Beýik işleriň ykrarnamasy

12 Noýabr 2023
1024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary öňden gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyran taryhy sapar boldy. 18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli forumda Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly çykyş etmegi biziň ýurdumyzyň dünýä gatnaşyklarynda jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu maslahata 140-dan gowrak döwletlerden we iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu forumyň esasy göz öňünde tutan meseleleriniň biri soňky döwrüň ýagdaýlarynyň ykdysady işjeňlige ýetiren ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak, ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjek meselelerdir. Şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky özara dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, Beýik Ýüpek ýoluny täze röwüşde dikeltmekde ähmiýeti uly bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň dowamynda maşgalasy hormatly Ogulgerek Berdimuhamedowa bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşdy. Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp, Hytaýyň medeni gymmatlyklary, baý senetçiliginiň köpdürlüligi bilen ýakyndan tanyşdy. Şol çäreleriň dowamynda Hytaýyň «Doň» çagalar etnografik toparynyň ýerine ýetirmeginde «akapella» aýdymy hemmeleriň kalbyny heýjana getirdi. Hytaý halkynda-da edil biziň ýurdumyzdaky ýaly, nesil terbiýesine, olary sungat arkaly terbiýelemeklige uly üns berilýär. Hytaý çagajyklarynyň milli egin-eşikli aýdym bilen sazlaşykly hereketleri dostlukly ýurtda-da gadymdan gelýän däp-dessurlara uly hormat goýulýandygyny görkezýär. Hormatly myhmanlar bilen çagajyklaryň bilelikde surata düşülmegi, milli teatr lybaslarynyň sergisi bilen ýakyndan tanşylmagy ýatda galyjy pursatlary bagyş etdi.

Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş».