"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Belentde abraýyň, şöhratyň, şanyň

Magtymguly, sen beýik sen, beýik sen,Belentde abraýyň, şöhratyň, şanyň.Her jümläňde hak sözleri diýip sen,Ýüregine çuňňur ornap ynsanyň. Soňlanmajak, ebedilik ömür sen,Hak serpaý beripdir akyl ummany.Magtymguly, sen döwran sen, döwür sen,Sözlän her sözüňde bardyr çuň many.

Körpeler degişýärler

— Oglum, kitap okaýşyň nähili seniň? Iki-üç sahypa geçiribem bir kitap okalarmy? — diýip, ejesi Azada geň galýar. — Eje, şu ýerde bir ýarak it bar. Men ondan sowlup geçýän...

Hoşniýetliligiň, päkligiň baýramy

welaýatymyzda uly ruhubelentlige beslendi Hoşniýetliligiň, ruhy päkligiň baýramy bolan Gurban baýramy külli musulman ymmaty üçin iň mukaddes baýramlaryň biridir. Güneşli ülkämizde bu baýram uludan bellenilýär.

Şygyrlary — ýol-ýörelge

Milletiň beýikligi pähimli-paýhasly, il-ýurdunyň ykbalyna ykbalyny gatyp ýaşaýan beýik şahsyýetleri bilen ölçelýär. Magtymguly Pyragy hem agzybirlik, Watana wepalylyk, gahrymançylyk, dostluk, mertlik ýaly pikirleri ündeýän goşgulary bilen halkyň söýgüsini ebedilik gazanypdyr. Magtymguly Pyragy öz döredijiligi bilen milletini beýgelden beýik şahyr bolup, türkmeniň kalbyna çuňňur ornady. Tutuş türkmen edebiýaty Magtymguly Pyragy bilen tanalýar. Akyldar şahyrymyzyň goşgularyny tutuş halk köpçüligi söýüp diňleýär. Geçen asyrlarda türkmen topragyna gelen syýahatçylar hem bu ahwalaty başyndan geçiripdirler. Olar halk arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini bilmeýän kişiniň ýokdugyny, şahyryň goşgularyny edil bagşy diňleýän ýaly üýşüp-üýşüp diňleýändiklerini, dürdäne setirlerinden janlarynyň teselli tapýandygyny öz ýatlamalarynda haýran galmak bilen ýazypdyrlar. Halk öz söýgüli şahyry hakynda dürli rowaýatlary hem döredipdir. Şolaryň birinde Magtymgulynyň goşgy aýdyşykda şahyrlaryň ählisinden üstün çykyşy barada rowaýat edilýär. Şonda şol ýurduň şasy ondan aýdyşyk mahalynda näme üçin at torbanyň üstünde oturyp ýaryşmagynyň sebäbini soraýar. Onda Magtymguly:

Dana Pyragynyň watandaşy men

Neneň guwanmajak ýa begenmejek,Gursagyň buýsançdan dolup dursa seň.Aslymyz Oguz han, Gorkut, Görogly,Dana Pyragynyň watandaşy men. Ykbalyn şygryýet älemne baglan,Ýalňyzyň hemdemi, syrdaşy bolan,Asuda, berkarar döwlet arzuwlan,Dana Pyragynyň watandaşy men.

Ýaşlar — Watanyň geljegi

Döwletimiziň synmaz sütüni “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hemme pudaklarda ýaşlaryň ynamly gadamy bilen uly sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň ertiri, ykbaly ynanylan ýaşlara uly ynam bildirýärler. Ýaşlar şeýle beýik ynamy ödemek üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Sarymsak — serim sag “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen pähimden ugur alyp, halkymyzyň saglygy ugrunda alada edýän lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyny okap oturşyma, dünýäniň ähli ýurtlarynda belli bolan bu dermanlyk ekiniň adamzadyň taryhynda iň ýokary üns merkezinde bolanlygyny, ulanylanlygyny, ekilip köpeldilendigini aňymda aýladym.

Paýtagtda toý dabaralary

Gurban baýramynyň dabaralary paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy. Geçirilen konsertlerde ýaňlanan aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilmegi öz beýanyny tapdy. Gurban baýramy ruhy päkligiň, nurana arzuwlaryň baýramy bolmak bilen, halkymyzy täze ýeňişlere, uly üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň 16-17-18-nji iýunda üç günläp Gurban baýramyny bellemek hakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, ildeşlerimiz bu mübärek baýram günlerinde gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy berjaý edip, gurbanlyk sadakalaryny berdiler, şeýle-de medeniýetli dynç almaga mümkinçilik aldylar. Baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzyň medeni merkezleri hem gapylaryny giňden açyp, şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna döwrebap hyzmatlary hödürledi. Gurban baýramynyň milli däp-dessurlarynyň baş şäherimiziň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler bilen utgaşmagy ähli ýaşdaky watandaşlarymyza ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady.

Hoşmeýilliligiň we jebisligiň baýramy

Gurban baýramy adamzadyň tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan iň gadymy baýramlaryň biri hasaplanýar. Many-mazmunyna milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz siňen Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, Watanymyzyň ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyryp, jemgyýetçilik durmuşymyza aýratyn öwüşgin çaýýar. Şoňa görä, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu mukaddes baýrama bagyşlanyp, üç günüň dowamynda Diýarymyzyň çar künjeginde aýdym-sazly dabaralar, baý mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Gurban baýramynyň bellenilen günleri köpöwüşginli wakalara baý boldy. Esasy dabaralar Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilip, bu ýerde dikilen ak öýlerde halkymyzyň milli däp-dessurlary, milli mirasymyza degişli gymmatlyklar giňden şöhlelendirildi. Toý-baýramlaryň bezegi bolan medeniýet we sungat ussatlary joşgunly çykyşlary bilen bagtyýar raýatlaryň ruhubelentligini has-da artdyrdylar.

Juwan şäherde gadymy baýramyň dabaralary

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheriniň gurulmagy halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi ugrunda beýik işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Geçen ýylyň iýunynda «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze jaýly, täze işli bolmak, ýaşaýan täze şäherine guwanmak, buýsanmak bagtyna eýe boldular. Bu günki gün ýaşamak, işlemek, göwnejaý dynç almak üçin hemme amatlyklar döredilen bu döwrebap şähere göçüp gelen ildeşlerimiz bagtyýar durmuşda ýaşap, goşa-goşadan gelýän toý-baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen belleýärler. Şu günler, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem mübärek Gurban baýramy mynasybetli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şäheriň baýramçylyk meýdançasynda geçirilýän dabaralar halkymyzyň milli däp-dessurlary, toý däpleri bilen utgaşdyrylýar.

Sahawat şuglasy

Balkan welaýatynyň bagtyýar ilaty hem Gurban baýramyny uly şatlyk, ruhubelentlik bilen belleýär. Baýramyň ilkinji gününde sebit merkezindäki baş metjitde hem-de Hazar şäherçesindäki “Hazar” metjidinde baýram namazy okalyp, Watanymyzyň gülläp ösmegi, bu mukaddes baýramyň sahawata beslenmegi barada ýagşy dilegler edildi. Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki bezelen meýdançada geçirilen dabaranyň şowhuny alyslara ýaň saldy. Baýramçylyk çäresi dabaraly toý ýörişi bilen başlandy. Döredijilik toparlary oňa gatnaşyjylary aýdym-sazly çykyşlar bilen mübäreklediler. Dabaranyň geçýän ýerinde gurlan hiňňildikleriň töwereginde jemlenen adamlaryň ýüzlerindäki şatlyk alamatlary bagtyýar durmuşyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Welaýatyň çar künjeginden gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň şirwan perdelere galyp ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor-tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň sahna çykyşlary bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.

MILLI DÄPLER DÖWREBAP RÖWÜŞDE

Gurban baýramynyň dabaralary Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidinde we sebitiň beýleki metjitlerinde baýram namazyny okamakdan başlandy. Soňra toý dabaralary “Türkmeniň ak öýi” binasynyň töwereginde ýaýbaňlandyryldy. Binanyň gapdalyndaky toý meýdançasynda ak öýler dikilip, hakyky küren obanyň keşbi döredildi. Bu ýerde ýörite ýasalan agyllarda ululy-kiçili mallaryň saklanyp, çarwa durmuşynyň beýan edilmegi, ýaş oglan-gyzlaryň hatara dikilen bezemen hiňňildiklerde uçup, göwün açmagy toýçy mähelläniň ruhuny göterdi. Ak öýleriň töweregindäki haşamlanan agaç sekilerde bagşylaryň ýerine ýetiren aýdymlary has-da belentden ýaňlandy. Ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň gadymy nusgalary, şeýle-de häzirki zaman görnüşleri görkezildi. Gelin-gyzlaryň çapraz-çaňňalarynyň şelpelerinden, saçbagynyň düwmelerinden çykýan owazlar bagşylaryň ýerine ýetirýän hoş owazlaryna ulaşyp gitdi. Bu ýere gelenler zergärleriň, senetçileriň döreden sungat eserlerinden, gadymy muzeý gymmatlyklaryny synlamakdan lezzet aldylar. Ýaşulular düzzüm, keçe-keçe ýaly milli oýunlarymyza gatnaşsalar, çagalar aşyk oýnap, “Aýterek-günterek” oýnuna gümra boldular. Bir tarapda gollary berdaşly pälwanlar bil tutuşsalar, çeýeden çakgan ýigitler ýaglyga towusdylar. On barmagyndan dür dökülýän zenanlaryň haly dokaýan, keşde çekip, keçe gülleýän, türkmen halk döredijiliginden parçalary ýerine ýetirýän

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Okyjylaryň sany köpelýär

Beýikligiň huzurynda

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpa ýyl-ýyldan belende göterilýär. Munuň şeýledigini Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde şahyryň ägirt uly ýadygärliginiň gurulmagy-da ähli aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda bu ýadygärligiň hem-de şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy halkymyzy begendirdi. Beýik şahyryň parahatçylygy, bagtly durmuşy ündeýän kämil şygyrlary ynsanlaryň kalbynda müdimilik orun aldy. Ýadygärligi ýakyndan görmek üçin ýola düşenimizde, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň:

Döwrebap awtobuslar halkyň hyzmatynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamynyň düşen ýeri gülläp ösüşleriň, rysgal-berekediň mekanyna öwrülýär. Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde welaýatymyzyň ýaşaýjylary şatlykly wakalaryň şaýatlary boldular. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary wagtynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslarynyň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy şeýle mizemez durmuş hakykatyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Döwrebap awtobuslaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki  awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli geçirilen dabarada milli däp-dessurlarymyz berjaý edildi. Onda il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, önümçilik birleşiginiň baýry işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri çykyş edip, halk hakynda edýän uly aladasy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi her bir güni döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýän, adamzadyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, serkerdeleriniň we professor-mugallymlarynyň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!Hormatly Belent Serkerdebaşymyz! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary hünär bilimine eýe bolan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary bu gün täze durmuş we zähmet ýoluna gadam basýarlar. Siziň bu ýatda galyjy gün mynasybetli ýollan buýsançly Gutlagyňyz ýürekleri «Watan!» diýip urýan uçurymlaryň göwünlerini galkyndyryp, başyny göge ýetirdi. Gutlagdaky: «Siziň watanperwerligiňiz, merdanalygyňyz, batyrlygyňyz hem-de hünär ussatlygyňyz ýurt parahatçylygynyň binýadydyr, merdana türkmen halkynyň abraý-mertebesidir» diýen sözleriňiz Watan goragçylaryna bildirýän belent ynamyňyzdan nyşandyr. Bu ynam biz — uçurymlaryň ata Watanymyza mundan beýläk-de ak ýürekden gulluk etmäge, onuň mukaddes topragyny jan aýaman goramaga bolan höwesimizi, Garaşsyz Diýarymyza, mähriban halkymyza bolan söýgimizi artdyrýar. Biz muňa diýseň guwanýarys we ýollan mähirli Gutlagyňyz, bildiren şeýle belent ynamyňyz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys.

Döwrebap ulaglar ak ýollara rowana

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamynyň düşen ýeri gülläp ösüşlere, rysgal-berekede beslenýär. Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde-de Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şatlykly wakanyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara öwrüldi.

Sahawatlylygyň we salamatlygyň baýramy

Adamyň mertebesi, gadyr-gymmaty hemişe äşgärdir welin, toý-baýramda, üýşmeleňde bar zadyň ölçegi üýtgeşik bolaýýar. Oba-kendiň bilen bile ilden kemsiz toý-dabara geçirmek, märekäniň öňünde durmak üçin diňe öz öýüň-maşgalaň däl, tutuş neberäň agzybir, jebis, birek-biregiň abraýyna şärik bolmagy gerek. Bu gün şeýle synagly, şeýle sylagly, ýakymly gün geldi. Tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, goja Zeminiň üstündäki ebedi ýaşaýşyň mizemez gözbaşy, baky ynsan durmuşynyň süýji tagamy saýylýan, mähir-wepanyň, sahawat-salamatyň synmaz esasy hasaplanýan ynsanperwerligiň toýy — mukaddes Gurban baýramy türkmen topragyna mübärek gadamyny basdy. Aladasynyň artyk bolşy kimin, toýly günleriň dowamlylygam uzak ýaly. Göräýmäge, Gün adatdakydan ir dogup, giç ýaşýan ýaly, belki-de, ýakymly hysyrdylara baglanan adamlar ir örüp, giç ýygnanýandyrlar. Bu günem daň agarany bäri hojalykda uly-kiçiniň hysyrdysy ýetik. Gurbanlyk maly çalnyp, gazanlar ataryldy. Gelin-gyzlar işdäaçar, pişme-çapady, ýagly nan taýýarlamagyň aladasynda. Ýaşulularyň ýüzi metjide bakan, obadaşlary bilen gutlaşmagy, irki baýram namazyna gatnaşmagy, nurana säherde Biribara ýüreklerinde beslän doga-dileglerini ýetirmegi olar parz we mertebe saýýarlar.

Asylly ýörelgelere eýerip

Päkligiň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň we jebisligiň toýy hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolan mukaddes Gurban baýramy, tutuş ýurdumyzyň çäginde bolşy ýaly, gadymy Ahal welaýatynda hem giňden dabaralandyrylýar. Mukaddes toýuň dabaralary obalary, şäherçedir şäherleri gurşap alýar. Döwletli ojaklarda milli toý däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, asylly ýörelgelerimize birkemsiz eýerilip, gurbanlyk sadakalary berilýär, toý gazanlary atarylýar, bereketli saçaklar giňden ýazylýar, birek-birege hödür-kerem edilýär. Gurban baýramynyň ilkinji gününiň ir säherinde welaýatyň ähli metjitlerinde baýram namazy okalyp, ýagşy doga-dilegler edildi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde — «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň toý meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara has-da köp adamly boldy. Welaýat derejesindäki dabara edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşululardyr mährem eneleriň hem-de köp sanly raýatyň gatnaşmagy, ol ýerde baýramçylyk gutlaglarynyň aýdylmagy, mukaddes senäniň ähmiýeti hakda söz açylmagy göwün göteriji duýgulary peşgeş berdi. Ýagşydan-ýagşy arzuwlara beslenen dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Esasy sahnany welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň beýik döwrümiziň, güneşli Diýarymyzyň, dost-doganlygyň waspyny ýetirýän baýramçylyk çykyşlary bezedi.