"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ýeň­şe ýet­me­giň esa­sy şer­ti: H­öwes hem-de özü­ňe ynam

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty giň­den wa­gyz et­mek, şeý­le hem ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne ug­ruk­dyr­mak, ola­ry sport ýa­ryş­la­ry­na tür­gen­leş­dir­mek bo­ýun­ça okuw-usu­ly we ama­ly-tej­ri­be iş­le­ri­ni alyp bar­ýan ýaş hü­när­men­le­ri­miz yzy­gi­der­li ýe­tiş­ýär. Biz şeý­le ýaş hü­när­men­le­riň bi­ri bo­lan Ma­ry­nyň Hy­dyr Der­ýa­ýew adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň be­den­ter­bi­ýe mu­gal­ly­my, gö­reş bo­ýun­ça döw­let we hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­la­ryň bir­nä­çe­si­niň ýe­ňi­ji­si, Türkmenistanyň at ga­za­nan sport us­sa­dy La­çyn Gur­ba­no­wa (Badaglyýewa) bi­len söh­bet­deş­lik gu­ra­dyk.

Tä­ze müm­kin­çi­lik­le­riň deň­zi

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024  12-nji aw­gust — Ha­zar deň­zi­niň gü­ni

Awa­za­nyň ke­na­ry

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Ak bi­na­lar gö­ge gö­tär göw­nü­ňi,Awa­za­nyň ke­na­ry­na ba­raň­da.Ak bu­lut­lar ak ýel­ke­ne öw­rü­ler,Awa­za­nyň ke­na­ry­na ba­raň­da.

Sagdynlygyň we sportuň sazlaşygy

Ajaýyp zamanamyzda şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň esasynda hem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa diňe bir şu günki däl-de, geljekki nesilleriň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde hem möhüm ähmiýetlidir. Döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň binýady bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamyň desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi hemmämize mälimdir. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýe bolandygy buýsandyryjy hakykatdyr. Abraýly guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň türkmen lukmanlaryna dürli keselleri anyklamagyň, bejermegiň has netijeli usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýändigini hem bellemek gerek.

Şan-şöhraty arşa galýan Watanym

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde belent ykrarnama eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýär. Daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döwletimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, özara ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň, teklipleriniň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolmagy ýurdumyzyň dünýädäki abraýyna abraý, mertebesine mertebe goşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.

Halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görýän agzybir hem zähmetsöýer halkymyz naýbaşy baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede garşylamak üçin ýokary derejede taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda, ýagny 24-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi naýbaşy baýramyň dabarasyna dabara, şanyna şan goşup, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky mejlisi il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň aýdyň güwäsi bolar. Onda ösüşlere beslenýän zamanamyzda ýetilen belent sepgitleriň jemi jemlenilip, ýurdumyzyň ösüşinde öňde durýan täze wezipeler kesgitlener, il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler.

Hyzmatdaşlygyň hem ylalaşygyň deňzi

Her ýylyň 12-nji awgustynda birnäçe döwletler bilen birlikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem Hazar deňziniň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu halkara sene Hazarýaka döwletleri tarapyndan ýerine ýetirilýän Hazar ekologik maksatnamasynyň çäklerinde işlenip düzülen we 2003-nji ýylyň noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň ähli Hazarýaka döwletleri tarapyndan 2006-njy ýylda tassyklandy we resmi taýdan güýje giren güni bilen baglanyşykly esaslandyryldy. Hazar deňziniň gününiň her ýylda halkara derejede bellenilip geçilmeginiň esasy maksady ony hapalanmakdan goramak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmekden, şeýle hem Hazar deňziniň biologik baýlyklaryny gorap saklamakdan, dikeltmekden, durnukly we rejeli peýdalanmakdan, ilatyň bu barada ekologik bilimini baýlaşdyrmakdan we ekologik medeniýetini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Hazar deňzini gorap saklamakda birnäçe halkara başlangyçlaryny öňe süren ýurdumyzda Hazar deňziniň gününiň uly dabaralara beslenmegi bolsa bu deňze halkymyzyň tebigatyň genji-hazynasy hökmünde garaýandygynyň özboluşly subutnamasydyr.

«Gara altyndaky» gyzykly günler

Çagalar – durmuşyň gül-gunçalary. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bagtyýar ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmegi, okamagy, dynç almagy üçin ajaýyp şert-mümkinçilikler döredilýär. Muňa dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde Diýarymyzyň gözel künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döredilen şertler bilen tanyş bolanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde ýerleşýän «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem çagalaryň höwes bilen dynç alýan, wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirýän merkezleriniň biridir. Bu ýerde tomusky dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 400 çaga dynç alyp bilýär.

Bedenterbiýe we sport

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda ýaş nesiller Diýarymyzyň dürli ýerlerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ajaýyp Gökdere jülgesinde dynç alyp, bagtyýar zamanamyzyň eşretli durmuşynyň hözirini görýärler. Şol ýerlerde çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin hemme şertler we mümkinçilikler döredilendir. Köpetdagyň etegindäki jana şypaly Gökdere jülgesindäki döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde müňlerçe çagalar tomus paslynyň sapaly günlerinde uly ruhubelentlikde dynç alýar. Bu merkezlerde çagalara surat çekmek, aýdym-saz diňlemek, gyzykly kitaplary okamak, açyk asmanyň astyndaky ajaýyp howuzlarda suwa düşmek, dürli oýunlary oýnamak ýaly hezillikler döredilen. Bedenterbiýe maşklary we sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler körpeleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerine, täze dostlary edinmeklerine, özlerine ynamy artdyrmaklaryna ýardam edýär. Sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň sport toplumlarynda futbol, basketbol, woleýbol, ylgaw, tanap çekmek ýaly dürli görnüşler boýunça yzygiderli guralýan ýaryşlaryň şatlyk-şowhuny al-asmana göterilip, tomusky dynç alşyň aýratyn ruhubelentlikde geçirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary hem çagalaryň tomusky dynç alşynyň ýatdan çykmajak pursatlara baý bolmagyna mynasyp goşant goşýar. Ýaryşlaryň ýeňijilerine gowşu

Hoşniýetli gatnaşyklaryň giňişligi

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasaty halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, geljek nesillerimize tebigy baýlyklarymyzy has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde döwletara gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýmak, durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin esasy şert hökmünde sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy, hyzmatdaşlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hazar bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzda dünýä we sebit döwletleri, şol sanda Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli berkidilýär. Gatnaşyklaryň özara ynanyşmak derejesinde uzak geljegi nazarlamagyna bilelikdäki gepleşikleriň netijesinde gol çekilen resminamalar esas bolup durýar. Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşmegine özara duşuşyklarda gol çekilen we tassyklanan resminamalar berk binýat hökmünde uly itergi berýär.

Bagtyýarlygyň mekany

Aňrysyna-bärisine göz ýetmeýän gojaman Hazar ençeme asyrlar bäri kenarynda ýaşaýan halklar üçin rysgal-berekediň we sagdynlygyň çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär. Bu deňiz biziň günlerimize çenli özüniň ajaýyp gözelligini hem-de tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr. Hazarýaka sebitinde ýaşaýan halklaryň, şeýle hem tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine tebigatyň ajaýyp peşgeşini gorap saklamak, deňziň düýbündäki uglewodorod we mineral serişdeleriň bimöçber gorlaryny rejeli peýdalanmak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň esasyny düzýär. Hazaryň kenarynyň jana şypaly howasy, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy her ýyl müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, deňziň kenarynda ýokary ekologik derejäni saklamak boýunça giň gerimli işleriň oňyn netije berýändigini tassyklaýar. Soňky ýyllarda keşbi düýpli özgeren we bagy-bossanlyga bürenen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy adamlaryň gezelenç etmegi, oňaýly dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemläp, häzirki zamanyň ösen talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Amatly howa şertleri hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiý

Halkyň bähbidini nazarlap

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda täze taryhy döwürde parahatçylyk, abadançylyk, jebislik, agzybirlik hem-de halk demokratiýasy rowaçlanýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine barýan şu günlerimiz aýdyňlygy bilen görkezýär. Merdana halkymyz müňýyllyklara uzaýan taryhy ösüş ýolunda ýurduň we il-günüň ykbalyna täsirini ýetirýän möhüm meseleleri halk köpçüligi, bütin il-ulus bolup maslahatlaşyp, agzybirlik we jebislik bilen çözmek ýaly ajaýyp demokratik ýörelgeleri döredipdir. Muňa parasatly pederlerimiziň: «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Iliň güýji — siliň güýji», «Il bilen gelen toýda-baýram», «Halk aýtsa, galp aýtmaz», «Arkalaşyk ikibaşdan, biri daşdan, biri içden», «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» ýaly ajaýyp pähimleri hem güwä geçýär.

Awaza – dostluk mekany

Türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar, sagdyn, ruhubelent durmuşda ýaşamagy üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä nusgalyk şert-mümkinçilikleriň döredilendigine Hazaryň türkmen kenaryna özboluşly bezeg berip oturan, bu günki gün dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bagtyýarlygyň we dost-doganlygyň mekanydyr. Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän Awazada halkara derejede duşuşyklar, dialoglar, forumlar, konsertler we festiwallar yzygiderli geçirilip, dünýä döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejelere götermekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu dürdäne sözleriniň beýik hakykat bolup dabaralanýandygyna ajaýyp künjekde geçirilýän «Awaza – dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri aýdyň subutnama bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze taryhy eýýamda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhun bilen geçirilýän «Awaza – dostluk meka

Täzelikler

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň soňky aýynyň her güni täsirli pursatlara beslenýär. «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem ýaşlaryň dynç alşynyň gyzykly geçmegi ugrunda köp tagallalar edilýär. Golaýda bu ýerde welaýat çagalar kitaphanasynyň guramagynda «Kitap — ylmyň genji-hazynasy» diýen şygar astynda duşuşyk geçirildi. Onda kitaphanaçylar çagalary Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Ady bar-da, özi ýok» atly kitap bilen tanyşdyrdylar. Kitapda türkmen halk ertekileri ýerleşdirilipdir. Şonuň ýaly-da çärede kitaphana işgärleri Magtymguly Pyragynyň täze neşir edilen goşgular ýygyndysy barada gürrüň berdiler. Täze kitapdaky goşgulardan bentler okaldy. Çäre mahalynda çagalar bilen sowal-jogap alşyldy. Aýratyn tapawutlanan ýaşlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Adam hakyndaky alada

Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen berkarar döwletimizde sagdyn jemgyýetimiziň mizemez binýadyny kemala getirmek meselesine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňümizde goýan wezipelerini üstünlikli amal etmek maksady bilen ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Maşgala gatnaşyklaryny berkitmek, ýaşlary döredijilikli zähmete ugrukdyrmak, jemgyýetde asudalygy berkitmek maksady bilen geçirilýän şeýle ähmiýetli çärelerde ýaşuly nesliň wekilleriniň çykyşlaryna uly orun berilýär. Çünki şöhratly pederlerimiziň durmuş tejribesi, görüm-göreldesi biziň her birimize ýol-ýörelgedir. Wagyz-nesihat çärelerinde edilýän çykyşlarda ýaşlarda halallyk, watansöýüjilik we birek-birege hormat goýmak, maşgala gymmatlyklaryny we däplerini gorap saklamak ýörelgeleriniň ähmiýetine aýratyn üns çekilýär. Hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan ugur alyp, güýjümizi gowşatmazdan raýatlaryň arasynda şeýle duşuşyklary, wagyz-ündew işlerini, düşündiriş çärelerini ýygy-ýygydan geçireris. Çünki maşgalanyň we jemgyýetiň agzybirligini berkitmek watançylyk borjumyzdyr.

Röwşen geljege ynamly gadamlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýatlary hakynda edýän hossarlyk aladalary netijesinde halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertleri günsaýyn özgerýär. Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýşynyň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar galkynyşlar döwrümiziň taryhyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça düýpli çözgütleriň kabul edilmegi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary we orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň döwrebap binalarynyň gurlup, bagtyýar nesilleriň ygtyýaryna berilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlar baradaky aladanyň möhüm bölegini düzýär. Ýaşlaryň bilimleri kämil ele almaklaryny gazanmak maksady bilen şu günler täze okuw ýylyna-da ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bilim ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işler ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegine giň ýol açýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän ýaşlary täze gözleglere, asylly işlere ruhlandyrýar.

Watana bolan söýgüden gözbaş alýan beýik işler

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň bu dürdäne sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna üstümizdäki ýylyň geçen döwründe ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, ähli ugurlarda gazanylan ösüşleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Her bir güni taryhy wakalara beslenýän ajaýyp zamanamyzda agzybirligi, jebisligi ýaran edinen halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görýär. Amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň geljekki ýyllarda hem dowamat-dowam boljakdygynyň aýdyň nyşanydyr.

Döwrüň uly üstünlikleri

Gülleýän döwri gurmak, diýmek, onuň ýylgyryşyny gazanmak adamyň özüne bagly. Türkmeniň «Adam eli — gyzyl gül» diýen nakyly hut şunuň bilen baglydyr. Bu nakyly bir adam babatda däl-de, köplük manysynda, ýagny adamlar manysynda, has ulaldyp, halk manysynda aýdanyňda, ähli zat düşnükli we aýan bolýar. Bütin halk bolup gursaň, döretseň, önüm öndürseň hem-de onuň netijesini, biziň ýurdumyzda edilişi ýaly, uly-kiçi — hemmeler bolup, agzybirlikde peýdalansaň, elbetde, adamlar ýylgyrýar, adamlaryň ýylgyrýan wagty olaryň ýaşaýan döwri hem ýylgyrýar. Döwrümiziň ýylgyryşyny görmek üçin bolsa daş-töweregiňe seredäýmeli. Gurulýan şäherler, obalar, ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, zawodlar, fabrikler, şypahanalar, saglyk maksatly edaralar, bereketli bazarlar, söwda merkezleri, demir ýollar, awtomobil, howa, deňiz ýollary, köprüler, geçelgeler, gazdyr elektrik ulgamlary, hyzmatlar, sport, ylym-bilim, köçeler, ýokary tizlikli ýollar, ýeňil hem-de gaýtadan işleýän senagat desgalary, halkara söwda we hyzmatdaşlyk, medeni gatnaşyklar, öwrenilýän taryh, miras... — bularyň hemmesi ösüşde, özgerişde. Şular bilen aýrylmaz baglanyşyklylykda halkymyzyň ruhyýeti, aň-düşünjesi we gözýetimi hem ösüş-özgerişdedir. Halkymyzyň ösüşiň has ýokary derejelerine ýetendigine şübhe ýokdur.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Güýz gyrkymyna guramaçylykly girişiler

Ösüşlere binýat bolup

Welaýatymyzyň agzybir zähmetkeşleri tamamlanýan her bir güni, her bir aýy uly üstünliklere besleýärler. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşlerine saldamly goşant goşulýar. Şanly ýyly şowly jemläp, at-abraý eýeleri bolmak ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýänleriň hatarynda «Lebapgazçykaryş» müdirligiň ruhubelent we başarjaň hünärmenleri hem bar. Olaryň tebigy gazyň öndürilişini artdyrmak ugrunda edýän bilelikdäki tagallalary ýerine düşýär. Tebigy bol gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu gymmatly ýangyjyň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar. Lebaply baýlyk çykaryjylar yhlasly we maksada okgunly zähmet çekip, üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda «mawy ýangyjyň» 6 milliard kub metre golaýyny öndürmegiň hötdesinden geldiler.