliginde

«Özbek Lideriniň belleýşi ýaly, laýyk mundan iki ýyl ozal Aşgabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti üstünlikli geçirildi. Türkmenistanda guralan mejlisde kabul edilen möhüm çözgütler düzümiň işine täze itergi berdi. Häzirki wagtda YHG-ny özgertmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara giňişlikdäki abraýyny artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şu gezekki taryhy sammit we onuň netijeleri hem guramanyň netijeli, hereket edýän düzüm hökmünde mundan beýläk-de ilerlemegine, biziň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň täze gözýetimlerini açmaga ýardam berer».

Pikirler, garaýyşlar

Husraw NOZIRI,Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitindäki ÇYKYŞY

(Daşkent şäheri, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary, wekiliýet ýolbaşçylary!Hanymlar we jenaplar!