Şahyryň döredijiliginde sahawatlylyk
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy halkymyzyň durmuş pelsepesiniň, umumadamzat düşünjeleriniň, ahlak kadalarynyň özboluşly beýany bolmak bilen, gymmaty egsilmez hazynadyr. Akyldaryň döredijiligi ynsany hemmetaraplaýyn kämil terbiýelemäge gönükdirilendir. Şunda jemgyýete peýda getirýän işleriň waspyna uly orun berlipdir. Beýik şahyr ynsanyň iň gowy ahlak sypatlaryny orta çykaryp, onuň häsiýetlerinde mertlik, watançylyk, söweşjeňlik, ar-namyslylyk, pähim-paýhaslylyk, giň göwrümlilik, ýiti sözlülik, wehimlilik, ýoldaşa wepalylyk, ygrarlylyk, myhmansöýerlik, jomartlyk ýaly türkmeniň ajaýyp milli häsiýetlerini täzeden görkezipdir. Halkymyzyň ynam-ygtykadyna berk ornan sahylyk hem Magtymguly Pyragynyň iň köp üns beren düşünjeleriniň biridir. Ozal hem akyldarlaryň birinden rysgal näme diýip soranlarynda, ol: «Rysgal diňe bir maddy baýlyk däl, irden parahat oýanmak hem rysgal, gowy bir ýanýoldaş, perzent hem rysgal, güler ýüz hem rysgal, gowy bir goňşy hem rysgal, howadan nepes alyp bilmek hem rysgal, umuman, daş-töweregiň, tebigat hem rysgal...» diýip, jogap beripdir. Edil şonuň ýaly, Magtymguly Pyragy üçin sahylyk hem giň düşünjäni aňladýar. Akyldaryň döredijiliginde sahylyk adamyň göwün baýlygy bilen baglanyşyklydyr. Hakyky manysynda eliňde bar bolan zadyňy eçilmek, paýlaşmakdyr. Ýagny giň düşünjäni öz içine alýan sahylyk diňe bir maddy gymmatlyklary bagyş etmek bi