Parahatçylygyň binýady (Hekaýa)

15 Mart 2021
734

Täze jaýa göçmek nähili uly bagt. «Ýurt garşy alsyn!» diýen sözleri eşitmegiň özi-de göwnüňde öý-ojagyň yssy mährini alawladýar. Öýli-işikli bolanymdan soň, kakam-ejem, doganlarym bilen bile ýaşalanda, aşhanadaky biş-düşlükde sessiz nobata durmaly bolýardy. Ejem işden gelen doganyma aýratyn nahar bişirip goýýardy. Işi çalşykly bolansoň, nahar-owkadam şoňa laýyk taýýarlanylýardy. Käte gyssagly ýuwnup-ardynyp, bir ýere gitmeli bolsa, kiçijek hammamy doganlarymyň biriniň eýeleýän wagty seýrek bolmaýardy. Gelnim geýimlerimi ütüklemeli bolanda, gyz doganlarymyň biri ütük edilýän ýörite stolda arkaýyn geýimlerini ütükläp durandyr. Onsoň onuň göwnüne degmejek bolup: «Aý, bolýar-da, öňküje geýimim bilen oňaýaýyn-la» diýip, sozanguýruk bolup öýden çykyp gidýän. Ýöne muny aýtmak bilen men-de, gelnim-de ýaşaýşymyzdan närazy däl. Bize agzybir ýaşamagy kakamdyr ejem çagalygymyzdan baş terbiýe gönezligi edip gursagymyza guýupdy. «Maşgala näçe agzybir bolsa, öýde döwlet, bereket-rysgal-da şonça artyk bolýar». Ine, şu sözler biziň herimiziň gursagymyza mäkäm guýlupdy, biz bolsa agzybirligimizi her bir pursatda edil kanun ýaly berk düzgünde alyp barýardyk.

Ynha, indi iş ýerimden nobatym ýetip, ýaş hünärmen hökmünde täze jaý berilýändiginiň hoş habary diňe bir meni däl, gelnimi-de diýseň şatlandyrdy. Türkmenler ogul öýermekden soň, olary täze öýe göçürmekden hem uly lezzet alypdyrlar. Neneň şeýle bolmasyn! Täze öý-ojak döredip, täze maşgalanyň rysgalyny aýyrmak ata-ene üçin döwletlilik bilen birlikde, borjuny boýnundan aýyrmak ahyryn. Gelnim Aýsenem bilen ikimiziň şatlygymyza doganlarym-da şatlandylar. Kakam hem gelip bizi gutlady: «Döwletli öý bolsun!».

Şöhrat MÜLKIÝEW.