Şygyrlary — ýol-ýörelge

19 Iýun 2024
304

Milletiň beýikligi pähimli-paýhasly, il-ýurdunyň ykbalyna ykbalyny gatyp ýaşaýan beýik şahsyýetleri bilen ölçelýär. Magtymguly Pyragy hem agzybirlik, Watana wepalylyk, gahrymançylyk, dostluk, mertlik ýaly pikirleri ündeýän goşgulary bilen halkyň söýgüsini ebedilik gazanypdyr.

Magtymguly Pyragy öz döredijiligi bilen milletini beýgelden beýik şahyr bolup, türkmeniň kalbyna çuňňur ornady. Tutuş türkmen edebiýaty Magtymguly Pyragy bilen tanalýar. Akyldar şahyrymyzyň goşgularyny tutuş halk köpçüligi söýüp diňleýär. Geçen asyrlarda türkmen topragyna gelen syýahatçylar hem bu ahwalaty başyndan geçiripdirler. Olar halk arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini bilmeýän kişiniň ýokdugyny, şahyryň goşgularyny edil bagşy diňleýän ýaly üýşüp-üýşüp diňleýändiklerini, dürdäne setirlerinden janlarynyň teselli tapýandygyny öz ýatlamalarynda haýran galmak bilen ýazypdyrlar. Halk öz söýgüli şahyry hakynda dürli rowaýatlary hem döredipdir. Şolaryň birinde Magtymgulynyň goşgy aýdyşykda şahyrlaryň ählisinden üstün çykyşy barada rowaýat edilýär. Şonda şol ýurduň şasy ondan aýdyşyk mahalynda näme üçin at torbanyň üstünde oturyp ýaryşmagynyň sebäbini soraýar. Onda Magtymguly:

Nigara KAÝLIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.