Ýagşylygyň jogaby (nowella)

18 Mart 2021
1477

Şady çopanyň ädikleriniň astyndan syçraýan toprak, guşlugözüň däneleri ýaly pytrap gidýärdi, maňlaýyndan syrygýan der ýaňaklarynyň üstünden ýol salýardy. Ondan galman gelýän alabaýlar kä öňe geçip, kä deňine gelip ýüzin salýardylar. Gözleri welin gurtlaryň yzlaryndan sowlarman däldi. Çopan birden säginip, töweregine ser saldy. Şonda ol sürüden gaty daşa gidendigine düşündi. Olar bir depäniň eteginde saklandylar. Şady çopan bu alaňyň kesek atym aňyrsynda daglara direnip duran baýyrlygyň başlanýandygyny bilýärdi. Börüler baýyrlyga, daglyga siňensoň, olary tapyp bolmaýandygyndan hem habarlydy. Onuň sürüsinden şu çaka çenli bir ýyrtyjy-da mal sogrup almandy. Bu gün welin...

Gije ýarymdan agan dessine, «daňa derek men geldim» diýýän ýaly, ýyldyzlaryň ýagtysyna çalaryp görünýän börüleriň gündogardan çykan sesleri, çopan goşunyň janly-jandarlaryny, golundan dartylan ýaly aýaga galdyrdy. Alabaýlar topar bolup sesiň gelen tarapyna eňdiler. Şol arada Şady çopanyň:

Orazberdi ÄREKOW.