Awaza – dostluk mekany

9 Awgust 2024
101

Türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar, sagdyn, ruhubelent durmuşda ýaşamagy üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä nusgalyk şert-mümkinçilikleriň döredilendigine Hazaryň türkmen kenaryna özboluşly bezeg berip oturan, bu günki gün dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bagtyýarlygyň we dost-doganlygyň mekanydyr. Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän Awazada halkara derejede duşuşyklar, dialoglar, forumlar, konsertler we festiwallar yzygiderli geçirilip, dünýä döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejelere götermekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu dürdäne sözleriniň beýik hakykat bolup dabaralanýandygyna ajaýyp künjekde geçirilýän «Awaza – dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri aýdyň subutnama bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze taryhy eýýamda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhun bilen geçirilýän «Awaza – dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri bu hakykatyň aýdyň dabaralanmasydyr. Syýahatçylyk zolagyny baýramçylyk ruhuna beslän çärelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan çagalar, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar, şeýle-de, Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary gatnaşýarlar. Russiýaly çagalar şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orny eýeläp, gözel Awazada dynç almak bagtyna eýe boldular. Olara gazanan üstünlikleri üçin gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de, ady agzalan haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanmalar gowşuryldy.

Aşyr BER­DI­ÝEW.
Su­ra­ta dü­şü­ren­ler Dört­gu­ly MY­RAT­GU­LY­ÝEW, And­reý PA­KU­LOW.