"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Kyssanyň Han dädesi

Aş­ga­ba­dyň mer­ke­zin­de — «Ga­ra­gum» dü­ka­ny­na ýa­na­şyk du­ran ja­ýyň bi­rin­ji ga­tyn­da bir go­ja ýa­şa­ýar­dy. Ol ýa­şu­ly türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň Han dä­de­si, has any­gy, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Han­gel­di Ga­ra­ba­ýew­di. Özi aýt­myş­la­ýyn, kol­hoz gur­lu­şy­gy ýyllary ýet­gin­jek­lik­de gar­şy­lan, dün­ýä­ni sars­dy­ran 1941—1945-nji ýy­llaryň Beýik Watançylyk ur­şy ýyl­la­ryn­da bri­ga­di­riň ta­bel­çi­si-ha­sap­çy­sy bo­lan, hy­ju­wy içi­ne syg­man, gi­je­ler goş­gu­dyr ma­ka­la ýa­zyp, oba­daş­la­ry aýt­myş­la­ýyn, ga­zet-žur­nal­lar­da ga­la­my­ny oka-ýa­ra­ga öw­ren, ga­za­ny­lan Ýe­ňiş­den soň bol­sa özü­niň ze­hin-ba­şar­ny­gy­ny lük­ge­li­gi bi­len ede­bi­ýa­tyň kys­sa žan­ry­na ba­gyş­lan, köp ýyl­lap şol wagt­ky Türk­me­nis­tanyň Ýa­zy­jy­lar bir­le­şi­gi­niň Da­şo­guz we­la­ýa­ty bo­ýun­ça ede­bi kon­sul­tan­ty-mas­la­hat­çy­sy bo­lup iş­län, en­çe­me or­den-me­dal­la­ryň eýe­si, ençe zehinlilere ha­ly­pa­lyk go­lu­ny ýe­ti­ren Han dä­de hak­da in­di ha­ky­da­lar­da ýat­la­ma gal­dy. Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Baý­ram Jüt­di­ýe­wiň su­rat­lan­dy­ry­şy ýa­ly, bo­ýy Da­şo­gu­zdaky şab­rap du­ran be­ýik de­re­ge meň­ze­ýän Han dä­de­miz ede­bi­ýat meý­da­nyn­da-da syr­dam de­rek­le­re meň­zeş ga­ba­ra­ly eser­le­ri dö­re­dip git­di.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň kyssa eserleri hakda söhbet

Şahyr, ýazyjy, dramaturg Nobatguly Rejebowyň nowellalary bilen tanyşmak, olary okamak hem aňyňa siňdirmek seniň gözýetim-garaýşyňda täze bir çeper many-mazmuny açýar. Aňyýetiň heniz açylmadyk taraplaryny mälim edýän nowellalaryň hut özüne mahsus bolan äheňi, many-mazmun ýüki, çeperçilik taýdan dil öwüşginleri bar. N. Rejebowyň «Hajygowşan» atly rowaýat-nowellasy «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2013-nji ýylyň maý aýyndaky birnäçe sanynda çap edilipdir. Ony okanyňda ilki göze ilýän zat, ol-da Döwletmämmet Azadynyň dünýägaraýşyndaky kämillik ýoludyr. Ol kämillik ýoly halky halk edýän adalatlylyk, agzybirlik, ruhy päklik, halallyk, jogapkärçilik, sylaşyklylyk bolup, olar halka dowamly döwletlilik eçilýär. Döwletmämmet Azadynyň ýene-de bir durmuş ýörelgesi bolup, ol ylym-bilim, ýagny öýüň kitaply bolmaly, durmuşyň güli bolup açylýan bagy-bossanlyk öýüň daşyny gurşap durmaly.

Bu gije men bir kitap okadym

Bu gije men bir kitap okadym. Çaklaňja. Şapbat ýaly. Ýeňiljek kitap. Manysy welin Ýer togalagynyň agramyça bar diýdirýär. Ol Çary Ýegenmyradowyň kitaby. Goşgularynyň ýygyndysy. Bu kitap meniň elime öňräk düşdi, ýöne öten gijä çenli ony şeýle gyzygyp, soňuna çenli okap bilmändim. Ýogsam, «Okap göreýin-le» diýip, birnäçe gezek elime-de alypdym ony. Her gezekde-de birki goşgudan aňry geçip bilmän, ýene-de tekjede goýýardym. Dogry, şeýle ýagdaý mende ozalam bir gezek bolupdy. Aýatda diri wagty halypa žurnalist, uruş weterany Mämmet Badaýew maňa Tomas Mannyň «Ýusup hem-de onuň doganlary» («Иосиф и его братя») atly rus dilinde neşir edilen kitabyny sowgat beripdi. Şol kitaby gyzygyp okap başlamagym üçin maňa ýedi ýyl gerek boldy. Ençeme gezek synanyşsam-da, ony okap bilmän gezdim, ýogsam, ol kitap barasynda öwgüli sözleri-de kän eşidipdim. Ine, bir günem ony täzeden elime aldym welin, iki jiltden ybarat şol kitaby bir demde okanymy duýman galdym. Kitabyň gahrymanlary, olaryň hereketleri, arzuw-niýetleri, gatnaşýan wakalary, ýaşan döwürleri — men olara ozaldan belet ýaly, hemmesi birin-birin göz öňümden geçdi. Kitabyň awtoryny bolsa, ylla, köneden tanaýan ýaly duýgyny başdan geçirdim. Kitap meni gyzykly bir dünýä alyp gitdi. Diýjek bolýanym, kitaby okamak üçin oňa taýýarlygyň bolmagy zerur eken. Çarynyň kitaby-da şeýle kitaplardan eken, ol okyjysyny geň-taňlykdan doly täze bir dünýä

«Diňe söýgi döredýändir şahyry»

Güýz — şahyrlaryň pasly, olary heýjana salýan pursatlar. Ajaýyp eserleriň köpüsi güýz paslynda döredi, döreýär, dörär. Döwletmyrat Ýegengulyýewiň hem ilhalar şygyrlarynda güýz pasly aýratyn orun eýeleýär. Şahyr güýzi söýýär. Şahyr güýzi duýýar. Oňa garaşýar.

Şygryýet bossany

Älem içre gözelligiň nusgasy sen, Aşgabat! (Oda)

Ýaz pursady

Başyň aýlap beýhuş edýän bir pursat,Gülüň ysy gelýär säher ýelinden.Görki ýugrulypdyr mähire, söýgä,Seredip doýma ýok gunça-gülünden. Goja daglaň duman gitmez başyndan,Bu Nowruzyň ak garlary egninde.Bahar ýeli aýlanandan daşyndan,Garlar çeşme bolup akar egninden.

Bahar gelipdir

Alaja ümürdenÝaşmak tutunyp,Uzak gözýetimOtyr bukulyp. Çygly çybykdaÝaryp gül, pyntyk, Agaçlar juwanBaşlary dim-dik.

Aşgabat

Men seni söýýärin, gözel paýtagtym,Ak şäherim, ak säherim Aşgabat.Röwşen geljegimsiň hem-de ak bagtym,Gözelligiň nusgasy sen, Aşgabat!Ýürekleriň ylhamy sen, Aşgabat! Belent binalara beslenip bu gün,Aziýaň merjeni — göwher Aşgabat.Waspyňa gazallar joşýar bu göwün, Gözelligiň nusgasy sen, Aşgabat!Ýürekleriň ylhamy sen, Aşgabat!

Eziz Diýara buýsanç

Diýarym gözeldir bahar çaglarda,Läle-reýhan güllerine togap et.Duman alan, ýagmyr ýagan daglarda,Daşyp gelen sillerine togap et. Tükeniksiz Hazar deňziň baýlygy,Derde derman bekre, takgaz balygy.Awazaň kenary şypa barlygy,Syýahatçy illeriňe togap et.

Alp attila

Ömür beýany (Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda) Oba­nyň or­ta­syn­da­ky edil Mon­juk ha­nyň­ka meň­ze­di­lip agaç­dan gu­ru­lan ja­ýyň gi­rel­ge­sin­de de­rek boý­ly, owa­dan aýal in­ti­zar bo­lup du­ran eken. At­ti­la atyn­dan dü­şüp, onuň ýa­ny­na yl­gap bar­dy-da, onuň iki eli­ni alyp öp­di, soň­ra maň­la­ýy­na syl­dy. Duý­gu­la­nan ze­nan ýi­gi­di bag­ry­na ba­syp, onuň giň maň­la­ýyn­dan öpdi. Bu At­ti­la­nyň eje­si (hiç kim oňa «eje­li­gi» di­ýip bil­me­se ge­rek) Dag­dan­dy.

Şahyryň «Durnalary» — öz durnalarymyz

Bu makalamyzy şeýle atlandyrmagymyzyň özüne ýeterlik sebäbi bar. Şol sebäp bizi şahyr Gurbannazar Ezizowyň edebiýata gadam basan talyplyk döwrüne we onuň yz ýanyndaky ýyllara alyp gidýär. Gurbannazar Ezizowyň goşgulary ol ýyllarda Günbatar edebiýatyna başy bilen berlen, milliligi we edebi däpleri pitiwa etmeýän, hatda türkmen nusgawy edebiýatyndan we halk döredijiliginden habarsyz ýa-da az habarly şahyr hökmünde duýulýardy. «Iki gep — bir jady» diýleni. Ol gepleriň talyp aňymyzy garyşdyryp, «Dogrudan-da, şeýle bolaýmasyn?» diýip, aram-aram oýa batanymyzy gizläp oturmalyň. Çünki nusgawy edebiýat, halk döredijiligi, edebi däpler ýaly düşünjeler milli şygryýetiň jan damary ahyryn. Emma bu düşünjeleriň düýp manysyna Gurbannazar talyplyk ýyllarynda oňat düşünipdir, biz welin «millilik», «edebi däpler» diýlen ýaly düşünjeleriň «basmagalyp» (trafaret), öňden gelýän edebi uslyby başgarak bir usulda gaýtalamak däldigine, onuň döwür bilen aýakdaş hereket edýän taryhy hadysadygyna, olaryň aňyrsynda baslygyp ýatan hazynalaryň bardygyna we ony açmak arkaly milliligi baýlaşdyryp boljakdygyna soň-soňlar — Gurbannazar «ýaş şahyrlygyny» «şahyr» diýlen mynasyp dereje bilen çalşandan soňra düşünip galdyk. Onuň şahyrçylyk şöhratyna bolsa «Men size barýan» ýaly goşgulary binýat bolup hyzmat edipdi. Aslynda, şygryýetde millilik ýa-da milli sypat näme? Bu sowal keltejik düşündirişe kanagat edip bil

Türkmen edebiýatyny öwrenen alym

Aka­de­mik Baý­mu­ham­met Gar­ry­ýe­wiň «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byn­da şeý­le se­tir­ler bar: «Ka­zan we Pe­ter­burg uni­wer­si­tet­le­ri­niň pro­fes­so­ry I. N. Be­re­zin «Tur­kes­tans­ka­ýa hres­to­ma­ti­ýa» at­ly üç tom­luk ki­ta­by­nyň II to­mun­da 1862-nji ýyl­da beý­le­ki eser­ler­den baş­ga, Mag­tym­gu­ly­nyň bir goş­gu­sy­ny türk­men di­lin­de arap har­py bi­len çap­dan çy­ka­ryp­dyr». «Mag­ru­py­nyň «Bel­li­dir» şyg­ry Ka­zan uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry I. N. Be­re­zi­niň «Tur­kes­tans­ka­ýa hres­to­ma­ti­ýa» (1862) ki­ta­by­na gi­ri­zi­lip­dir» diý­lip, «Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň ta­ry­hyn­da» gör­ke­zil­ýär..

Çarwa nowruzynyň taryhy kökleri

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgi-sarpasyny has-da artdyrdy. Türkmen halkynyň däp-dessurlary, yrym-ynançlary, milli gymmatlyklary nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize çenli gelip ýetdi. Bu ýörelge ýaş nesliň kalbynda ata Watana, ene topraga, onuň taryhyna, diline, milli däp-dessurlaryna, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmagy özüne sapak edinmekden başlanýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Dürdäne halk döredijiligimizde, gadymy rowaýatlarymyzda, şirin aýdym-sazlarymyzda, amaly-haşam sungatymyzda Nowruz pelsepesiniň öz hakyky beýanyny tapmagy halkymyzyň bu baýramyň mazmunyny asyrlar boýy baýlaşdyryp gelýändigine hem-de mizemez däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny ebedi saklamak nesillerimiziň öňündäki mukaddes borçdur» diýip belleýär. Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryndan söz açylanda, ajaýyp baýramlary barada aýdyp geçmek hökmanydyr. Şol baýramlaryň arasynda türkmen halkynyň Milli bahar baýramy-da özboluşly orun eýeleýär. Türkmen halkynyň bu baýramy belleýşi taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar.

Gyzym — gyzylly halka

Türkmen halkymyz baý edebi mirasa eýedir. Atalarymyzyň döreden gymmatly ruhy baýlygynda milletimiziň mukaddes ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, ahlak kadalary, terbiýeçilik tärleri aň-paýhasyň tämiz sözlügi bilen öz beýanyny tapypdyr. Gelin-gyzlaryň ahlak päkligini, el işlerine ussatlygyny, olaryň il içindäki at-abraýynyň belentde saklanylmagyny beýan edýän edebi hazynamyzyň terbiýeçilik gymmaty egsilmezdir. Halkymyzyň döreden nakyllaryny okanyňda, muňa has aýdyň göz ýetirip bilýäris. Nakyllar halk döredijilik eserleriniň iň bir gadymy görnüşi hasaplanylýar. Şu ýerde bu gymmatly edebi mirasymyzyň nazary esaslary hakynda hem durup geçmek ýerlikli bolsa gerek. Nakyl sözüniň özi hekaýa etmek, hakykaty aýtmak, sözlemek diýen manylary aňladýan, taryhy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan çeper görnüşli, çuň manyly edebi eserdir. Olaryň daşky göwrümi kiçi bolup, aňladýan manysy çuň hem täsirli, paýhas ýüki ýeten, durmuşyň dürli ugurlarynda ýol görkezýän akylnamadyr. Şonuň üçin olaryň terbiýeçilik tarapy öňe saýlanýar. Ynsanyň aň kämilligini, akyl ýetiriş ukybyny artdyrýan bu paýhasnamalarda öňe sürülýän pikirler özüniň çeperçilik güýji, ruhy ahwallary tämizleýiş kuwwaty bilen hiç bir döwürde hem ähmiýetini ýitirmeýär, gymmatyny gaçyrmaýar.

Sen-sen söwerim, ha ynan, ha ynanma!

Halk pähiminde «Bar zatdan süýji-de dil, ajy-da dil» diýilýär. Ajy dil daşrakda dursun, biz bu gün süýji söz hakda, onda-da süýjüliginden ýaňa diliňi kesip barýan şirin dil hakda söhbet etmekçi. Sebäbi gujagyny al-elwan güllerden dolduryp gelen bahar paslyna — gül meňizli gözelleriň şanyna toý tutulýan mübärek aýlara diňe süýji söz­ler ýaraşýar. Bu — hemişe şeýle bolupdyr. Gadymy dünýäniň ähli döwürlerinde-de her ýyl bütin tebigata täzeden jan berýän, goja ýaşly, juwan keşpli ýaz gelende söz ussatlary aýratyn joşgun bilen galama ýapyşypdyrlar, sözleriň iň süýjülerinden çemen bogup, gözelligiň nusgasy, şahyr ýürekleriň ylham çeşmesi bolan gyz-gelinlere bagyşlapdyrlar. Şeýdibem asyrlar aşyp, heňňamlar dolansa-da könelmeýän, haýsy döwürde okalsa-da, ynsan kalbyndaky näzikden-nepis duýgulary joşdurýan ölmez-ýitmez eserlerini döredipdirler. Söz mülküne aralaşmakçy bolýan Hakdan halatly şahyrymyz Möwlana Lutfy hem bahar joşguny bilen döreden eserlerine — päk söýginiň, ynsan gözelliginiň waspyny Arşy-agla ýetiren şygryýetine hut şeýle baha beripdir: «Ki datgan — til halawatdan (süýjülikden) diline (dilinsin)!» Gadymy Horasanyň saýrak bilbili, XIV—XV asyrlarda ýaşan türkmen şahyry Möwlana Lutfy özüniň «Gül we Nowruz» poemasynyň ýazylyş taryhy barada eseriň başynda: «Sebäbi nezmi kitap» diýen bölüminde şeýle maglumat berýär. Akly-gyzylly güller pajarlap açylýan «gül paslynyň» ajaýyp gü

Elinden gelen gül eýlär

Biz çagakak ejemizden, enemizden iň köp eşiden pähimlerimiziň biri-de «Elinden gelen gül eýlär» nakyly bolupdy. Orta mekdepde okaýan döwrümiz zähmet sapaklarynda mugallymlarymyzam bu atalar sözüni köp gaýtalap, aňymyza guýupdylar. Özüm tikin-çatyn işleri bilen birlikde, kitap okamagy-da söýemsoň, bu nakylyň manysyny özümçe has giňeldip kabul edipdim. Şonuň üçinem, menem ýaşlykdan hem el işleri bilen bagly hünärleri öwrenmeli, hem köp okamaly, söýgüli käriň eýesi bolmaly diýen ýörelgä eýerdim. Türkmen gyzlaryna ýaşlykdan öwredilýän el işleri, dokma işleri ene-mamalarymyzyň bize miras galdyran nusgalyk senedidir. Keşde bejermek, gaýma gaýamak, milli egin-eşikleri biçmek we tikmek, halydyr palas dokamak, tarada keteni dokamak ýaly işler türkmen gyz-gelinleriniň kämillik derejä ýetiren hünärleridir. Bu günki gün milli hünärlerimize uly üns berilýär.

«Teşnit» halk aýdymyndaky sanawaçlar

Türkmen halk döredijiligi eserleri halkymyzyň hakydasynda galan edebi-ruhy dürdänelerdir. Bu eserler şahyrana, kyssa we kyssawy şahyrana toparlara degişli bolan birnäçe žanrlardan we görnüşlerden ybaratdyr. Çuň many-mazmunly, nesil terbiýesinde ýokary ähmiýetli bu edebi eserleri halkymyzyň her bir wekili ýadynda saklap, kämilleşdirip, geljek nesillere ýetiripdir. Şeýdip, adaty halk köpçüliginiň kömegi bilen türkmen halk döredijiligi eserlerimiziň ýaşaýşy ebedileşdirilipdir. Halkymyzyň hakydasynda ebedileşen halk döredijiligi eserlerimiziň gündelik durmuşymyzda ýygy-ýygydan duş gelýän görnüşleriniň biri-de, şahyrana topara degişlilikde öwrenilýän aýdymlar žanrydyr. Bu žanra halk dessanlaryndan we şadessanlaryndan alnan, şeýle hem awtory näbelli bolan halk aýdymlary degişli edilýär. Aýdymlar žanryna degişlilikde öwrenilýän aýdymlardan, şeýle hem ýazary belli bolan beýleki şadessanlardan we dessanlardan, nusgawy şahyrlaryň döredijiliginden alynýan käbir tirme aýdymlaryndan soň, bagşylar tarapyndan labza goşup goşgy setirleri sanalýar. Olar halk döredijiliginiň dilinde «aýdym sanawaçlary», bagşylaryň dilinde «halk sözi» diýip atlandyrylýar.

Göwnümiň hoşy

Durmuş pursatlary Nartäç eje adamsyndan ir galan bolsa-da, durmuşda, işde ejizlemän, ýalňyz perzendi Beglini ösdürip-ulaldyp, adam edip ýetişdirdi. Ogluny gyzlaryň içinden saýlap-seçen gyzyna — Güljerene öýerip, toý tutdy. On bir ýylyň içinde dört agtyk söýüp, arzuwyna ýetdi.

Goşgular çemeni

Gahryman Arkadagymyz Başymyzyň berk penasy,Dillerimiziň senasy,Türkmeniň beýgi, danasy,Gahryman Arkadagymyz,Mähriban Arkadagymyz.

Parahatçylygyň binýady (Hekaýa)

Täze jaýa göçmek nähili uly bagt. «Ýurt garşy alsyn!» diýen sözleri eşitmegiň özi-de göwnüňde öý-ojagyň yssy mährini alawladýar. Öýli-işikli bolanymdan soň, kakam-ejem, doganlarym bilen bile ýaşalanda, aşhanadaky biş-düşlükde sessiz nobata durmaly bolýardy. Ejem işden gelen doganyma aýratyn nahar bişirip goýýardy. Işi çalşykly bolansoň, nahar-owkadam şoňa laýyk taýýarlanylýardy. Käte gyssagly ýuwnup-ardynyp, bir ýere gitmeli bolsa, kiçijek hammamy doganlarymyň biriniň eýeleýän wagty seýrek bolmaýardy. Gelnim geýimlerimi ütüklemeli bolanda, gyz doganlarymyň biri ütük edilýän ýörite stolda arkaýyn geýimlerini ütükläp durandyr. Onsoň onuň göwnüne degmejek bolup: «Aý, bolýar-da, öňküje geýimim bilen oňaýaýyn-la» diýip, sozanguýruk bolup öýden çykyp gidýän. Ýöne muny aýtmak bilen men-de, gelnim-de ýaşaýşymyzdan närazy däl. Bize agzybir ýaşamagy kakamdyr ejem çagalygymyzdan baş terbiýe gönezligi edip gursagymyza guýupdy. «Maşgala näçe agzybir bolsa, öýde döwlet, bereket-rysgal-da şonça artyk bolýar». Ine, şu sözler biziň herimiziň gursagymyza mäkäm guýlupdy, biz bolsa agzybirligimizi her bir pursatda edil kanun ýaly berk düzgünde alyp barýardyk. Ynha, indi iş ýerimden nobatym ýetip, ýaş hünärmen hökmünde täze jaý berilýändiginiň hoş habary diňe bir meni däl, gelnimi-de diýseň şatlandyrdy. Türkmenler ogul öýermekden soň, olary täze öýe göçürmekden hem uly lezzet alypdyrlar. Neneň şeýl