"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Strategik hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyna daýanyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda milli bähbitlerimiz dünýä bileleşiginiň umumy bähbitleri bilen doly sazlaşýar. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Şondan bäri ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edip gelýär. Döwletimiz BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde abraýly halkara guramanyň mejlislerine ýokary derejede gatnaşýar.

Türkmen wekiliýeti Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça seminara gatnaşdy

27-28-nji fewralda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri Tbilisi şäherinde geçirilen Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminara göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Seminara Transhazar ulag geçelgesiniň assosiasiýasynyň, sanly ulgamynyň, TRAСEKA-nyň, döwlet edaralaryň wekilleri we degişli pudaklaryň bilermenleri gatnaşdylar. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, seminarda gatnaşyjy ýurtlar boýunça sanly ulgam başlangyçlarynyň özara arabaglanyşygyny emele getirmek babatda täze pikirler öňe sürüldi. Esasan hem, seminaryň maksady dolandyryş we jogapkärçilik, ygtybarly maglumat alyş-çalyşygy we sanly geçelgäniň transformasiýasy üçin möhüm bolup durýan kadalaşdyryjy hukuk binýady emele getirmek ýaly möhüm strategiki ugurlar boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.

“Türkmenistan”  awiakompaniýasy” AGPJ-niň wekilleri 27-29-njy fewral aralygynda “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşdylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri 27-29-njy fewral aralygynda Malaýziýa ýarymadasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän hem-de arhipelagyň 99 adasynyň içinde iň uly ada bolan Langkawi adasynda konferensiýalaryň ilkinji sapar Langkawi Halkara konferensiýalar merkezinde geçirilen “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşdylar. Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine bagyşlanan, ýollary ösdürmek boýunça ýeke-täk çäre bolmak bilen bu forum awiakompaniýalara, howa menzillerine, syýahatçylyk kompaniýalaryna we awiasiýada gyzyklanma bildirýän taraplara duşuşyklar, öňdebaryjy tejribäni alşyp-berişmek üçin hem-de ulgamlaýyn strategiýalary işläp düzmek we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki awiagatnawlaryň geljekki ösüşini üpjün etmek babatda tagallalary birikdirmek üçin meýdançany teklip edýär.

Türkmenistan Transhazar ulag geçelgesi sanly geljege tarap ädimleri sanlylaşdyrmak boýunça seminarda wekilçilik etdi

«Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň hünärmenleri Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminara gatnaşdylar. Seminar Tbilisi şäherinde geçirildi. Türkmenistanyň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly bu çärä gatnaşdylar. Gatnaşanlar Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmagyň geljegini, sanly ulgam merkezini döretmek mümkinçiligini we her ýurtda synag taslamalaryny gözden geçirdiler.

Medeni miras — milli buýsanç

Şu günler sebitlerde geçirilýän «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahatlar düýn öz işini Lebap welaýatynda dowam etdirdi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilen senesiniň we Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasyndaky dabaraly çäre Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de Lebap welaýat häkimligi tarapyndan guraldy. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyza bagyşlanan maslahat welaýatyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirildi. Teatryň girelgesinde dabara gatnaşyjylary bagşylar topary joşgunly aýdym bilen garşy aldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi görnükli sanawdan orun alan milli el işlerimiziň birnäçe görnüşini özünde jemläpdir. Ýerleşdirilen haly we kilim önümleri, keşdeler on barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlaryň sungatynyň barha kämilleşýändigini görkezýär. Myhmanlar sungat işgärleriniň ýerine ýetiren «Noý-noý» aýdymlaryny hem diňlediler.

Gatnaşyklaryň täze sahypalary

Türkmenistanyň daşary syýasatda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary täze belentliklere çykarmaga giň şertleri döredýär. Ýurdumyz dünýä ýüzünde ynsanperwerlige ýugrulan pikirleri öňe sürýänligi bilen ençeme döwletleriňdir halkara guramalaryň goldawyny gazandy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ençeme tutumlary dünýä döwletleriniň aglabasy tarapyndan goldanyldy. Şeýle tagallalar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu gün Türkmenistanyň daşary döwletlere uzaýan dostluk köprüleri has alyslary nazarlaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty ýurdumyzyň Konstitusiýasy, konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem döwletimiziň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.

Türkmen wekiliýeti Gyrgyzystanyň saglyk we sanly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Gyrgyzystanda iş saparynda bolýan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti Gyrgyzystanyň saglyk we sanly ösüş ministriniň orunbasary Bakyt Jangaziýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Saglyk we sanly ösüş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşykda gyrgyz tarapy türkmen wekiliýetine ýurtda saglygy goraýyş ulgamyndaky sanly özgertmeler we ileri tutulýan ugurlar boýunça döwlet syýasaty barada gürrüň berdi.

Igor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi. Myhman blokçeýn (blockchain - iň täze tehnologiýalar) tehnologiýasyna esaslanýan ulaglaryň ähli görnüşleri üçin platforma döretmekde ählumumy taslamalar boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Duşuşykdan soň Igor Borisowiç ORIENT-iň soraglaryna hoşniýetlilik bilen jogap bermäge razy boldy.

Özbegistan we Türkiýe ýük daşamak ulgamynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministrliginde zähmet çekýän kärdeşleri bilen duşuşandyklary «Trend» tarapyndan habar berildi. Maglumatlara görä, Özbegistandan gelen wekiliýet awtomobil ulaglary ulgamynda Türkiýäniň ýolagçy we ýük daşamaga ygtyýarnama bermek, halkara ulag gatnawy üçin rugsat bermegi resmileşdirmek, sanly gözegçilik, bellenen ugurlar boýunça hereket edýän taksileriň işini kadalaşdyrmak, şeýle-de bu ugurda işgärleri taýýarlamak hem-de kämilleşdirmek boýunça tejribesini öwrenýär.

Halkara giňişlikde

Ulag ulgamyndaky tagallalara goşant Golaýda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň 86-njy mejlisi geçirildi. 2050-nji ýyla çenli içerki ulagy karbonsyzlaşdyrmaga geçmek boýunça milli garaýyşlara bagyşlanan mejlise «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy A.Kösäýew hem gatnaşyp, «ýaşyl» port halkara talaplaryna laýyklykda gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen tanyşdyrdy. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Içerki ulag boýunça komitet bilen bilelikde «Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri» atly ugurdaş çäräniň guralmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Oňa döwletleriň 40-syndan, halkara guramalardan diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylarydyr halkara bilermenler derejesinde 70-e golaý wekil gatnaşdy.

Doganlyk halkda akyldara belent sarpa

Magtymguly Pyragy halkymyzyň milli şahyry bolmak bilen çäklenmän, ol «Ýer ýüzüniň hem şahyrydyr» diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Çünki akyldaryň «adamkärçilik» diýlen belent duýga çagyrýan goşgularynyň muşdagy zemin üstünde ýeterlik. Onuň döredijiliginiň üstünden ýüzýyllyklar geçse-de, adamkärçilige, ynsanperwerlige çagyryşlary şu gün hem zer dänesi ýaly gymmatly. Şonuň üçinem ol umumadamzat şahyry hasaplanýar. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda akyldara goýulýan belent sarpadan nyşan bolsa, TÜRKSOÝ-nyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip ykrar etmegi, akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy hem-de onuň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi dünýäde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Aşgabatda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça bäştaraplaýyn duşuşyk geçiriler

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.

Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda iş saparynda bolýar. Şu gün owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ýük gatnawlaryny artdyrmak, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri daşamakda owgan işewürlerine has köp mümkinçilikleri döretmek barada giňişleýin pikir alşyldy.

Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde bilelikdäki söwda bileleşigini döretmegi meýilleşdirýärler

Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde bilelikdäki söwda bileleşigini döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. «Hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, ýük daşamagyň wagtyny azaltmak we bu ulag geçelgesinde (Demirgazyk — Günorta) has döwrebap hyzmatlary ýola goýmak üçin Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň demirýol administrasiýalary bilelikdäki söwda bileleşigini döretmegi meýilleşdirýärler» diýip, Gazagystanyň ulag ministriniň orunbasary Maksat Kaliakparow aýtdy.

Hytaý bilen Gruziýanyň arasynda wizasyz gatnaşyklar ýola goýuldy

Hytaýyň hökümeti Gruziýa üçin wizasyz düzgüni girizmek hakynda karar kabul etdi. Bu barada Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahizde hökümet mejlisinde habar berdi. Gruzin metbugatynyň habar bermegine görä, Gruziýanyň raýatlary mundan beýläk 30 gün Hytaýda wizasyz galmaga mümkinçilik aldylar.

«Weichai Holding Co.Ltd» kompaniýasy ýurdumyzyň gämi gurluşyk bazaryna goşular

2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň wekilleri bilen «Weichai Holding Co.Ltd» kompaniýasynyň Gazagystandaky direktory we söwda işleri boýunça dolandyryjysynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolan «S. Niýazow» gury ýük daşaýan gämisi üçin zerur bolup durýan enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Köpöwüşginli dünýä

Düýn Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Bu ýerde halkymyzyň amaly-haşam sungatyna degişli işleriň sergisi guraldy. Türkmen halkynyň milli medeni mirasynyň görnükli eserleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty, Mary welaýat häkimligi bilelikde guradylar. Sergä çykarylan nepis haly we haly önümleri, keçe, zergärçilik, senetçilik hem-de amaly-haşam sungat eserleri oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Welaýatyň bagşylar topary halkymyzyň gymmatly milli mirasyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän, Gündogar edebiýatynyň beýik söz ussady, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur filosofiýa ýugrulan şygyrlary esasynda döredilen aýdymlary belent heňde, uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Milli mirasyň sarpasy

Türkmen halkynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli medeni mirasynyň görnükli eserlerini «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden wagyz etmek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezleriniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Türkmenbaşy şäherinde «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» ady bilen maslahat geçirildi. Onuň öňüsyrasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkeziniň girelgesinde sergi guraldy. Onda muzeý gymmatlyklary, türkmen zenanlarynyň el işleriniň nusgalary görkezildi. Gelin-gyzlaryň aýdan läleleridir joşgunly gazallary, ussat bagşylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Dabaraly maslahatda çykyş edenler ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk ýyllarynda halkymyzyň milli mirasyny gorap saklamak, ýurdumyzyň medeniýetiniň, sungatynyň hukuk hem-de maddy binýadyny özgertmek babatda düýpli netijeleriň gazanylandygyny aýratyn belläp geçdiler. Netijede, halkymyzyň maddy däl medeni mirasynyň özboluşly gymmatlyklary — «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty,

Ýylykölli Türkmenleriňkide

Biz Täjigistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda geçen üç aýlyk önümçilik tejribeligimiz döwründe Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda ýerleşýän türkmen obasyna baryp gördük. Şol ýerli arkadaşlarymyz obanyň adynyň Lebapdygyny, obada örän irki döwürlerde bu toprakda mesgen tutan türkmenleriň nebereleriniňem, geçen asyryň ortalarynda göçüp gelenleriňem ýaşaýandygyny gürrüň berdiler. Ýerli ilatyň aýtmaklaryna görä, obanyň Lebap ady «leb» we «ab» diýen pars sözlerinden emele gelip, «suwuň ýakasy» diýen manyny aňladýan eken. Bu ajaýyp obanyň bir çetinden gireniňden sazlaşykly gurlan hatarlaýyn jaýlary, al-ýaşyl öwüsýän ekinzarlyklary, nar, alma we üzüm baglaryny, dag etegindäki öri meýdanlarda otlaşyp ýören sürüleri görmek bolýar. Şeýle hem sary dony egne atan atyzlarda altyn güýzüň bolluk bilen eçilen bereketli hasylyny ýygnap, arman-ýadaman zähmet çekip ýören babadaýhanlary göreniňde-de gözüň dokunyp, öz daýhanlarymyz göz öňüňden geçýär. Özge ýurtda, ata Watanyndan uzaklarda ýaşaýandyklaryna garamazdan, türkmenler bu ýerde halal zähmeti bilen güzeranlaryny aýlaýan ekenler. Elbetde, munuň özi ýylykölli arkadaşlarymyzyň örän zähmetsöýerliginden, başarjaňlygyndan, ugurtapyjylygyndan habar berýär.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleri Gyrgyzystanyň Sanly ösüş ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleriniň Gyrgyzystana bolan saparynyň çäklerinde ýurduň Sanly ösüş ministrliginiň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär. Bu sapar BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanda pudagara elektron alyşmalar ulgamyny synag esasynda ornaşdyrmaga ýardam etmek” taslamasynyň çäklerinde guraldy.