Milli mirasyň sarpasy

28 Fewral 2024
513

Türkmen halkynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli medeni mirasynyň görnükli eserlerini «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden wagyz etmek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezleriniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Türkmenbaşy şäherinde «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» ady bilen maslahat geçirildi. Onuň öňüsyrasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkeziniň girelgesinde sergi guraldy. Onda muzeý gymmatlyklary, türkmen zenanlarynyň el işleriniň nusgalary görkezildi. Gelin-gyzlaryň aýdan läleleridir joşgunly gazallary, ussat bagşylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk ýyllarynda halkymyzyň milli mirasyny gorap saklamak, ýurdumyzyň medeniýetiniň, sungatynyň hukuk hem-de maddy binýadyny özgertmek babatda düýpli netijeleriň gazanylandygyny aýratyn belläp geçdiler. Netijede, halkymyzyň maddy däl medeni mirasynyň özboluşly gymmatlyklary — «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty ýaly gymmatlyklarymyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýyllarda has-da ösdürilýändiginiň güwäsidir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalary ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna ýurdumyzdan ilkinji ýazuw ýadygärligi hökmünde girizildi. Maslahatda bular barada buýsançly çykyşlar edildi.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.