"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Arkadag hem Watan (oda)

Halk üçin bagt bolup dörän Howandar, Kalplaryň çyragy, nury-röwşi Siz. Edermen, gaýratly, merdem, rehimdar, Köňülleň soltany, ýürek nagşy Siz. Russiýa, Hytaý, ABŞ, Hindistan, Eýran...Fransiýa, Italiýa...düşdi nazarňyz.Beýik işlerňize giň dünýä haýran,Hak halatly, ugrunadyr edenňiz.

Ýazyň bilen, ýaýlaň bilen, Arkadag!

Pasyllar soltany ýazyň ýazylganlygyna, ýaýrawlygyna, ýaraşyklygyna geljek zat barmy?! Ýok. Ol sözsüz düşnüklidir. Wagt dört paslyň hersine gününi paýlaýanam bolsa, näme üçindir adam ömürboýy ýaza garaşyp ýaşaýar. Diýmek, parhy duýulýandyr reýhanalygyň, lälezarlygyň. Şonda diňe dag, depe, düzler bezenenok, älem-jahan bezenýär. Ynsanyň galkynyşy, ganatlanyşy has-da başgaça bolýandyr o möwritde.

Nowruzda

Ene ýeri mes edip, ak çabgalaň ýagyşy,Topraga derman bolup, ýagyş suwlaň eňişi,Keýpiçag ak bulutlaň ýagyp-ýagyp diňişi,Gün çykar, älemgoşar nurlanýandyr Nowruzda. Togsan dolup, giň meýdan Gün nuruna geriner,Ýaşyl maýsa ýaraşyk çyg damjalar güreler,Mahmal donly baýyrlar toý lybasa bürener,Pyntyk ýaryp şahalar joş urýandyr Nowruzda.

Desterhan (hekaýa)

Oýlanyp otursam, ondan bäri är ömri geçäýen eken. Süýji ýatlamalara berlen çagym törde duran gyzyl sandygy açyp, içindäkileri ýeke-ýekeden elden geçirmek, geçeni ýatlap, ýatlamalara çümmek meniň üçin endige öwrülipdi. Bu gezek ýanyna barsam-da, ony açmaga birbada bognum ysmady. Sebäbi sandykda süýji ýatlamalar bilen birlikde ýüregimi tolgundyrýanlaram bardy. Esli salymdan soň, sandygy açdym. Guşuň kölegesinde oturan ýaly bolup geçip gidýän ynsan ömrüni yzarlanyňda, onuň ýatda galan süýji pursatlary aýratyn ylham bolup kalba dolýar. Bu gezegem şeýle boldy. Sandygyň içindäki zatlar, ylla üstünden ýyllar aşmadyk ýaly öwşün atýardylar. Käbiri epin tutup gidipdir. Eliňden typyp duran atlaz matany synlanymda, onuň sowgat edilen pursaty gözümiň öňünde janlanyp gitdi. Ynha-da, toýumyzda talyp deň-duşlarymyzyň beren sowgady. Ýüpek desterhanyň gyrasyna aýlanan «käbe ýoly» nagşynyň egrem-bugram keşdeleri geçip giden pursatlary yzarlaýan ýalydy. El bilen çekilen öwrüm-öwrüm keşdeler aňyňy-pikiriňi alyslara alyp gidýärdi.

Ýagşylygyň jogaby (nowella)

Şady çopanyň ädikleriniň astyndan syçraýan toprak, guşlugözüň däneleri ýaly pytrap gidýärdi, maňlaýyndan syrygýan der ýaňaklarynyň üstünden ýol salýardy. Ondan galman gelýän alabaýlar kä öňe geçip, kä deňine gelip ýüzin salýardylar. Gözleri welin gurtlaryň yzlaryndan sowlarman däldi. Çopan birden säginip, töweregine ser saldy. Şonda ol sürüden gaty daşa gidendigine düşündi. Olar bir depäniň eteginde saklandylar. Şady çopan bu alaňyň kesek atym aňyrsynda daglara direnip duran baýyrlygyň başlanýandygyny bilýärdi. Börüler baýyrlyga, daglyga siňensoň, olary tapyp bolmaýandygyndan hem habarlydy. Onuň sürüsinden şu çaka çenli bir ýyrtyjy-da mal sogrup almandy. Bu gün welin... Gije ýarymdan agan dessine, «daňa derek men geldim» diýýän ýaly, ýyldyzlaryň ýagtysyna çalaryp görünýän börüleriň gündogardan çykan sesleri, çopan goşunyň janly-jandarlaryny, golundan dartylan ýaly aýaga galdyrdy. Alabaýlar topar bolup sesiň gelen tarapyna eňdiler. Şol arada Şady çopanyň:

Syryň dessan eýläp, paşa düşüp sen...

(Magtymguly Pyraga bagyşlanan dessan hakynda) * * *

Edebiýatda bahar paslynyň şöhlelenişi

Gündogar we türkmen edebiýatynda diliň çeperçilik serişdeleri giňden ulanylýar. Ýaz, tomus, güýz hem-de gyş pasyllarynyň atlary çeper edebiýatda asyl we göçme manyda duş gelýär. Türkmen halky geçmişde hijri-kamary, şemsi, ýyldyz — çarwa senenamalaryny peýdalanypdyr. Muny halk döredijilik eserleri, nusgawy şahyrlaryň döredijiligindäki sene maglumatlary aýdyň görkezýär. Biziň günlerimizde edebi mirasymyzda ýaz hem gyş paslynyň atlary işjeň ulanylýar.

Şygryýet bossany

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany Uýýas Arkadagyň paýhas-pendine,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.Eçilýär rysgalyn oba-kendine,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Şygryýet bossany

Arkadagly watanda Nesibäm bu, beýik Taňryň peşgeşi,Goýnuňda doguldym, gördüm eşreti,Hut sensiň kalbymyň ylham çeşmesi,Bagtyýar biz Arkadagly Watanda.

Şygryýet bossany

Watan Ähli zady ýerbe-ýer — Sahawatly, seýranly,Ata-baba mekanym —                                      imanymdyr bu Watan.Siňe baksam ýatladyp dur käbäm bilen kyblamy,Ata Watan, ene toprak diýýänimdir bu Watan.

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde Arkadag paýhasy dünýä ýaýyldyGaraşsyzlyk ýyllarynyň içinde.Taryh altyn harplar bilen ýazyldyGaraşsyzlyk ýyllarynyň içinde.

Şygryýet bossany

Ýitmek üçin gelinmeýär Men bir yşkymyň ýesiri, hiç kimsäge ýok gargyşym,Artyk şatlyk, gussamam ýok, goşgulam ýalňyz syrdaşym,Eser ýazýas, ýöne welin, goly galamly gardaşym,Şygryýetiň dünýäsine gitmek üçin gelinmeýär.

Şygryýet bossany

Bagtymyzyň binýady Arzuwydyr atalaryň ezeli,Garaşsyzlyk bagtymyzyň binýady.Ýaşyl Baýdagymyz parlar ebedi,Mähriban halkymyň şany-şöhraty,Garaşsyzlyk bagtymyzyň binýady.

Ýylgaý DURDYÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy

GOŞA BAHAR GELSE... Sahawatly ýerim, eziz höwürtgäm,Uzak ýaşar suwuňdan bir owurtlan,Säher bilen seň howaňy ýuwudýan,Jemalyňa dünýäň geň galan wagty.

Tüýtätinler

Irki döwürde Nowruzda ýazlaga çykan gelin-gyzlar, ýaş ýigitler döwre gurap tans edip, tüýtätin aýdypdyrlar. Ýaşajyk oglan-gyzlar bolsa elleri torbaly öýme-öý aýlanyp, tüýtätin sanawajyny aýdypdyrlar. Her baran öýi çagalara öňünden taýýarlanyp goýlan künjüli gowurga, patrak, gurt, igde, kak, sök, guradylan önümler beripdirler. Şonda çagalar özlerine düşen zatlary deň paýlaşyp iýipdirler. Bu edil ýaremezan bentleriniň aýdylyşyny ýatladýar. Şonuň üçin hem, tüýtätin bentleri TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda gabat gelýän hem bolsa, häzirki döwre çenli ýaremezan bentleriniň arasynda öwrenilýär. Emma bularyň arasynda uly tapawut bardyr. Bu bentler ýaz aýlarynda, halk köpçüliginiň ekişe taýýarlanýan döwürlerinde edil ýaremezanlaryň aýdylyşy ýaly, ýöne Alladan ýagmyr dilemek maksady bilen aýdylan dileg aýdymlarydyr. Bu bentler ylmy taýdan derňelip görlende, halkymyzyň söze çeperliginden, öz ýaşaýyş-durmuşynda gabat gelen ähli zatlar barada söhbet açyp, jadyly söz arkaly geljekki nesillerine ýetirmek islänliginden habar berýär. Tüýtätin aýtmak dessury, käbir ýerlerde (Tejen etraby, muňa institutyň hazynasynda saklanylýan bukjalarda gabat gelindi. — G.Y.) «çemçe gelin» dessury diýlip hem atlandyrylypdyr. «Gurakçylyk dowam edende ýagyş ýagmagyny islän çarwa aýallar we gyzlar Nowruzda bir ýere üýşüpdirler. Aýallaryň biri yrym ed

Durmuş düwünçeginden

Ynama girseň, üç bükdürilip işilen, towy ýeten berk ýüp ýaly bolarsyň. Ynamdan gaçsaň, tüweleý tozadan peşmege öwrülersiň. *  *  *

Gara Seýitliýew

Daň şemaly Daň şemaly öper, oýnar zülpüňi,Men oýnasam: — Sen oýnama — diýýärsiň.Daň şemaly topar oýnar zülpüňi,Taryn öpsem: — Sen aýnama — diýýärsiň.

Duýguly dünýä

MART GELSE... 1

Şygryýet bossany

DIÝME Sataşamda has haýdasa ädimim,Mähribanym: «Biraz eglen, dur!» diýme.Gözgyny pursada aglasa asman,«Bu ýagyş däl, Zemin üçin nur!» diýme.

Şygryýet çemeni

KÄBÄM Dünýä gelip,Gözüm açyp,Gujagyňa doldum, käbäm!Ýylgyrsam ýüregiň giňäp,Aglamda gyýyldyň, käbäm!Ençe gardan-ýagyşlardan,Sowuk sözden, bakyşlardanGoradyň bir pursat durman,Şol günler dolansa, arman...Uzakda galypdyr ýyllar,Ýöne her niçigem bolsa,Ençe ýol geçenem bolsa,Ýatlamalar kalby ýyldar.